Goranyş Pudagynyň Milli Taslamalary 04

Milli goranyş pudagy we emeli hemralar

1035241
Goranyş Pudagynyň Milli Taslamalary 04

Türk Harb-iş kärdeşler arkalaşygynyň Bilim müdüri Tarkan Zenginiň şu günki temamyz bilen baglanşykly synyny dykgatyňyza ýetirmekçi.

Hökümetler ýurtlaryny we raýatlaryny goramak üçin goranyş pudagyna ägirt uly maýalar goýar. Dünýädäki güýç deňagramlylygynda täsirli bolmak üçin goranyş pudagyna maýa goýan esasy ýurtlaryň biri hem Türkiýedir. Türkiýe 2014-nji ýylda harby pudaga iň köp çykdajy çykaran 15 ýurdyň biri boldy. Türkiýe 2017-nji ýylda goranyş pudagyna 29 milliard lira bölüp aýyrdy. Goranyş pudagyna bölünip aýrylan bu mukdar merkeji bujetiň 4,62 göterimine barabar boldy. Türkiýe möhüm bir geografiýada ýerleşýändigi üçin sebtleýin meselelerden täsir alýar. Türkiýe şol bir wagtyň özünde PKK, PÝD/ÝPG, DEAŞ, DHKP-J we mundan başgada ençeme terror guramalaryna garşy göreş alyp barýar. Bu göreşi dowam etdirýärkä tehnologiýa üçin zerur bolan goranyş enjamlaryny we ulgamlaryny ullanmaga mejbur bolýar. Soňky ýyllarda goranyş enjamlaryny özgertmekde möhüm ädimler eden Türkiýe günsaýyn has gowy derejä ýetýär.

Goranyş senagaty pudagynda 2004-nji ýylda başladylan milli we ýerli önümçilik nusgasy bilen pudakdaky ýerlilik paýy 20 göterimden şu günki gün 65 göterime ýetdi. Bu ýerlilik derejesi uçarmansyz howa ulaglary ýaly örän strategik enjamlarda 90 göterimden hem geçdi.

Birnäçe goranyş enjamynda bolsa dünýäde öndürýän birnäçe ýurdyň biri ýagdaýyna öwrüldik. Mysal üçin uçarmansyz howa ulaglary hökmünde bilinýän enjamlary dünýäde öndürip bilýän 3 ýurdyň biri ýagdaýyndadyrys. Türkiýe uçarmansyz ulaglary tehnologiýalarynda dünýäde hem uçar platformalaryny we sistemalaryny hem-de döwrebap bombasy bilen Ýaragly uçarmansyz howa ulagy özgerdip, öndürip bilen 6 ýurdyň biri boldy. Türkiýe goranyş senagatynda diňe özüne zerur bolan zatlary öndürmeýär, Türk döwleti şol bir wagtda dost we hyzmatdaş ýurtlara öz öndürenlerini eksport edýär. Şu günki gün daşary ýurda milli gämimizi, milli dikuçarymyzy, sowutly ulaglary, harby gämileri, uçarmansyz howa ulaglaryny, howa goranyş ulgamlaryny, raketalary, harby aragatnaşyk we gözegçilik ulgamlaryny satan bir ýurt ýagdaýyndadyr Türkiýe.

Türkiýe 2002-nji ýylda takmynan 5,5 milliard dollar býujetli 66 goranyş taslamasyny durmuşa geçiren bolsa, häzirki wagtda goranyş taslamalary boýunça býujetini takmynan 11 esse artdyryp, 60 milliard dollara, goranyş taslamalarynyň sanyny bolsa 9 esse artdyryp, 600-den gowrak taslamany durmuşa geçirýän ýurt boldy. Mysal üçin Milli Pyýada tüpeňinde dowamly önümçilige geçildi. Milli Pýýada tüpeňi häzirki wagtda Türkiýäniň Ýaragly güýçleri, Žandarma güýçleri we Içeri işler edaralary bilen ýokary derejeli ýolbaşçylaryň ýakyn janpenalary tarapyndan ulanylýar. Diňe soňky 4 ýylda 46 sany Baýraktar TB2 ýaragly uçarmansyz howa ulagy terrora garşy göreş we serhetaşa operasiýalarda takmynan 60.000 sagat asmanda gözegçilik işlerini geçirdi.

Milli Emeli hemralar

Türkiýe emeli hemralar arkaly älem giňişligi boýunça tejribe gazandy. Türk inženerler tarapyndan dizaýn edilip, Türkiýede öndürilen RASAT gözegçilik emeli hemrasy 2011-nji ýylda, Göktürk-2 gözegçilik emeli hemrasy 2012-nji ýylda, Göktürk-1 gözegçilik emeli hemrasy bolsa 2016-njy ýylda älem giňişligine uçuryldy we wezipelerini üstünlikli ýagdaýda amala aşyrýar.

Bu emeli hemralaryň berýän uly peýdalarynyň biri hem Türkiýäniň Ýaragly güýçlerine we howpsyzlyk güýçlerine maglumat berip, terrora garşy operasiýalara goldaw berýär. Türkiýe bulara goşmaça ýagdaýda Emeli hemra sistema integrasiýasy we test (USET) merkezini gurdy. 2020-nji ýylda älem giňişligine uçuryljak Türkiýäniň ilkinji milli aragatnaşyk emeli hemrasy Türksat 6A bu ýerde gurulýar. Göktürk-1 emeli hemrasy ozal uçurylmalydy, emma Ysraýylyň fransuz kärhanasyna basyş etmegi sebäpli giýç uçuryldy. Göktürk-1, Göktürk-2 emeli hemrasy älem giňişligine uçurylanyndan 4 ýyl soň uçuryldy. Iň uly maksady hiç hili çäklendirme bolmadan dünýäniň üstündäki islendik ýerden harby maglumat maksady bilen ýokary hilli wideo we surat almak bolan Göktürk-1 emeli hemrasynyň kamera sistemasyny we elektronik-enjam bölümleriniň käbirlerini Ysraýyl üpjün edýärdi. Ysraýyl, Türkiýäniň bular ýaly bir tehnologik güýje eýe bolmagyny islemedigi üçin, fransuz kärhanasyna basyş edip, emeli hemranyň älem giňişligine uçurylmagyna päsgel berdi. Ysraýyl mundan başgada Göktürk-1 emeli hemrasynyň Ysraýylyň üstünden geçýän mahaly maglumat almazlygyny isledi. Türkiýe bolsa şekillerde çäklendirme bolmazlygynyň kepilligini isledi. Türkiýäniň talaby ret edileni sebäpli Türkiýe tölegini bes etdi. Türkiýäniň hökümeti enjamlary we programma üpjünçiligi türk inženerleri tarapyndan öndürilen Göktürk-2 emeli hemrasyny 2012-nji ýylda Hytaýdan uçurmagyndan soň, kärhana yza ädim etmäge mejbur galdy.

Senagat we tehnologiýa ministri Mustafa Warank Türkiýäniň Älem agentliginiň şu ýyl guruljakdygyny habar berdi. Türkiýäniň Älem agentligi ýurdumyzda alynyp barylýan emeli hemra taslamalarynyň koordinasiýasyny, bu taslamalarda işlejek adamlaryň ýetişdirilmegi, türk asrtronawt taslamasynyň başladylmagy ýaly işleri durmuşa geçirer. Senagat we tehnologiýa ministrligi 100 günlik Ýerine ýetiriljek işler programmasynda agentligiň şu ýylyň dowamynda guruljakdygyny we guramaçylyk işleriniň tamamlanjakdygyny habar berdi. Senagat we tehnologiýa ministri Mustafa Warank Türkiýäniň Älem agentligi bilen kosmos tehnologiýalar ugrynda milli derejede edilýän işleriň koordinasiýasynyň üpjün ediljekdigini we halkara gatnaşyklary alyp barjakdygyny mälim etdi. Agentligiň gurulmagy bu ugurda ediljek işleriň koordinasiýasy taýdan örän möhüm bolup durýar.

Türk Harb-iş kärdeşler arkalaşygynyň Bilim müdüri Tarkan Zenginiň şu günki temamyz bilen baglanşykly synyny dykgatyňyza ýetirdik.



Degişli Habarlar