“Manylaryň ýiten döwründe köňül dilinde gepleşmek”

Prezidentiň Metbugat Sekretary Ibrahim Kalynyň “Daily Sabag” gazxetiniň  4-nji noýabrda çykan sanynda çap edilen makalasy

841185
“Manylaryň ýiten döwründe köňül dilinde gepleşmek”

 

Dünýä dilleri boýunça onlaýn çeşmelerden biri bolan “Ethnologue” internet saýtynda beýan edilmegine görä dünýäde 7 müňden gowrak ýaşaýan dil bar. Kabirleri ýüzlerje million adam tarapyndan gepleşilýär, kabirleri bolsa kiçijik halkyýetler tarapyndan. 23 dil bolsa dünýäniň ilatynyň ýarysyndan gowragyna deň gelýär. Ählisi şol maksada we funksiýa eýe: adamlaryň arasynda pikirleri, many-mazmuny we duýgulary beýan etmek. Biz dilleriň täsin dünýäsinde pikirlerimizi we duýgularymyzy beýan edip, hem özümize hem-de başga adamlara nämedir bir zatlar aýdýarys. Özümizi alyp baryşymyzyň manysyny sözler we sözlemler arkaly kesgitleýäris. Tapawutlyklarymyzy bolsa rasional aragatnaşyk arkaly çözýäris. Emma şol bir dilde gepleşmek pikirlerimizi doly beýan etmek üçin elmydama amatly şert döredýärmikä eýsem?

Şol bir dilde gepleşmegiň, çaknyşyklaryň we düşnüşmezlikleriň üssesinden gelmek üçin ýeterlik bolmaýan halatlary hem bar. İne, edil şu taýda başga adamlaryň aňyna we ýüregine ýetmek üçin dil ukybyndan has artykmaç bir güýç zerur bolýar. Şol ýer “Şol bir köňül dilinde gepleşmek, şol bir dilde gepleşmekden gowudyr” diýen Möwlana Jelaleddin Rumynyň üns çeken ýeridir. Manyly düşünjeler dil arkaly beýan edilýän hem bolsa, aýdylýan adamyň aňyna däl, eýsem ýüregine ornaşan halatynda manyly bolýar. Pikirler köňül dili arkaly beýan edilende ruhlarymyzda we aňymyzda täsir galdyryp biler.

Köňül dili bilen aýdylan sözler diňe başga bir köňülden gelen halatynda eşidilip bilner. Ol, kalybymyza başga kalplar bilen gepleşmegi öwretmelidigimizi aňladýar. Möwlana ähli adamlaryň şol dilde gepleşme ukybyna eýedigine ynanýar.

Aslyna seredilende yslamy intellektual düşünje üşçin kalp, aň we intellekt ýaly möhüm epistemiki organdyr. Kalp, diňe bir duýgularyň mekany däl, eýsem düşünjeleriň, pikirleriň we manylaryň ornaşýan ýeridir. Döwrebap pelsepäniň gymmat düşen ýalňyşlyklaryndan biri hem bagtyýarlyk döredýän we iş ýüzüne geçen maglumatyň ýeri bolan adamyň ýüregini diňe bir duýgulara ýüzlenýän psihiki makala öwürmegidir.

Akyl we ýürek biri-birine duşman däldir. Tersine adamyň özboluşlygyny emele getirýär we tamamlaýar. İkisinden biri bolman halatynda adam çig we kemçilikli bolar. Akyl ýa-da mantyk biziň ähli duýgudyr düşünjelerimiz ýekelikde göterip bilmez. Çünki biz “pikirlenýän enjamlardan” has kämil. Biz başgalary üçin hem duýýan, doga edýän, aglaýan, bagtly bolýan, pany dünýä gelişimiziň manysy barada pikirlenýän adamlar.

Kalp, düşünjelerimizi we pikirlerimizi çürt-kesik we mantykly görnüşde baýn etmek üçin  ýeterlik däl. Kalp we akyl, ikisi bilelikde bolanda bize bitewi özboluşlygymyzy berer- ol, dünýäni şol bir wagtda hem hakyky ýörelgeleriň hem-de yşgyň, beýik gymmatlyklaryň gözi bilen görýän özbolyşlykdyr. Biz manyny aklymyz we dilimiz bilen döredýäris. Manyny döredişimiz ýaly onuň örtgüsini galdyryp, ýüze çykarýarys. İne ol akylyň we kalbyň biri-birinden beslenýän, bize hakykat barada bitewi garaýyş berýän ýeridir.

Möwlana gaýdyp gelenimizde; eýsem näme sebäpden köňül dilinde gepleşmegi saýlap aldyka? Onuň sebäbi ýönekeýje, edil şonuň ýaly hem çuň. Şol bir dilde gepleşýän adamlar tapwutly pikirlere eýe bolup bilerler. Emma köňil dili kiçijik tapawutlyklary ortadan aýyrar we adamlaryň düşünjesini güýçlendirip, garaýyşyny has-da giňelder. Ol, dagyň depesine çykyp, jülgäniň çar tarapyny görmäge meňzeýär. Näçe belende çyksak, düşünjämiz hem şonça çuňlaşar. İne bize intellektual kämillige, ynanja, ärdeme we merhemede tarap ýol görkezýän maglumat üýşmekleri däl, şol çuňlaşýan düşünjedir.

Ol hem bize goşgularynyň esasy bölegini belli bir dilde, bir wagtda we ýerde ýazandygyna garamazdan Möwlananyň şu günki günde-de ähliumymy ähmiýete eýedigini düşündirýär. Ähli pirler ýaly Möwlana hem zatlaryň hususy beýanlarynyň aňyrsyna geçip, olaryň ähliumumy we öçmez manylaryna ýetmegi maksat edindi. Möwlana görnüşiň däl, manynyň yzyna düşdi. Şol bir wagtda-da görnüşi hem ünsden düşürmedi. Netijede Möwlana iň çuň manylary şygy sungady arkaly we üns çekiji hemakaýatlar blen beýan etmegiň hötdesinden gelen şahyrlardan biri. Ol “manynyň” bakydygyny bilýärdi. Şol sebäpli hem oňa gönükdi. Many bolsa bizi erkinleşdirýär.


Etiketkalar: #Ibrahim Kalyn , #makala , #akylly

Degişli Habarlar