Aktual Analiz 10

Türkiýe bilen Afrika ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady we strategik hyzmatdaşlygy

926683
Aktual Analiz 10

 

Türkiýede “köp ugurly daşary syýasat” düşünjesi Türkiýäniň Afrika kontinentinde täze başlangyçlar etmegini ýany bilen alyp geldi. Afrika syýasatynyň çäginde Türkiýe birnäçe möhüm ynsanperwer kömek işlerini amala aşyrdy, diplomatik gatnaşyklaryny ösdürdi we Afrikada strategik netijeler aldy. Türkiýäniň “kolonialist” düşünje bilen hereket etmezligi we Afrika ýurtlary bilen iki taraply bähbide esaslanýan gatnaşyk açmagy Türkiýäniň üstünliginiň esasy sebäplerinden biri. Prezident R.T.Erdoganyň Alžire, Mawritaniýa, Senegala we Mali döwletine guran saparlary Türkiýe bilen Afrika ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady we strategik hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda möhüm başlangyç bolup durýar.

Syýasat, Ykdysadyýet we Jemgyýet Gaznasy SETA-nyň ylmy barlagçysy, ýazyjy Ahmet Ajunyň mesele boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Türkiýäniň Afrika bilen edýän söwda gatnaşygynyň mukdary 15 ýylda 6 esse ýokarlap, 17,5 milliard dollara baryp ýetdi. Afrikada goýulan gönüden türk maýa goýumlary 2003-nji ýylda 100 million dollar bolan bolsa, 2017-nji ýylda 6,5 milliard dollara golaýlady. Prezident R.T.Erdoganyň soň saparlarynyň çäginde birnäçe ykdysady hyzmatdaşlyk şertnamasy baglaşyldy. Şeýlede ýurtlaryň arasyndaky söwda gatnaşygynyň ösdürilmegi boýunça maksatlar kesgitlendi. Mysal üçin Senegal bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda mukdarynyň 250 million dollara ýetmeginden soň 400 million dollarlyk täze maksat kesgitlendi.

Türkiýäniň Afrika syýasaty günbataryň kolonialist çemeleşmesiniň tersine özara bähbit garaýyşyna esaslanýar. Prezident R.T.Erdoganyň Alžire saparynyň dowamynda Alžirli žurnalist Osman döwletini göz öňünde tutup; “Türkiýe Alžiri koloniýa hökmünde görýärmi” diýip sorady. Prezidentiň şol soraga: “Eger şeýle bolan bolsady, bu soragy maňa fransuz däl, türk dilinde sorardyň” diýip jogap bermegi Türkiýäniň Afrika syýasatynyň günbataryň kolonialist düşünjesinden tapawutlydygyny görkezýär.

Türkiýäniň Afrika syýasatyndaky üstünligiň aňyrsynda durýan faktorlardan biri bolsa ynsanperwer kömek diplomatiýasy. Türkiýäniň milli girdejä görä iň köp ynsanperwer kömegini berýäň ýurt bolmagy, Türkiýäniň gumanitar daşary syýasata nähli ähmiýet berýändigini görkezýär. Açlyga, guraklyga we garyplyga garşy göreşde işjeň pozisiýa eýeleýän Türkiýe, söweşde ejir çekenlere we hassalara hem kömek berýär.

Prezident R.T.Erdoganyň aýaly Emine Erdogan Türkiýäniň ynsanperwerlik syýasatyny şeýle beýan edýär: “Guraklyk Afrikanyň ykbaly bolup biler. Emma açlykdan ölmek ykbal däl. Köpçülikleýin ýitgiler ýazgyt däl. Afrikanyň syýasy durnulylygy üçin halkara guramalaryny herekete geçirmek bilen birlikde Afrika halklarynda özüne bolan ynamy dikeltmeli.”

Türkiýäniň Afrika syýasatynyň çäginde ynsanperwer kömeklerinden daşgary esasy faktorlar bolsa Baş ştab, Ykdysadyýet ministrligi, Galkynyş ministrligi, Milli bilim ministrligi, Döwlet gaznasy, Ýaşaýyş jaý edarasy, Tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlar edarasy, Ýokary bilim karzlar we umumy ýaşaýyş jaýlar guramasy, Türk Ýarym gyzylaý jemgyýeti, Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaşlar halklar edarasy bilenÝunus Emre gaznasy ýaly guramalar möhüm pozisiýa eýeleýärler. Afrikada köp sanly taslamany iş ýüzüne geçiren türk edaradyr kärhanalaryň ýany bilen köp sanly jemgyýetçilik guramalary hem iş alyp barýarlar. Türkiýe bilen Afrika ýurtlarynyň halklarynyň arsyndaky gatnaşyklar günsaýyn ösýär.

Beýleki tarapdan ykdysady pudakda Türkiýe Afrikada esasanda gurluşyk pudagynda möhüm orun eýeleýär. Türk firmalary köp sanly Afrika ýurdunda uly göwrümli gurluşyk işlerini alyp barýarlar. R.T.Erdogan hem saparynyň çäginde türk firmalarynyň gurluşyklaryna baryp gördi.

Türkiýäniň Afrika syýasatyndaky esasy mesele FETÖ-niň mekdepleri we guramalary. Türkiýe Afrika ýurtlary bilen edýän gatnaşyklarynyň netijesinde FETÖ degişli mekdepleriň ýapylyp, Magaryf gaznasyna tabşyrylmagyny isleýär. Magaryf gaznasy Tunisde, Tanzanziýada, Sudanda, Somalide, Siýerra Leonada, Sao Tomde, Senegalda, Nigerde, Mawritaniýada, Malide, Kongo Respublikasynda, Gwineýada, Gambiýada, Çadda we Jibutide 88 mekdepde bilim berýär.

Syýasat, Ykdysadyýet we Jemgyýet Gaznasy SETA-nyň ylmy barlagçysy, ýazyjy Ahmet Ajunyň mesele boýunça synyny dykgatyňyza ýetirdik.



Degişli Habarlar