Türk Dünýäsinden Habarlar

Türk dünýäsiniň tapawutly ýerlerinden bize gelip gowuşan möhüm wakalar bilen bagly habarlar

790342
Türk Dünýäsinden Habarlar

Gepleşigimizi Azerbaýjandan gelip gowuşan habarymyz bilen başlamak isleýäris. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň çakylygyna laýyklykda 8-9-njy awgust aralygynda Azerbaýjandan resmi saparda boldy.

Iki ýurdyň wekiliýetleriniň arasynda geçirilen gepleşiklerden soň liderler Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdi.

Şeýlelik bilen Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň arasynda ozal bar bolan we 1996-njy ýylyň 18-nji martynda baglaşylan strategik hyzmatdaşlyk protokoly 2017-nji ýylyň 8-nji awgustynda täze şertnama bilen täzelendi.

Strategik hyzmatdaşlyk protokolynda Hazar sebitinden dünýä we Ýewropa bazarlaryna energetika geçirijisi üçin hyzmatdaşlygy artdyrmak we Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe tranzit ýolunyň tamamlanmagy üçin gerek bolan goldawyň berilmeginiň üstünde aýratyn durulyp geçildi. Protokolda bar bolan ýene-de bir möhüm mesele türkmen we azerbaýjan dilleriniň öwrenilmeginiň ikitaraplaýyn ýagdaýda goldaw bermek, ýurtlaryň degişli guramalarynyň bu babatdaky tagallalaryna kömek bermek.

   Liderler tarapyndan gol çekilen Strategik hyzmatdaşlyk şertnamasyndan başgada Hazar deňizinde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy üçin hyzmatdaşlyk etmek, energetika ugrunda hyzmatdaşlygyň özgerdilmegi, daşky gurşawy goramak, medeniýet we awtorlyk hukugynyň goralmagy, tranzit üstaşyr geçiş, syýahatçylyk we salgyt babatynda hökümetleriň arasynda ýokary derejeli hyzmatdaşlyk şertnamalaryna we protokollara gol çekildi.

 

 Nobatda gyrgyzlar bilen baglanşykly habarymyz bar. Gyrgyzlaryň meşhur Manas dessany Stambulda heýkele öwrüldi.

Sütlüje seýilgähine ýerleşdirilen Manas heýkeliniň açylyşyna Gyrgyzystanyň Premýer ministri Sooronbaý Žeenbekow we Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministri Numan Kurtulmuş gatnaşdy.

Numan Kurtulmuş biri-birinden müňlerçe kilometr uzaklykda bolan şol bir milletiň iki tapawutly döwletiň adamlarynyň dabara mynasybetli bir ýere jemlenmeginden örän hoşaldygyny belläp: “Aramyza giren görünmeýän diwarlary ýumurýarys we nesip bolsa diwarlary aýyryp has hem berk ýagdaýda ysnyşarys, umumy maksatlara tarap ýöräris” diýip nygtady.

Gyrgyz Respublikasynyň Premýer ministriniň we ýanyndaky wekiliýetin paýtagt Ankarada geçirilen gepleşiklerde iki ýurdyň arasynda pikir birliginiň, umumy maksatlaryň we umumy bähbitleriň bardygyny aýdan Kurtulmuş mundan soň has hem işjeň gatnaşyklary ýola goýjakdyklaryny belledi.

Gyrgyzystanyň Premýer ministri Sooronbaý Žeenbekow bolsa Stambulda oturdylan Manas heýkeliniň bütin türk dünýäsiniň doganlygynyň simwoly boljakdygyny nygtady. Žeenbekow iki halkyň dostlygyny berkiden Manas heýkeliniň Stambulda ýerleşdirilmeginiň özleri üçin örän uly hormatdygyny aýdyp: “Bu hereket iki halkyň ýakynlaşmagyny güýçlendirer we taryha ýazylar” diýdi.

Türkiýäniň Gyrgyzystana goldawyny garaşsyzlygyny almagyndan başlap hiç wagt gaýgyrmandygyny aýdan Žeenbekow: “Durnukly ykdysadyýeti bolan Türkiýe bizden goldawyny gaýgyrmady. Biz bu edilenleri hiç wagt ýatdan çykarmarys” diýdi.

Dabarada söz sözän Stambul şäheriniň häkimi Kadir Topbaş bolsa Manas heýkelini ýasatdyran Temirlan Sarlykbek Uulunyň Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde Osmanly türmen imperiýasynyň imperatory Fatih Soltan Mehmediň heýkelini dikmek baradaky teklibini goldaýandygyny habar berdi.

Dabarada gyrgyz aýdymçylar Manas dessanyndan eserler ýerine ýetirdiler.

 

Gazagystandan gelip gowuşan bir habar bilen dowam edýäris. Astanada Türkiýe milli güni dabarasy geçirildi.

2017-nji ýylyň 10-njy iýunynda başlan Astana EXPO 2017 Halkara fuaryň çäginde 10-njy awgustda Türkiýe milli güni çäresi geçirildi.

Türkiýäniň müňlerçe ýulluk taryhy we medeniýeti bilen ykdysadyýetiniň beýikligini we kuwwadyny suratlandyran giň möçberli çärä Türkiýäniň Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekjiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.

Çäre Gazagystandaky diplomatik wekilleriň we myhmanlaryň gatnaşmagyndaky türk ertirligi bilen başlady we myhmanlara baklawa, bulgur we maraş doňdurmasy hödür-kerem edildi.

Anadoly ataşy we Mehteran toparynyň çykyşlarynyň bolan çärä şeýle hem Direliş Ärtogrul serialynyň aktýordyr-aktrisalary hem gatnaşdy. Aýdymçy Buraý bolsa konsert berip çykyş etdi.

Çäräniň çäginde takmynan 100-e golaý türk işewür adamyň gatnaşmagynda Gazagystan-Türkiýe işewürler forumy geçirildi.

 

Soňky habarymyz Özbegistan bilen baglanşykly. Özbegistanyň ilaty 1-nji iýulda 32 million 345 müň adama ýetdi.

Özbegistanyň Döwlet statistika komitedi tarapyndan berilen beýanatda 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda 32 million 121 müň bolan ilatyň, 1-nji iýulda 32 million 345 müňe ýetendigi habar berildi.

Ýylyň ilkinji ýarymynda ilatyň 0,7 göterim artyş bilen 224 müň adamyň artandygy mälim edilýän beýanatda ýanwar-iýun aýlary aralygynda takmynan 312 müň adamyň bäbegiň dogulandygy we takmynan 79 müň adamyň ýogalandygy bellendi.

Şol döwürde Özbegistanyň 82 müňden gowrak adamy kabul edendigi, 91 müň raýatynyň bolsa migrasiýa edendigi aýdylýan beýanatda ilatyň takmynan 50,6 göteriminiň şäherlerde, 49,4 göteriminiň bolsa oba ýerlerinde ýaşaýandygy beýan edildi.

Özbegistanyň ilatynyň takmynan 45 göterimini 18 ýaşyndan kiçiler emele getirýän bolsa, 60 göterimi işläp bilýän bölekden emele gelýär.

Ýurtda 2016-njy ýylda ilatyň artyş derejesi 1,7 göterim bolup, 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda ilat sany 32 million 121 müň adama ýetipdi.



Degişli Habarlar