Global Perspektiwa 11- Çanakgala Geçilmez, Ynsanlyk Synmaz

Ankara Ýyldýrým Beýazýt Uniwersitetiniň Syýasu Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr.Kudret Bülbüliň mesele baradaky synyny dykgatyňyza ýetirýäris

929676
Global Perspektiwa 11- Çanakgala Geçilmez, Ynsanlyk Synmaz

Çanakgala Geçilmez, Ynsanlyk Synmaz

Döwletleriň taryhynda ykbalyny özgerdýän iňňän möhüm wakalar bar. Şol wakalar käte dünýä taryhyny hem özgerdip biler. 103-nji ýyly bellenilip geçilýän Çanakgala urşy hem dünýäniň ykbalyny özgerden şeýle uruşlardan biri.

Şol uruşda Stambuly basyp alyp, Osman döwletini çetleşdirmek, deňizden Rus Patyşalygyna kömek ugratmak maksatlardan diňe käbirleridi. İne şonuň üçin Britaniýa, Fransiýa, Awstraliýa, Kanada, Täze Zelandiýa, Hindistan ýaly ýurtlaryň esgerlerinden emele gelýän Hyzmatdaş döwletler ýüzlerçe müň esgeri bilen Çanakgala geldiler. Deňizden geçmek üçin bar güýçleri bilen hüjüm etdiler. Geçip bilmänden soň gury ýerden hüjüm gurap, goranyşy böwüsmäge synanşdylar. Emma garşysynda ähli tehniki ýetmezçiliklere garamazdan watanlaryny iman güýji bilen goraýan Osman goşuny bardy.

Uruş 1915-nji ýylyň fewralynda başlady we şol ýylyň dekabrynda tamamlandy. Yzda ýüzlerçe müň öli, dereksiz ýiten, ýesir, ýaraly galdy. Taryhyň belkem iň agyr pajygasy başdan geçirilipdi. Ençeme agylar düzüldi. Onsuz hem ozalky uruşlarda köp sanly esger şehit bolany üçin bu uruşda has ýaş ýetginjekler gulluga alynypdy. Şol sebäpli bu uruş “on bäşlileriň urşy” hökmünde-de atlandyrylýar. “heý on bäşli, on bäşli, tokadyň ýollary daşly, on bäşliler gelýär, gyzlaryň gözi ýaşly” aýdymy, ine şonuň aýdymy.

Şol ýyl ýurduň köp sanly liseýinden ýaşlar urşa gatnaşypdy. Galatasaraý, İzmir we meniň gutaran Soltan Abdulhamit döwründen açylan Konýa liseýiniň soňky ýylyndaky okuwçylar urşa gideni üçin uçurymy bolmandy.

Akif “Çanakgala şehitlerine” atly goşgusynda urşy we gahrymanlarymyzy şeýle tapyrlaýar:

Köne dünýä, täze dünýä, bütin adamzat kowmy,

Gaýnaýar gum kimin, tupan kimin, magşar-magşar.

Ýedi yklymy jahanyň dursa-da öňünde, Awstralýa bilen seredýän; Kanada!

Ýüzler başga, diller, deriler reňbe-reň;

Ýönekeý bir zat bar; Gorkular deň

……..

Eý, bu watan üçin jandan geçen esger!

Gökden ata-baba gelip, ogşasa şol päk alnyňdan değer.

Sen nähili beýik, ganyň halas edýär bitewiligi…

Bedriň arslanlary hem şeýle şanly bolsa gerek”

 

Uruşda resmi bellikleri bolmasa hem Osman goşunyndan 220 müň şehidiň bardygy beýan edilýär. Şol şehitler umuman liseýe, medresä ýa-da uniwersitetlere gidip bilim alýan adamlardy. Şunça bilimli adamyň şehit bolmagy soňky ýyllarda uly kynçylyklar döredipdi.

Osman goşunynyň şehitleri şol wagtky Osman serhetleriniň çäginde ýerleşýän ýa-da meýletin gatnaşandyklary üçin dürli ýurtlardan gelipdi. Şu gün Türkiýe serhetlerine degişli welaýatlarymyz bilen birlikde Balkan halklaryndan, Ýakyn Gündogar halklaryndan, Kawkazdan gatnaşanlar we şehitler bar.

Men kosowaly İlýas agadan eşidenlerimi gürrüň bermek isleýärin. Onuň obasyndan hem Çanakgala urşuna köp sanly esger gatnaşypdyr. Emma uruşdan soň 3 esgerden başgasynyň ählisi şehit bolýar. Obalaryna dolanyp barýarkalar esgerler obadaşlaryna näme diýjeklerini pikir edip, alada galýarlar. Çünki şehit ýoldaşlaryna hesret bilen garaşýan gözi ýaşly eneleri, kakalary, ýarlary, söýgülileri, çagalary hossarlary bardy. Oba duýdansyz barsalar olaryň bar umydyny puja çykaryp, ham-gussalarynyň birden çarpaýa galmagyny islemeýärler. Şol sebäpli oba aýry-aýry barmakda karar kylýarlar. İlkinji esger oba baranda garaşylşy ýaly obalylar beýlekileriň nirededigini soraýar. Esger; “gelerler, gelerler” diýär. Aradan bir hepde geçenden soň başga bir esger gelýär. Ol hem hesret bilen garaşýanlara şol jogaby berýär; “Gelerler, gelerler”. Soňky esgerler hem şeýle edýär. şeýlerlikde obalylary gamly netije ýuwaş-ýuwaş taýarlaýarlar.

Çanakgala urşy aslynda imperializme garşy ejir çeken milletleriň Osman goşunynyň hatarynda gazanan ýeňişidir. Ähli tehnologik üstünliklere garamazdan sebitiň ejir çeken milletleri agzybirlik bilen imperializme ýol bermediler. Hindistan we Owganystan ýaly Günorta Aziýanyň musulmanlary hem kömegini gysganmady. Şol jähtden Çanakgala dessany adamzat üçin umydyň tymsalydyr. Şu günki günde-de global başbozarlar köp sanly sebitde şeýle basybalyjyklary amala aşyrýar. Çanakgala ejir çeken milletleriň bilelikde hereket eden halatynda imperialistleriň maksatlaryna ýetip bilmejekdigini görkezýän iň gussaly, iň bir ýatdan çykmaýan netijelerden biridir. “Böl, bölekle, dolandyr” syýasatyna garşy diňe bilelikde garşy durlup bilinjekdiginiň beýanydyr.

Ähli imperialist hüjüme garşy durmak elbet gymmatly. Şonuň bilen birlikde garşy durmagyň nähili boljakdygy, haýsy şygar bilen ediljekdigi hem möhüm. Häzirki döwürdäki imperialist hüjümlere garşy göreşilýärlä gynansagam ýigrendiriji/çetleşdiriji diskurslaryň ýüze çykýandygyny görýäris. Adamlaryň basyp alyjylaryndan ýigrenmezligi we şol diskurslary ulanmazlygy kyndyr. İne şol jähtden hem Çanakgala urşy we ondan soňky wakalar biziň üçin ýolbelet häsýetine eýe.

Awstraliýa, Täze Zelandiýa ýaly ýurtlar taryhynda beýle uruş bolmandygy üçin Çanakgala urşuna millet döretmek jähdinden hem çemeleşdiler. Emma biz çetleşdirmeýän, taryhyndaky uruşlaryň hiç haýsyndan, ýeňişinden, ýeňlişinden ýat döretmedik millet. Dünýäde millet bolmak üçin başgasyna mätäçlik duýmaýan, şol çäkde ýat bolmasa hem millet bolan seýrek milletlerden biri. Ol Çanakgala üçin hem şeýle. 250 müň şehidimize, şonça agymyza, gam-gussamyza garamazdan Çanakgaladan ýat döretmändiris. Şeýle wakalara bolan garaýyşymyzy, taryhymyzyň we medeniýetimiziň perspektiwasyny Atatürkiň anzaklar üçin aýdan sözleri diýseň gowy beýan edýär: “Uzak diýarlardan ogullaryny urşa ugradan eneler, göz ýaşyňyzy diňdiriň. Ogullaryňyz biziň bagrymyzda. Asuda uklarlar. Olar, şu toprakda jan berenden soň indi biziň oglumyz boldular.”

İmperialist hüjümlere garşy ýigrenç diskurslaryny döretmek, çetleşdirmek biziň üçin hem zyýanly. Hawa, şertler agyr. Emma şeýle wakalaryň öňünde medeniýetimiziň gymmatlyklaryna näçe laýyk bolsak, imperialist hüjüme garşy umydymyz şonça güýçli bolar. İmperialist hüjümler gysga möhletleýin üstünlikli bolsalar hem, çetleşdirmeýän, çäklendirmeýän çemeleşmäge eýe bolan halatymyzda adamzat synmaz, zulum üstün çykmaz. Bähbide esaslanýan ähli kolonializme, basyp alyjylygy legal hasaplaýan kolonial tagallalar iru-giç puja çykar.

Ankara Ýyldýrým Beýazýt Uniwersitetiniň Syýasu Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr.Kudret Bülbüliň mesele baradaky synyny dykgatyňyza ýetirdik.



Degişli Habarlar