TERROR GURAMASY PKK/KJK-NİŇ BİKANUN NEŞE SÖWDASYNDAKY POZİSİÝASY

Terrorizm we Onuň Neşe Söwdasyna Bolan Gatnaşygy

917845
TERROR GURAMASY PKK/KJK-NİŇ BİKANUN NEŞE  SÖWDASYNDAKY POZİSİÝASY

TERROR GURAMASY PKK/KJK-NİŇ BİKANUN NEŞE

SÖWDASYNDAKY POZİSİÝASY

 

Terrorizm we Onuň Neşe Söwdasyna Bolan Gatnaşygy

Dünýäniň sezewar bolan esasy howplaryndan biri bolan neşäniň adamzada ýetirýän zyýany günsaýyn artýar. Esasanda ýaşlar we geljek nesiller üçin uly meselelerden biri bolan neşe, şol bir wagtda söwda tarapy bilen bähbit gözlegindäki töwerekler üçin girdeji we terrozim üçin maliýe çeşmesi bolup durýar.

Soňky ýyllarda halkara guramalary tarapyndan çap edilen neşe we terror habarnamalarynda, esasanda terror guramalarynyň neşe jenaýatlaryndan girdeji gazandygy we şol girdejini ýarag, ýaşaýyş, iýmitlenme, aragatnaşyk, propoganda we beýlekileri maliýeleşdirmek üçin peýdalanýandygy baradaky maglumatlara orun berilýär. Bütindünýä Bikanun Neşe Söwdasy Baradaky Habarnamalarda dünýädäki bikanun neşe söwdasynyň mukdarynyň 320 milliard dollara barabardygy we şol mukdaryň guramaçylykly jenaýat we terror guramalarynyň maliýe çeşmesinin esasy bölegini emele getirýändigi nygtalýar. 2016-njy ýyldaky Ýewropa Neşe Habarnamasynda bolsa; ÝB-däki neşe söwdasynyň mukdarynyň 24 milliard ýewro barabardygy beýan edilýär.

Terror guramalary bilen bikanun neşe söwdagärleriniň arasynda özara bähbit gatnaşygynyň bardygyny aýtmak ýalňyş bolmasa gerek. Neşe söwdagärleri terrorçylaryň guramalaýyn dolanşyk gurluşy, ýarag üpjünçilikleri we gizlin guramalara giriş şertlerinden peýdalanýan bolsa, terror guramalary hem neşe maddasyny girdeji çeşmesi hökmünde peýdalanýar we gazanylan gara serişdäniň aklanmagynda neşe söwdagärleriniň usuldyr ukyplaryndan peýdalanýarlar. Bikanun neşe söwdasy we terroryň aýrylmasyz bölegini emele getirýädigi we bikanun neşe söwdasynyň terroryň bir görnüşli batgalygy bolandygy nygtalýar.

Terror guramalarynyň bir tarapdan bikanun neşe önümçiligi we söwdasy arkaly işlerini maliýeleşdirýändigi, beýleki tarapdan neşebentleriň artmagy sebäpli milli güýjüň adam faktorynyň zaýalanmagyna hyzmat edýändigi aç-açan görülýär.

 

PKK/KJK-niň Bikanun Neşe Söwdasy

Geçmişde we şu günki günde Türkiýä garşy iş alyp barýan guramalaryň başynda durýan PKK/KJK-niň hem bikanun neşe söwdasyndan uly girdeji gazanandygy we neşe önümçiligi bilen söwdasynyň ähli tapgyrlaryna gatnaşýandygy anyklandy. Terror guramasy PKK/KJK neşe önümçiligini we söwdasyny uzak ýyllaryň dowamynda ýurdumyzdan we dünýä jemgyýetçiliginden gizlemegiň hötdesinden gelipdi. Şonuň bilen bilelikde guramanyň ýolbaşçysy diýilýän adamlaryň ele salynyp, möhüm boýun almalar etmegi bilen soňky ýyllarda ýurdumyzda beýleki ýurtlarda terror bilen baglanşykly neşe operasiýalarynyň netijesinde terror guramasy PKK/KJK-niň neşe jenaýatlaryna goşulyşandygy milli we halkara jemgyýetçiligi tarapyndan görüldi.

Guramanyň liderleri neşe öndüriş we söwda işlerini guramanyň partizanlaryndan hem-de jemgyýetden gizlemäge synanşýar. Eýsem neşe söwdasynyň adamzat jenaýatydygyny, onuň guramanyň propoganda işlerine zarba urjakdygyny we täze tarapdarlara ýaramaz täsir ýetirjekdigini bilýärler.

Terror guramasynyň 1990-njy ýylda geçiren Ikinji Milli Maslahatynda kabul edilen “serhetlerde salgyt ýygnamak, gatnadýan harytlarynyň gymmatyna görä gaçakçylardan salgyt almak” görnüşinde karar, guramanyň irki döwürlerden bäri neşe pudagynda orun eýeleýändigiň üssi ýapyk beýanydyr.

A.Öjalan terror guramasynyň bikanun neşe söwdasy bilen bolan gatnaşygy barada 1999-njy ýylda beren düşündirişinde; “neşe söwdasyny gönüden göni etdirmän, şol iş bilen meşgullanýanlardan paç alynmagyny aýdandygy, Zagros we Maku etrabynda dogany Osman Öjalanyň degişli bolmagynda adybir ýerlere ugradylan guramanyň ýolbaşçylarynyň neşe söwdasyny edendigi, şol wakalaryň öz gözegçiliginden daşgary bolandygyny” beýan edipdi.

Terror aksiýalaryny guramak we girdeji gazanmak üçin neşe maddasyny öndürmek hem-de söwdasyny etmegi ýeňil we girdejili ýol hökmünde gören terror guramasy PKK/KJK, neşe söwdasynyň ähli tapgyrynda iş alyp barýar. Ilkiler neşe guramalaryndan işlerine göz ýummak we howpsyzlyklaryny üpjün etmek üçin paç alan gurama neşe maddasynyň söwdasyndan alynýan girdejiniň ululygyna göz ýetirenden soň gönüden göni şol işe girmegi saýlap aldy.

Bikanun neşe söwdasyna garşy göreşýän gulluklarymyz tarapyndan geçirilen operasiýalaryň netijesinde ýygnalan deliller şol analizleri goldaýjy häsýetde bolup, PKK/KJK-niň diňe bir neşe söwdasyny edýän adamlardan girdeji almak bilen çäklenmän, neşe maddasynyň söwdasynyň ähli tapgyrlarynda orun eýeländigi anyklandy. Terrorçylara garşy göreş toparlary tarapyndan PKK/KJK garşy geçirilen birnäçe operasiýada uly mukdarda neşe maddasy ele geçirilýär. 1980-2017-nji ýyllaryň aralygynda terror guramasy PKK/KJK bilen arabaglanşykly 414 narkoterror operasiýasy geçirilip, şol operasiýalarda 1,325 şübheli, onlarça müň kilogram neşe, geroin we beýleki maddasy bilen 88 million sany göknar ele salyndy. Ol hem terror guramasynyň neşe söwdasy bilen nähili eriş-argaçdygyny aç-açan görkezýär.

Terror guramasy PKK/KJK-niň;

  • Neşe ösümliklerini ekmek, öndürmek, gatnatmak we söwdasyny etmek işlerini gönüden göni utgaşdyrýandygy,
  • Neşe öndürijileri ýa-da ýurdumyzyň üstaşyr neşe maddasyny gatnadýan we bikanun getirmäge synanşýan adamlardan we guramalardan salgyt ady bilen paç alýandygy,
  • Ýewropada neşe satyjylaryna neşe maddalaryny ýetirmekde we köçe satuwlarynda güýçli pozisiýa eýeleýändigi,
  • PKK/KJK-ä habar bermezden neşe söwdasyny edýän adamlara ýa-da guramaçylykly topara degişli neşe maddalarynyň gurama tarapyndan alynýandygy,
  • Neşe öndüriji guramalary ýer bilen üpjün edip, olary goraýandygy,
  • Gündogar we Günorta-gündogar Anadoly sebitimizdäki bikanun göknar ekişine işjeň gatnaşýandygy
  • PKK/KJK-niň neşe söwdasy bilen bagly operasiýalaryny guramanyň içindäki ýörite bölümleriň alyp barýandygy we beýleki terrorçylara bu barasynda maglumat bermeýändigi

anyklandy.

Gurama bikanun göknar ekmegi iň bir girdejili iş hökmünde görýär. Esasanda Gündogar we Günorta-gündogar Anadoly sebitleriniň çetki etraplarynda göknardan öndürýän neşe maddasynyň söwdasyndan uly girdeji gazanýan gurama, ony gönüden göni guramagyň ýany bilen obalylara we sebitiň halkyna göknar ekdirýän ýa-da olary göknar ekmäge höweslendirýär, öndürilýän neşe maddasyndan paç alýar.

Terror guramasy bir döwür Liwanyň Bekaa jülgesinde ýerleşen lagerlerinde göknar we kendir ekip, açan laboratoriýalarynda neşe öndüripdi. Häzirki döwürde bolsa Demirgazyk Yrakdaky lagerlerinde we ýurdumyň serhetlerine ýakyn serhetýaka obalarynda neşe maddasyny öndürip, bazara hödürleýär. Esasanda owgan tirýegini gaýtadan işläp, öndürýän geroininiň Ýewropa bazaryna ýetirilmegine uly ähmiýet berýär. Guramanyň paç ýygnama işleriniň başynda bolsa ýurdumyzyň gündogar serhedinden neşe söwdagärleri tarapyndan getirilýän neşe maddasyndan kilogram başyna kesgitlenen nyrhlardan “salgyt” ady bilen paç almagy we bikanun neşe söwdasyny edýänlerden şantaž, ýarag zory we zamun alma ýoly bilen pul ýygnamagy durýar.

Ýurdumyz geografik ýerleleşişi taýdan neşe maddalarynyň öndürilýän ýerleri bilen şol maddalaryň sarp edilýän ýerleriniň arasynda geçelge pozisiýasyny eýeleýär. Neşe maddalarynyň dünýädäki esasy önümçilik merkezleri Owganystan, Pakistan we Eýran. Türkiýe şol ýurtlar bilen Ýewropanyň arasynda geçelge nokady we ýurdumyzyň üstünden geçýän geroin ugry “Balkan rotasy” atlandyrylýar. Terror guramasy PKK/KJK-niň guramaçylyk düzümi göz öňünde tutulanda; daşary ýurtlardaky organlarynyň Ýakyn Gündogardan Günbatar Ýewropa ýurtlaryna çenli uzap gidýändigi görülýär. Şol giň sfera “Balkan rotasyny” öz içine alýar. Neşe maddasynyň ýygy geçýän ugrunda ornaşan terror guramasy PKK/KJK, öndürýän ýa-da alýan neşe maddalaryny şol ugurdan ýeňillik bilen geçirýär.

Terror guramasy PKK/KJK neşe işlerine söwdagär we öndürijilerden paç almak bilen başlan hem bolsa, soňky döwürde neşäniň Ýewropanyň köçe bazaryny gözegçilik etmäge çenli baryp ýetdi. Gurama Ýewropada neşe maddasynyň paýlanyşyna gönüden göni gözegçilik edýär we dolandyrýar. Neşäniň ýokary girdejisi guramanyň köçe paýlanyşygyna gönükmegindäki iň esasy sebäpdir. Merkezi Britaniýada ýerleşýän “Henri Jekson Sosieti” ylmy barlag guramasy tarapyndan çap edilen “Unudulan Daşary Ýurtly Söweşijiler: Siriýadaky PKK” atly habarnamada-da PKK/KJK-niň Ýewropadaky esasy girdeji çeşmesiniň başynda neşe söwdasynyň durýandygyny we Eýrandan gelýän neşe maddasynyň Türkiýäniň üstaşyr Ýewropa getirilip, şol ýerdäki degişli adamlar arkaly paýlanýandygy beýan edilýär.

 

 

PKK/KJK-niň Bikanun Neşe Söwdasy Baradaky Halkara Guramalarynyň we Daşary Ýurtlaryň Kesgitlemeleri

Halkara çeşmelerde PKK/KJK-niň esasy girdeji çeşmelerinden biriniň bikanun neşe söwdasy bolandygy barada birnäçe netije we kesgitleme bar. BMG-niň Neşe we Jenaýat Ofisi Orta Aziýadan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan Ýewropa neşe gaçgakçylygynyň ýylda 5 milliard dollarlyk girdeji getirýändigini çaklaýar we ýewropaly howpsyzlyk analitiginiň pikiriçe şol gazanjyň ýarysy PKK/KJK gidýär.

1992-nji ýylda dünýä derejesinde geçirilen 41 sany narkotik operasiýasynyň 23 sanysynda ele salynan jenaýatkärleriň PKK/KJK bilen gatnaşykly bolandygy INTERPOL-yň belliklerinde bar we Germaniýada, Ispaniýada, Italiýada, Şweýsariýada, Fransiýada we Türkiýede 1990-njy ýyllarda geçirilen operasiýalarda tonnalarça neşe maddasy ele salynypdy. INTERPOL-yň belliklerine görä Ýewropanyň neşe bazarynyň; 1992-nji ýylda 80, 1994-nji ýylda bolsa 60-70 göterimi PKK/KJK tarapyndan gönükdirilipdir.

INTERPOL soňky ýyllarda; Germaniýada, Italiýada, Gollandiýada we Ispaniýada ýerleşýän kiçi kürt toparlarynyň neşe söwdasyny yzarlapdyr. Şol toparlaryň PKK/KJK bilen gatnaşykda bolandygy çaklanylýar. Gurama Türkiýede we Demirgazyk Yrakda neşe laboratoriýalaryny dolandyrýan topar hökmünde bilinýär. Operasiýalary goldamak üçin ýeke-ýekeden öýjükler tarapyndan neşe önümçiliginiň we söwdasynyň ýany bilen PKK/KJK Günbatar Ýewropadaky kürt neşe söwdagärlerinden hem paç alýar.

PKK/KJK-niň neşe gaçgakçylygynda Ýewropadaky şertlerinden we ukybyndan peýdalanyp, ABŞ-na hem neşe satýandygy bilinýär. Guramanyň 1996-njy ýylda bir gram geroini 350 dollardan Amerikan bazaryna ugradýandygy barada maglumatlar bar. Terror guramasy PKK/KJK-niň diňe bir Owganystandan Ýewropa getirilýän owgan geoininden ýylda 50-100 million dollar arasynda girdeji gazanýandygy halkara neşirlerde beýan edilip, şol girdejiniň jemi 1,5 milliard dollara baryp ýetýändigi çaklanylýar.

PKK/KJK-niň neşe gaçakçylygy birmeňzeş ekstremist guramalar bilen bilelikde EUROPOL-yň 2011-nji ýyldaky Terrorizm we Meýilleri (TE-SAT) habarnamasynda hem orun berilýär. Habarnamada beýan edilmegine görä PKK/KJK terrorçylykly işlerini maliýeleşdirmek üçin neşe gaçakçylygy we şoňa meňzeş guramaçylykly jenaýatlary edýär. Şonuň ýaly hem EUROPOL tarapyndan 2013-nji ýylda çap edilen “TE-SAT” habarnamasynda; Türk jenaýat habarnamalarynyň PKK/KJK-niň terrorçylykly işlerini maliýeleşdirmek maksady bilen neşe söwdasyna goşulyşandygyny görkezýändigi, guramanyň türk serhedinden geçýän neşe söwdagärlerinden alýan salgytlary arkaly pul ýygnaýandygy, şeýle-de neşäniň Türkiýäniň üstaşyr geçirilmegi, ÝB-ne ýetirilmegi, ÝB-de degişli ýerlere ýetirilmegi we satuwy bilen bagly işlerden paý alýandygy, şonuň öwezinde bolsa neşe täjirlerine PKK/KJK-niň gorag, düşnüşmezlikler üçin araçylyk goldawyny berýändigi baradaky maglumatlar bar.

NATO-nyň 2017-nji ýylda geçirilen Ykdysady maslahatyndaky habarnamasynda; “bikanun neşe senagatynyň PKK/KJK-niň iň bir girdejili kriminal işidigi, Pakistandaky neşe maddasynyň çig önümçiliginden Yrakda damjalanmagyna, köçelerde satylmagyndan Ýewropa salgytlandyrylmagyna çenli guramanyň neşe söwdasynyň ähli tapgyrynda orun eýeleýändigi” beýan edilýär.

ABŞ-nyň Neşä garşy göreş edarasynyň (DEA) habarnamasyna görä; PKK/KJK-niň neşe maddasyndan girdeji alma usuly; geroin önümçiligi, neşe täjirleriniň daşary ýurtlardan gelen harytlardan salgyt almagy we Ýewropada geroin bazarlarynyň esasy bölegine gözegçilik etmegidir. DEA-nyň ýolbaşçysy Asa Hatçinson PKK-nyň Türkiýäniň Günorta-gündogar sebitinde neşe gatnawyndan paç alýandygyny we neşe gaçakçylarynyň goralmagyny üpjün edýandigini bellik edipdi. DEA-nyň habarnamalarynda; Terror guramasy PKK/KJK türk hökümetine garşy aksiýalaryny goldamak üçin geroin önünçiliginden we bikanun söwdasyndan peýdalanýar. Adaty neşe gaçaksy maşgalalar we kontrabandalar hem işjeň” diýilýär.

ABŞ-nyň Gazna ministrligi 2009-2011-nji ýyllaryň aralygynda; Murat Karaýylany, Ali Ryza Altuny, Zübeýir Aýdary, Jemil Baýygy, Duran Kalkany, Remzi Kartaly, Sabri Oky we Adem Uzuny sanksiýa goýulan daşary ýurtly neşe gaçakçylary hökmünde yglan edip, şeýlelikde PKK/KJK-niň neşe gaçakçylygy jenaýaty halkara derejesinde tassyklanypdy.

2012-nji ýylda ABŞ-nyň Gazna ministrliginiň Daşary ýurtlykaryň emläklerine gözegçilik ofisi; Zeýneddin Geleri, Çerkez Akbulut we Ömer Boztepe atly PKK/KJK tererorçylary Ýewropadaky we esasanda Moldowadaky neşe gatnawyndan jogapkär hökmünde kesgitläp, sanksiýa goýulan neşe gaçakçylary hökmünde yglan etdi.

ABŞ-nyň döwlet sekretarlygy tarapyndan çap edilen Halkara Neşe Gözegçilik Habarnamasy 2016-nji ýyldaky sanynda Owganystandan Türkiýä çenli uzak gidýän neşe gatnawynda köp sanly kürdüň we eýranlynyň ele salynandygy, şolaryň PKK/KJK goldaw berýändikleri we 2015-nji ýylda-da köp sanly türk şäherinde hem-de Ýewropada neşe gaçakçylygyny edýän guramanyň agzalaryna operasiýa guralandygyny beýan edýär.

Britaniýanyň polşis edarasynyň we neşe maddalaryndan jogapkär Milli kriminal howpsyzlyk bölüminiň (NKİS) görkezijilerine görä PKK/KJK bütin ÝB-de satylýan geroiniň ýarysyna golaýyny gönüden guraýar. NKİS-iň beýan etmegine görä guramanyň 1988-nji ýyldaky girdejisi 85 million dollar we şonuň 44 göterimi neşe gaçakçylygyndan alynýar.

Germaniýanuň Prokuroturasy Ýewropada ele salynan neşe maddalarynyň 80 göteriminiň PKK/KJK bilen arabaglanşyklydygyny öňe sürýär. Germaniýanyň Daşary işler ministri Sigmar Gabrieliň; “Terror guramasy PKK/KJK-niň Germaniýada hem ýarag we neşe söwdasyna giňden aralaşandygyny we şol sebäpli gadagan edilendigini, PKK/KJK-niň maliýe serişdeleriniň kesilmeginiň Germaniýanyň bähbidine boljakdygyny” beýan eden 2017-nji ýylyň iýunyndaky beýanatynda-da PKK/KJK-niň neşe bilen bolan gatnaşygyny ýüze çykarýar.

Fransiýanyň Kriminologiýa İnstituty tarapyndan 1995-nji ýylda çap edilen habarnama terror guramasy PKK/KJK-niň neşe pudagyndaky pozisiýasyny görkezýär. Habarnamada gurama bilen neşe kartelleriniň arasynda “biologik, syýasy we ýerasty dünýäsi” gatnaşygynyň bardygy beýan edilýär. Şol ýyl Kürdistan Demokratik Partiýasynyň başlygy Mesud Barzani hem PKK/KJK-niň neşe gaçakçylygyny edýändigini aýdypdy.

1998-nji ýyla degişli italian Maliýe polisiniň görkezijilerine görä bolsa PKK/KJK halkara neşe söwdasyna gönüden degişli we bosgun söwdasy bilen daşary ýurtlardaky türk işewürleri bilen işçileriniň ulgamlaýyn goralmagyndan bikanun girdeji gazanýar.

Netije we Analiz

Ýokarda beýan edilenlerden hem görülşi ýaly terror guramasy PKK/KJK gönüden we aýlawly ýollardan neşe gaçakçylygyndan girdeji gazanýar. Türkiýede geçirilen köp sanly terror operasiýasynda neşe maddasy bilen bilelikde terrorçylar öli, ýaraly ýa-da sag ele salynyp, gurama degişli resminamalar tapylypdy. Şonuň bilen bilelikde hem guramanyň ýolbaşçysy we ele salynan terrorçylar düşündirişlerinde hem-de halkara guramalary ýa-da daşar ýurtlaryň habarnamalarynda guramanyň neşe söwdasyny edýändigi barada köp sanly kesgitlemä orun berilýär. Ol hem terror guramasy PKK/KJK bilen neşe söwdasynyň arasyndaky gatnaşygy aç-açan görkezýär.



Degişli Habarlar