Aktual Analiz 22

Siriýadaky dartgynlygy gowşatmak we taraplaryň arasynda barlyşygy ýola goýmak üçin döredilen Astana mehanizmi işini dowam etdirýär

984185
Aktual Analiz 22

Siriýadaky dartgynlygy gowşatmak we taraplaryň arasynda barlyşygy ýola goýmak üçin döredilen Astana mehanizmi işini dowam etdirýär. Türkiýäniň, Eýranyň we Russiýanyň hemaýatkärliginde dowam edýän tapgyryň çäginde kesgitlenen dartgynlygy azaldyjy zolaklara garşy hökümetiň, Rýssiýanyň we Eýranyň hüjümlerini dowam etdirip, olary almagyndan soň esasanda İdlib etrabynyň eýeleýän ähmiýeti hasam artdy. Idlib dartgynlygy azaldyjy beýleki zolaklara seredilende Türkiýä gönüden serhetdeş bolmagy taýdan Türkiýäniň pozisiýasyny güýçlendiriji häsýete eýe. Şeýlede hökümete degişli güýçleriň gabaw astyna alan zolaklaryndaky siriýaly oppozisionerleri Idlibe we “Ýefrat Galkany” operasiýasynyň guralan zolagyna göçürmegi Idlibi harby oppozisiýanyň merkezine öwürdi. Astana tapgyrynyň çäginde Idlib dartgynlygy azaldyjy zolagy beýleki ýerele görä tapawutlanýar. Türkiýäniň 12, Russiýanyň 10 we Eýranyň 7 gözegçiligi bolan Idlibde çaknyşyklar esasan bes edildi. Esasanda Türkiýäniň açan gözegçilik nokatlary hökümete degişli güýçleriň siriýaly oppozisionerlere garşy harby taýdan hüjüm etmeginiň öňüni aldy.

Syýasat, Ykdysadyýet we Jemgyýet Gaznasy SETA-nyň ylmy barlagçysy, ýazyjy Ahmet Ajunyň mesele boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Türkiýäniň sebitde açan gözegçilik nokatlary operatiw taýdan köp sanly kynçylygy ýany bilen alyp gelýär. Türkiýäniň öz serhedinden gönüden barma mümkinçiligine eýe bolmagy uly ýeňillik döredýän hem bolsa, Idlibdäki radikal güýçleriň we hökümetiň içalylarynyň hüjüm gurama ähtimallygy Türkiýäniň parahatçylygy üpjün etmek üçin öz üstüne alan borjuny agyrlaşdyrýar. Şeýlelikde türk ulag kerweni duran bombaly ulagyň ýarylmagy sebäpli agyr ýitgi çekipdi. Wagtal-wagtal hökümete degişli güýçler we Eýrana tabynlykdaky şaýy partizanlar tarapyndan türk esgerlerine od açyldy. Türkiýäniň Siriýadaky çaknyşyklary bes etdirmek üçin öz esgerlerini front liniýasyna ornaşdyrmagy, Türkiýäniň sebitdäki urşy duruzmak ugrundaky ygtyýarynyň iň açyk görkezijisidir.

Türkiýe bir tarapdan Astana tapgyry bilen Siriýanyň hökümetiniň we oppozisiýanyň arasyndaky urşy durzup, adam pidalarynyň öňüni alyp, taraplaryň arasyndaky gepleşikleriň we geçiş döwrüniň ýoluny açan bolsa, beýleki tarapdan Siriýadaky haosdan peýdalanýan terror guramalaryna garşy göreşini dowam etdirýär. “Ýefrat” galgany operasiýasy bilen terror guramasy DAIŞ-i serhedinden saplan Türkiýäniň iki operasiýada ýerli güýçler bilen bilelikde hereket etmegi hem Türkiýäniň sebitdäki pozisiýasyny berkidýär hem-de Türkiýäniň sebitde kolonial mantyk bilen hereket etmeýändigini görkezýär. Türkiýe terrorçylyga garşy göreşýärkä bir tarapdan hem goňşy Siriýada parahatçylygyň we asudalygyň ýola goýulmagy üçin iş alyp barýar, beýleki tarapdan bolsa öz milli howpsyzlygyny üpjün edýär. Şeýlelikde “Ýefrat Galkany” operasiýasyndan soň terror guramasy DAIŞ-iň Türkiýedäki terror hüjümleri we synanşyklary azaldy. Şonuň ýaly hem “Zeýtun Şahajygy” operasiýasy Hataýdaky we Amanos daglaryndaky terror guramasy PKK tarapyndan guralýan hüjümleri hem-de hüjüm synanşyklaryny doly ýok etdi diýsek ýalňyşmarys.

Emma Türkiýäniň terrorçylyga garşy göreşi beýleki sebitlerde dowam edýär. Yragyň içinde dowam edýän operasiýanyň ýany bilen Siriýanyň demirgazygyndaky PKK/ÝPG güýçlerine garşy berk çäre görülýär. ABŞ-nyň ÝPG bilen hyzmatdaşlyk etmekden el çekmezligi sebitdäki terroryň ortadan aýrylmagyna päsgel berýän bolsa, şol bir wagtda-da Türkiýaniň milli howpsyzlygyna wehim salýar. Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasynda ÝPG we esasanda Munbiç etrabynyň geljegi boýunça gepleşikler birnäçe wagtdan bäri dowam edýär. ABŞ Munbiçi alanda Türkiýä ÝPG-niň sebitden çekiljekdigi baradaky wadasynda durmazlygy we ÝPG-ni gorap, oňa hemaýat bermegi NATO hyzmatdaşlarynyň arasyndaky gatnaşyklary dartgynlaşdyrypdy. ABŞ-nyň ozalky döwlet Sekretary Reks Tillersonyň Türkiýä gelip, Munbiç meselesini türk kärdeşi bilen ara alyp maslahatlaşmagyndan soň iki ýurduň arasynda ylalaşyk gazanylypdy. Soň Prezident Trampyň Tillersony wezipesinden boşadyp, ýerine Maýk Pompeony bellemegi işleriň wagtlaýynça durmagyna sebäp bolupdy. Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň golaýda beren beýannamasyna laýyklykda iki ýurduň arasynda Munbiç meselesi boýunça taslama ylalaşyk gazanyldy we detallary golaýda kesgitlener. Çawuşoglynyň beýannamasyndan soň ýerli çeşmeleriň beren maglumatyna görä ÝPG terrorçylary sebitden çekilmek üçin taýarlyklara başladylar. Şeýlelikde Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasyndaky ylalaşyga laýyklykda ÝPG Munbiçden çykyp, Ýefrat deraýasynyň demirgazygyna geçer. Türkiýe bilen ABŞ sebitiň howpsyzlygyny bilelikde üpjün eder we iki ýurt bilelikde Munbijiň ýerli dolanşygyny, polis güýçlerini kesgitlär. Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasynda Munbiç meselesinde ylalaşyk gazanylýan hem bolsa Ýefrat derýasynyň gündogarynda ÝPG terrorçylarynyň bolmagy iki ýurduň arasynda Siriýa bilen bagly düşnüşmezlikleriň gutarmajakdygyny görkezýär. Emma Munbiçde Türkiýe bilen ABŞ-nyň bilelikde hereket etmegi iki NATO hyzmatdaşlygynyň arasyndaky aragatnaşygy, utgaşyklygy we ynamy güýçlendirer. Munbiç meselesinde ylalaşan iki ýurt Siriýanyň beýleki ýerleri boýunça hem ylalaşyp biler.

Syýasat, Ykdysadyýet we Jemgyýet Gaznasy SETA-nyň ylmy barlagçysy, ýazyjy Ahmet Ajunyň mesele boýunça synyny dykgatyňyza ýetirdik.



Degişli Habarlar