TERÖR GURAMALARY FETÖ/PDÝ-PKK/KJK-NYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYK

Terror guramalary PKK/KJK we FETÖ/PDÝ-niň esasy maksatlary bolmasa hem biri-birine gabat gelýän maksatlarynyň bardygy bilinýän hakykatdyr

913553
TERÖR GURAMALARY FETÖ/PDÝ-PKK/KJK-NYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYK

TERÖR GURAMALARY FETÖ/PDÝ-PKK/KJK-NYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYK

Terror guramalary PKK/KJK we FETÖ/PDÝ-niň esasy maksatlary bolmasa hem biri-birine gabat gelýän maksatlarynyň bardygy bilinýän hakykatdyr. Esasanda FETÖ/PDÝ-niň 2013-nji ýylyň 17-25-nji dekabryndaky agdarlyşyk synanşyklary bilen PKK/KJK-niň 2015-nji ýylyň 22-nji iýulynda Çözgüt etabynyň başarnyksyzlyga sezewar bolmagyndan bäri “Türkiýe Respublikasynyň saýlaw bilen iş başyna gelen hökümetini kanuny ýa-da legal däl ýollardan agdarmak ugrundaky synanşyklaryň” çäginde şol bir maksada laýyk aksiýalary amala aşyrandyklary görülýär.

Şonuň bilen birlikde aşakda-da beýan edilşi ýaly 2016-njy ýylyň 15-nji iýulyndaky agdarlyşyk synanşygyndan öň we soň ýüze çykan dürli maglumatlar we berilen beýanatlar ady agzalýan guramalaryň maksat taýdan birmeňzeşlikleriniň ýany bilen ýigrenç maksatlaryny amala aşyrmak üçin aralarynda gizlin hyzmatdaşlygyň bardygyna bolan garaýyşlary güýçlendirýär.

            15-nji Iýul Agdarlyşyk Synanşygyndan Ozalky Hyzmatdaşlyk Baradaky Deliller

FETÖ/PDÝ ile PKK/KJK-niň arasyndaky ilkinji duşuşyk 2009-njy ýylda Erbilde geçirilen “Abant Platformasy” arkaly geçirilýär. Duşuşyga PKK/KJK-niň adýndan Sabri Ok, Mustafa Karasu, BDP-niň adyndan Ahmet Türk, Aýsel Tugluk, Altan Tan, BDP-niň Demirgazyk Yrakdaky wekili Jemal Joşkun, fraksiýasynyň adyndan Talip Büýük, Jemal Bulut we Yrakda işleýän žurnalistlerden biri gatnaşýar. 1,5 aý soň ýaňadandan aragatnaşyk saklanýar. Üçünji duşuşyk bolsa Ýewropanyň terror paýtagty Brýusselde geçirilýär.

A.Öjalan tarapyndan ýazylan “Imraly Bellikleri” atly kitada HDP-niň egindeş başlygy Selahattin Demirtaşyň, HDP-niň Ankaradan Halk Deputaty Syrry Süreýýa Önderiň we A. Öjalanyň arasynda geçendigi öňe sürülýän gepleşikde;

S.Demirtaş: “Geçen gezekki duşuşygymyzdaky aýdanlaryňyza ýalňyş düşündiler; Fraksiýa duşmanlyk we garşydaşlyk ýaly analiz edildi. Gelmänkä Syrry Süreýýa käbir wekilleri bilen duşuşdy. Olar hem oňa doly düşünmändiklerini, aladalanandyklaryny aýdypdyrlar.

S.S.Önder: Hawa, Emrem Dumanly bilen duşuşdym. Onuň sebäbine düşünmändiklerini, Bahoz Erdalyň Fraksiýa baradaky beýanatyndan soň aladalanandyklaryny, Ak Partiýa bilen ylalaşyp, özlerine garşy gönükme niýetleriniň bardygyny pikir edendiklerini aýtdy.

 

A.Öjalan: Bahoz Erdal beýanat beripmi? Ünsli çemeleşilmeli. Aslyna seredilende bu döwürde her birimiz aýtjak sözümize üns bermeli. Fraksiýa meselesine gelenimizdede bolsa, ol aýdyşlary ýaly däl. Biz olara Ýakyn Gündogarda demokratik hyzmatdaşlyk hem teklip etdik, şeýle dälmi? Beýle duşmançylygymyz zat bolmaz. Aýdyň, Gülene iň gowy düşünjek ýene-de mendirin. Hatda ol “Parahatçylykda haýyr bardyr” diýipdi. Menem goşulýaryn. Olam parahatçylygy goldaýar. Ýakyn Gündogarda demokratik parahatçylygy üpjün edip bileris” diýilýär.

06.04.2016 Güni Şanlyurfanyň Gubernatorlygyndan Berilen Metbugat Maglumatynda;

> Howpsyzlyk barlaglarynyň netijesinde Bahoz (K) M.E. atly PKK/KJK terrorçysynyň “kadr” atlandyrylýan ýokary derejeli ýaragly tälimli partizanyň Harran uniwersitetiniň Sosiologiýa bölüminiň 2-njy synp talyby we HÖDER-iň agzasy H.Ş atly raýat bilen Mardin welaýatynyň Kyzyltepe etrabynda guramanyň jogapkär partizanlaryna maglumat ugratjakdygy barada maglumat alynmagyndan soň H.Ş atly raýatyň 02.04.2016 güni Mardin ýolunda saklanan awtowusda ele salynandygy,

> Raýatyň agzynda ýutjak mahaly ugradylan maglumatyň alynandygy, soň Bahoz (K) M.E. barada geçirilen barlaglarda raýatyň;

* Terror guramasy PKK/KJK-de jogapkär derejede bolandygy, guramanyň adyndan geçiriljek aksiýalaryny, aksiýalar baradaky görkezmeleri we guralan aksiýalaryň habarnamalaryny kurýer arkaly ýetirendigi, janly bomba aksiýasyny gurajak mümkinçilige eýediginiň seljerilendigi,

* Terror turamasy PKK/KJK-nyň düzüminde Kurýer hökmünde iş alyp barýan H.Ş atly raýatyň ýaşaýan öýüniň terror guramasy FETÖ/PDÝ-ä degişli “Yşyk” öýi atlandyrylýan öýlerden biri bolandygynyň anyklanandygy, öýde geçirilen barlaglarda terror guramasy PKK/KJK-ä degişli 5 sany kitap bilen bilen Fetullah Gülene degişli 77 sany kitabyň tapylandygy,

* Şol öýde H.Ş. bilen birlikde H.S.-Ş.T.-S.D.-M.S.A we U.J. atly raýatlaryň bolýandygy anyklanyp, şol raýatyň saklanandygy, H.Ş-niň özüni 5-6 aý ozal M.Ý. atly raýat arkaly kod ady Ufuk bolan terror guramasy FETÖ/PDÝ-ä degişli raýat tarapyndan şol öýe ýerleşdirilendigini beýan edendigi, öýde bolýan beýleki raýatlaryň hem H.Ş-ni öýe kimiň ýerleşdirendigini bilmeýändiklerini, wagtal-watal bolýan öýlerine özleriniň “ABİ” atlandyrýan adamlary tarapyndan tanamaýan adamlarynyň getirilýändigini, gelen raýatlaryň öýlerinde birnäçe wagt ýaşandan soň gidendigini, H.Ş. atly raýatyň hem şeýle gelendigini we ony ozal tanamaýandyklaryny beýan edendikleri,

* Terror turamasy PKK/KJK-niň kurýeri bolan H.Ş. atly raýatyň terror guramasy FETÖ/PDÝ-niň birnäçe “YŞYK” öýüniň ýolbaşçysy tarapyndan “Yşyk” öýüne ýerleşdirmegi we öýde ýaşaýanlaryň ony ozaldan tanamaýandyklary hem-de şol raýaty öýe kabul edenden soň; adybir adamlaryň we; Bahoz Kod M.E. – H.Ş. –Bekir kod H.S. – N.S. – S.K. – Ş.T. – S.D. – M.S.A.- U.J. we D.M. atly raýatlaryň saklanandygy beýan edilýär.

Jurnalist Sabahattin Önkibaryň 15-nji iýul agdarlyşyk synanşygyndan bir aý töweregi ozal 08.06.2016 güni “Aýdynlyk” gazetiniň internet saýtynda çap edilen “FETÖ-ji Polis-PKK Hyzmatdaşlygy” atly makalasynda;

  • FETÖ-ji polisleriň PKK-lylara diňe bir arka durmak bilen çäklenmeýändigi, şol bir wagtda gelen maglumatlary gizläp, gyrgynçylyklaryň öňüniň alynmagyna päsgelçilik döredýändikleri, Stambulda we Ankarada yzly-yzyna bolan pajygaly hüjümleriň öňüniň alynyp bilinmezliginiň başga düşündirişiniň bolup bilmejekdigi,
  • Ak Partiýa häkimiýetiniň FETÖ garşy göreş usulynyň ýalňyşdygy, FETÖ-ji polislere we sudýalara garşy olary başga ýerlere işe bellemek bilen göreşmegiň netijeli bolmandygy, eýsem olaryň indi “Mankurt” ýagny Fetullahyň gullary bolandygy, olaryň dessine işden çykarylmaklarynyň ýurduň geljegi taýdan iňňän möhümdigi,
  • ABŞ-nyň başda durmagynda ähli Ýewropa ýurtlarynyň Taýýip Erdoganyň galamyny syndyrandygy, onuň hötdesinden gelip bilmän, demokratik ýollar ýapylandyğy üçin indi agdarlyşygyň gün tertibine gelendigi, onuň mümkindigini, şertler doly tamamlanandan soň Müsürde başdan geçirilenleriň bizde-de boljakdygy, FETÖ-ji esgerlere ünsli çemeleşilmelidigi beýan edilýär.
  • PKK/KJK-niň Ýerine Ýetirijiler Geňeşiniň Agzasy Duran Kalkan tarapyndan 27.05.2016 güni gurama tabynlykdaky “MED NUÇE TW-ä” berilen beýanatda; Taýýip Erdoganyň 2016-njy ýylyň maýynda agdaryljakdygy barada habarlaryň gelip gowşandygyny, şeýle zada garaşylýandygyny, emma ony kimiň nähili we haýsy ýol bilen amala aşyrjakdyklaryny bilmeýändikleri” görnüşinde sözleri bar.
  • PKK/KJK-niň Ýerine Ýetirijiler Geňeşiniň Egindeş Ýolbaşçysy Jemil Baýyk 03.02.2014 güni beren beýanatynda; “Amerikanyň Fraksiýa bilen işleşýändigini, Fraksiýanyň Ak Partiýa “galplyk we para almak” sebäpli agdarlyşyk etmäge synanşýandygyny, özleriniň fraksiýa bilen gatnaşyk açmak isleýändiklerini, emma fraksiýanyň özleri bilen aragatnaşyk saklamaýandygyny” beýan edipdi.

PKK/KJK-niň Ýerine Ýetirijiler Geňeşiniň Egindeş Ýolbaşçysy Jemil Baýyk 23.12.2014 güni beren beýanatynda; “Özleriniň fraksiýa bilen aragatnaşyk saklamak isleýändiklerini, emma olaryň islemeýändigini, özleriniň fraksiýa bilen aragatnaşyk saklap olary şol ýoldan çetleşdirmegi nazarda tutýandyklaryny, emma fraksiýanyň kürt duşmany, milletparaz ýoly dowam etdirmegi saýlap alandygyny, şol sebäpli özleri bilen fraksiýanyň arasynda gatnaşyk açylmandygyny” beýan edipdi.

PKK/KJK-niň Ýerine Ýetirijiler Geňeşiniň Egindeş Ýolbaşçysy Jemil Baýyk 16.03.2015 güni beren beýanatynda; “Fraksiýanyň birnäçe aý ozal PKK bilen aragatnaşyk saklamak we Kandile gelip söhbetdeşlik geçirmek isländigini, fraksiýanyň ýolbaşçylarynyň özlerine “Gelsek jurnalistikadan ýokary bolan şert ýüze çykar” diýendiklerini, emma özleriniň ony kabul etmändiklerini, Fraksiýanyň kürt meselesi we onuň çözgüdi, PKK bolan garaýyş, çemeleşmesini we diskursyny üýtgedendigine ynanandan soň olar bilen duşuşyp, interwýu berip biljekdiklerini beýan edekdiklerini, ilki Fetullah Güleniň beýanat bermegini isländiklerini” beýan edipdi.

 

2015-nji ýylda Şanlyurfa welaýatynyň Jeýlanpynary etrabynda şehit edilen iki polis gullukçysynyň jyzanasynda çykyş eden Şanlyurfanyň İçeri işler müdiri Eýüp Pynarbaşy FETÖ-niň içeri işler bölegini günäkärläp; “Bu guramanyň edaramyzyň içine siňen tarapdarlaryndan peýdalanyp, maglumat alyş işleri bökdelmäge synanşyldy” diýipdi.

Terror guramasy PKK/KJK-niň ýolbaşçysy Zana Azadi tarapyndan 26.04.2016 güni Twitter arkaly berilen beýanatda: “F.Güleni halamaýandygymy hemmeler bilýär.Emma Ak partiýa-DAİŞ faşistliginiň ortadan aýrylmagy üçin ynkylapçy halklaryň Gülen bilen edýän hyzmatdaşlygy dogry karardyr” diýipdi.

Muşda PKK terrorçylar tarapyndan harby ulaga goýulan 12 esgeriň ýaralanan hüjümi bilen arabaglanşyklydygy öňe sürülen Özjan A. Batman welaýatynda ele salynýar. Muş welatyna getirilen terrorçynyň telefonyndan FETÖ-niň aragatnaşyk üçin peýdalanýan “BýLojk” oplikasiýasynyň bardygy beýan edilipdi.

 

  1. 15-nji İýul Agdarlyşyk Synanşygyndan Soňky Hyzmatdaşlyk Baradaky Deliller

 

PKK/KJK-niň Ýerine ýetirijiler geňeşiniň Egindeş başlygy Jemil Baýyk 23.07.2016 güni beren beýanatynda; “50-60 müň, belkem has köprak adamyň saklanjakdygyny, tussag ediljekdigini, olaryň ýakyn töwerekleriniň we hossarlarynyň hem oňa degişli boljakdygyny, şeýle-de demokratiýa güýçleri diýilýänler bilen kürtleriň hem hamala Erdogan dikdatorlygyna garşy göreşjekdigini, şol güýçleriň az däldigini we barha güýçlenen halatynda uly wakalaryň başdan geçirilip bilinjekdigini” beýan edýär.

 

PKK/KJK-niň Ýerine ýetirijiler geňeşiniň Egindeş başlygy Jemil Baýyk 23.07.2016 güni beren beýanatynda; “Agdarlyşyk synanşygynyň FETÖ tarapyndan guralandygy baradaky aýyplamalaryň dolulygyna ýalandygyny, FETÖ-niň şeýle guramalaşmasynyň bolmandygyny, FETÖ-niň agzalarynyň dargadylmagynyň legallaşdyrylmagy üçin şeýle argumentleriň beýan edilýändigi, agdarlyşyk synanşygynyň basylyp ýatyrylandygyna garamazdan entegem howp bolmagynda galýandygy baradaky diskurslaryň hem şonuň bilen baglydygyny, Adatdan daşary dolanşyk düzgüniniň şoňa esaslanylyp yglan edilendigini we harby dolanşykdan hem tapawutly şertiň ýüze çykandygy” baradaky sözleri bar.

“Takwim” gazetiniň internet sahypasynda 01.08.2016 güni çykan habarda; “Amerikanyň JNN teleýaýlymyna interwýu beren ganhor F.Güleniň JNN-e interwýu berýärkä ýanynda Diýarbakyr welaýatynyň Aklawçylar bileleşiginiň ozalky başlygy Tahir Elçiniň ýogalmagyndan soň terror guramasy PKK üçin simwola öwrülen 4 aýakly minaranyň suratynyň bardygy” beýan edilýär.

“Ýeni Şafak” gazetiniň internet sahypasynda 12.02.2018 güni çykan habarda; “Ankara Kyzylaýda 37 adamyň pida bolan pajygaly hüjümini guran PKK gaçgyny Wahit Aýçiliň uýasy Wahide Kütküdiň FETÖ-niň “Öýli-işikli etmekden jogapkär uýasy” bolandygy, BýLojk aragatnaşygy çözülen şübheliniň adamyşy bilen bilelikde guramadaky gyzlar bilen erkekleriň duşuşygyny ýola goýandygy, aýyplawnamada Kütküdiň FETÖ-niň Gazi uniwersitetindäki böleginde orun eýeländigi, BýLojk-y ulanandygy nygtalýan Kütküdiň ony ilkinji gezek 2014-nji ýylyň 11-nji awgustynda, onlaýn bolan soňky güniniň bolsa 2016-njy ýylyň 17-nji fewraly bolandygy” beýan edilýär.

Terror guramasy FETÖ/PDÝ-niň lideri F.Güleniň 04.02.2018 günki “Direliş, Beýgeliş we Düzgün-Nyzamyň Esaslary” temaly çykyşynyň analizinde[1]; “Türkiýede hökümete garşy toparlara hyzmatdaşlyk ýüzlenmesini berip, 2019-njy ýyldaky saýlawdan ozal olary uly blok döretmäge synanşylýandygyny aýtmak mümkin. Türkiýä garşy halkara strategiýa laýyklykda terror guramalary PKK/KJK-FETÖ/PDÝ-DAİŞ-DHKP/J-nyň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygyna taýarlyk tapgyrynda eden hyzmatdaşlygyna üns berilende F.Güleniň şol diskurs üýgetmesiniň Türkiýä garşy ediljek täze bir göçümiň alamaty hökmünde görlüp bilinjekdigi mälim.

 

  1. Analizler

Terror guramalary FETÖ/PDÝ- PKK/KJK-nyň geljekde pajygaly maksatlaryna ýetmek üçin aralarynda gizlin hyznatdaşlygy güýçlendirmek üçin tagallalarynyň depginini güýçlendirjekdigi pikir edilýär. Şol çäkde döwletiň adybir terror guramalarynyň arasyndaky gizlin gatnaşyklary paş edip, şol ugurda öňüni alyjy çäreleri görmegi möhümdir.

 

PKK/KJK-niň Ýerine Ýetiriji Geňeşiniň Egindeş başlygy Jemil Baýygyň 23.07.2016 güni beren beýanaty göz öňünde tutulanda; FETÖ tabyndygy, gatnaşyklydygy sebäpli wezipeden boşadylan, işden çetleşdirilen adamlaryň bilen şolaryň maşgala agzalarynyň hem terror aksiýalaryna meýledip biljekdigini pikirlenýändigi görülýär.

BTÖ-niň ýolbaşçysynyň beýanatyna üns berilende; FETÖ-niň düzüminde işjeň terrrorçylykly iş alyp barýanlardan daşgary; PKK/KJK-niň “Prezident R.T.Erdogana garşydaşlyk” esasynda FETÖ tarapdarlary bilen has guramaçylykly bitewilik döretmegi nazarda tutýandygy, onuň bir tarapdan radikal çepçi terror guramalaryny “öz içine” alma göçümi hökmünde kabul edilip bilinjek Halklaryň Birleşen Ynkylap Hereketine meňzeş gurama ýa-da maglumat/logistika taýdan biri-birini goldaýjy tagallalar hökmünde bolup biljekdigi çaklanylýar.

Şeýle-de J.Baýygyň şol günki beýleki bir beýanatyndan ugur alyp; guramanyň tarapdar gatlagynda 15-nji iýul agdarlyşyk synanşygynda halka guralan hüjümleriň FETÖ tarapyndan guralmandygy düşünjesini döredip, geljekde açyk hyzmatdaşlyga öwrülmegi ähtimal gatnaşygyny goramagy nazarda tutandygy ähtimal.

2015-nji ýylyň aprelinde içeri işler müdirligi tarapyndan geçirilen operasiýalaryň netijesinde terror guramasy PKK/KJK agza raýatyň terror guramasy FETÖ/PDÝ-ä degişli öýlerden birinde ýaşandygynyň anyklanandygy göz öňünde tutulanda; PKK/KJK-niň FETÖ/PDÝ-den terrorçylykly aksiýalaryň taýarlyk tapgyrynda gizlenmek maksady bilen paýdalanandygyny aýdyp bileris.

PKK/KJK-niň Ýerine ýetirijiler geňeşiniň agzasy Duran Kalkanyň 27.05.2016 güni MED NUÇE TW-ä beren; “Taýýip Erdoganyň 2016-njy ýylyň maýynda häkimiýet başyndan agdaryljakdygy baradaky habaryň gelip gowşandygy, şeýle zada garaşylýandygyny, ony kimiň nähili we haýsy görnüşde amala aşyrjakdyklaryny bilmeýändikleri” baradaky beýanatlaryny 15.07.2016 güni guralan agdarlyşlyk synanşygyndan ozal berendigi göz öňünde tutulanda ol ünsleri çekiji häsýete eýe bolýar.

Şol jähtden BTÖ-niň 2015-nji ýylyň awgustynda özgytyýarlylyk yglan etmegi we 2015-nji ýylyň dekabryndaky terrorçylykly aksiýalaryny welaýat we etrap merkezlerinde ýaýbaňlandyrmagynyň şeýle-de 2016-njy ýylyň maýyndan başlap şol bir wagtda şäherde we çetki etraplarda aksiýalaryň guralmagy barada strategiýa kesgitlemeginiň, ýurduň içindäki we daşyndaky güýçler bilen hyzmatdaşlyklaryndan alynan maglumatlaryň netijesinde üstünlik gazanmak maksady bilen gurandygy çaklanylýar.

Emma howpsyzlyk güýçleri tarapyndan geçirilen operasiýalaryň netijesinde maksadyna ýetip bilmedik terror guramasynyň hyýalynyň puja çykandygy öňünde seljerilip, BTÖ-niň geljekde ýüze çykmagy ähtimal ýitgileriň netijesinde “ynkylapçy halk urşy strategiýasynyň” çäginde gatnaşyklaryň artdyrylmagy, ýaraglanşygyň ýaýbaňlandyrylmagy we hüjüm taýarlyklarynyň görülmegi ýaly tagallalarynyň depginini güýçlendirip biljekdigini aýtmak bolar.

Terror guramasy FETÖ/PDÝ-niň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygy bilen bilelikde ýurduň gün tertibiniň tebigy görnüşde gurama gönükmegi sebäpli terror guramasy PKK/KJK-niň esasanda Garadeňiz, Gündogar we Günorta-gündogar Anadoly sebitlerinde howpsyzlyk güýçlerine ýitgi çekdirmegi nazarda tutýan ýaragly hüjümlerini ýaýbaňlandyrandygy görülýär. BTÖ-niň şol iş strategiýasy bilen ýaňadandan halk köpçüliginiň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlaryndan birine öwrülip, howpy we bar bolan talaplaryny gorap saklamağy maksat edinendigi çaklanylýar.

 

[1] http://www.herkul.org/bamteli/bamteli-dirilis-yukselis-ve-asayisin-esaslari/



Degişli Habarlar