Global Perspektiwa - 10 “Parasatly Günbataryň” Hökmanlygy …

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr.Kudret Bülbüliň mesele baradaky synyny dykgatyňyza ýetirýäris

925480
Global Perspektiwa - 10 “Parasatly Günbataryň” Hökmanlygy …

Taryh ylmy, eger netije çykarylsa adamzat üçin nähili peýdaly ylymdyr. Emma gynansagam artykmaç netije çykarylmaýar. Geçmişde başdan geçirilenler, gam-gussalar, pajygalar, zulumlar nähili tiz ýatdan çykarylýar.

Wagşy Günbatardan Parasatly Günbatara Tarap

Günbatar geçen asyrda başga hiç zat däl, diňe koloniasyny giňeltmek maksady bilen taryhda başdan geçirilen ähli uruşlardan belki ähli uruşlardan has köp ölüme, gan dökülmegine, göz ýaşyna sebäp bolan iki sany jahan urşuny turuzdy. Söweşden soň ýene-de sebäp bolan şol 1-nji we 2-nji JAhan uruşlarynyň wagşylygyndan netije çykaryp, esasanda Ýewropada gymmatlyklara esaslanýan syýasatlar gönügilen tapgyra geçildi. Ýewropa Bileleşiginde ugrukdyrylan, Ýewropada hyzmatdaşlygy, bölüşmegi, azatlyklary, adam hukuklaryny, demokratiýany ileri tutýan gymmatlyklara esaslanýan syýasatlar Ýewropa hem sebite hem asudalyk getirdi.

 

Parasatly Günbatardan Wagşy Günbatara Tarap

Emma şu günki günde ýetilen sepgitde ýaňadandan howpa gönükýän dünýä tarap gönükýäris. ABŞ, Demirgazyk Koreýa we Russiýa tarapyndan berilen soňky beýannamalar hamala diýersiňiz beýleki tarapy ýok etjek himiki/ýadro bombalara kimiň has köp eýe boljakdygy, düwmä kimiň ir basjakdygy baradaky bäsleşige öwrüldi.

Günbatardaky adam hukuklary, azatlyklar, plýuralizm, dini ynanç azatlygy, tapawutly ýaşaýyşlara sarpa goýmak taýdan bolsa şertler günsaýyn agyrlaşýar. Yslam we bosgun garşydaşlygy barha ýaýbaňlanýar. Germaniýanyň İçeri işler ministrliginiň görkezijilerine görä 2017-nji ýylda Germaniýada musulmanlara garşy 950 hüjüm guraldy (http://www.spiegel.de). Bir ýylda 950 hüjüm! Gündogar, Latyn ýa-da musulman ýurtlaryndan birinde şonuň ýüzden birine barabar hristiýanlara ýa-da ýehudilere hüjüm guralan bolsady, dünýäniň nähili reaksiýa görkezjekdigini göz öňünde getiriň. Şübhesiz şeýle zatlaryň bolmagy hiç haçan islenmez. Günbatardaky çäklendirişler we hüjümler beýleki ýerler üçin görelde bolmaly däl. günbatarda musulmanlara guralýan hüjümler gynansagam Germaniýa mahsus däl. Günbatarda bolanda dymmaklyk bilen geçirilýär. Ýewropanyň we ABŞ-nyň ýakyn taryhynda tapawutly ýaşaýyşlara eýe bolanlar özlerini şeýle uly howp astynda duýmandy.

Köp sanly günbatar ýurdy ejir çekenlere, hossarsyzlara, bosgunlara berýän kömegini azaldan bolsa, FETÖ, PKK, DHPJ ýaly ýurdunda ähli jenaýaty eden, ganhor terror guramalarynyň agzalaryna, özlerine sygynmaklary üçin hamala diýersiňiz çakylyk ugradýarlar. Käbir günbatar ýurtlardan daşgary dünýäde terrorçylaryň gaçybatalgasyna öwrülen başga ýurt barmyka? Dogursy bilesim gelýär… Beýleki tarapdan günbatardaky azatlykçy, plýuralist, demokratik gatlaklaryň sussy basylýar. Azatlykçy, plýuralist, demokratik partiýalaryň däl, eýsem rasist, faşist we nasist partiýalaryň ses mukdary artýar we şol partiýalar käbir ýurtlarda häkimiýete şärik bolýarlar. İndi günbatarda sagdyn pikir az bolan, öz jemgyýetindäki tapawutlyklara wehim salýan, goňşularyna, sebitine we beýleki ýurtlara howp salýan liderler bar.

Wagşy Günbatar ýa-da taryhyň soňy…

Adamzadyň soňuny getirjek günbatar ýurtlaryndaky ýadro ýaraglarynyň, himiki bombalaryň şol radikal akymlaryň gözegçiligine geçendigini pikir edip görüň. Parahatçylyk, hyzmatdaşlyk, deňlik, adalat, azatlyk, adam hukuklaryýaly adalgalary däl, eýsem ýigrenç, çeýleşdirme, ekstremizm, ýok etmek ýaly adalgalar bilen özi ýaly pikir etmeýänleri adam ýerine hem goýmaýan fanik günbatarly liderler şol ýaraglary nähili peýdalanar? Pikir etmegiň özem elhenç. Adamy gazaplandyrýar. Ýaraglaryň 1-nji we 2-nji Jahan uruşlarynda şeýle elhenç bolmandygyna garamazdan ýüze çykaran netijesi hemmelere mälim. Şu günki ýok ediji ukyby öňünde tutulanda şol ýaraglaryň radikal akymlaryň eline geçmegi eýsem kyýamada çakylyk bolaýmasa. Käbir futuristler eýýäm “Taňrynyň elinden kyýamady almak” ýa-da “taňryny kyýamada mejbur etmek” barada makalalar ýazmaga başladylar.

Şu günki günde ýurdundaky tapawutlyklary ýok etmek üçin adam hukuklaryna, azatlyklaryna, ähliumumy gymmatlyklara garşy ähli çemeleşmeleri rowa görýänler şol “howpy” ýeňip geçenden soň köşeşermikäler? Taryh beýle diýenok. Ýehudi genosidinden soň şol düşünjä eýe bolan adamlaryň ýurtlaryny we sebitlerini nähili pajygalara alyp gidendikleri mälim.

Parasatly Günbataryň Hökmanylygy…

Günbatardaky şertleriň ýüze çykarjak howpy şeýle ýokary we ýakynka “parasatly günbataryň” hökmanlygy däl, “parasatly yslam” diskusiýalary gün tertibine getirilýär. Parasatly yslam başga makalanyň temasy. Eýsem Ýewropadaky we Amerikadaky radikallyklar hemmeleri aladalandyrýar. Şol radikallyklar diňe bir degişli ýurtlara däl, bütin dünýä wehim salýar. Şol jähtden Ýewropada merkez sag we merkez çep partiýalaryň ses mukdarynyň azalmagy, azatlykçy, plýuralist we demokratik gatlaklaryň sussunyň basylmagy diňe bir Ýewropanyň nirelere gönügip biljekdigini geçen asyrda görüpdik. Şol sebäpli ýer ýüzüniň azatlykçy we parahatçylyk söýji gatlaklar dünýä parahatçylygy üçin parasatly günbatar üçin bilelikde işleşmeli.

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr.Kudret Bülbüliň mesele baradaky synyny dykgatyňyza ýetirdik.


Etiketkalar: #Global Perspektiwa

Degişli Habarlar