Türkiýäniň we Ýewraziýanyň Gün Tertibi

Türkiýäniň ASEAN bilen bolan gatnaşyklary we ASEN-nyň sebitde eýeleýän pozisiýasy

Türkiýäniň we Ýewraziýanyň Gün Tertibi

Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Türkiýäniň Günorta-gündogar Aziýa Ýurtlarynyň Bileleşiginiň (ASEAN) pudakara dialog hyzmatdaşydygyny beýan etdi. Biz hem gepleşigimiziň bu sanynda Türkiýäniň ASEAN bilen bolan gatnaşyklaryny we ASEN-nyň sebitde eýeleýän pozisiýasyny analiz etmekçi.

Atatürk uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň asisenti Jemil Dogaç İpegiň mesele baradaky analizini dykgatyňyza ýetirýäris.

Günorta-gündogar Aziýa Ýurtlarynyň Bileleşigi (ASEAN) 1967-nji ýylda Jakartada döredilýär. ASEAN-nyň esaslandyryjy ýurtlarynyň hatarynda İndoneziýa, Malaýziýa, Taýland, Filippin we Singapur bar. 1984-nji ýylda Brunei Soltanlygy, 1995-nji ýylda Wiýetnam, 1997-nji ýylda Laos we Mýanmar, 1999-njy ýylda bolsa Kamboçiýa ASEAN-a agza boldy. ASEAN-nyň düýbi İndoneziýanyň, Filipbiniň, Malaýziýanyň, Singapuryň we Taýlandyň daşary işler ministrleriniň 1967-nji ýylyň 8-nji awgustynda Bankokda gol çekişen bäş maddadan ybarat jarnama bilen tutulýar. ASEAN-yň maksady ykdysady, sosial, medeni, tehniki, bilim we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk edip, hukugyň hem-de BMG-niň ýörelgelerine sarpa goýmagyň çäginde sebitleýin parahatçylygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi.

 ASEAN-yň döredilen ýyllarynda ileri tutulan çaknyşyklaryň bes edilmegi we syýasy durnuklylygyň üpjün edilmegi ýaly ugurlar Sowuk uruşdan soňky döwürde ýerini ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ugrundaky tagallalara berdi. 1976-njy ýylda gol çekişilen Günorta-gündogar Aziýa Dostlyk we Hyzmatdaşlyk Ylalaşygy we 1995-nji ýylda gol çekişilen Günorta-gündogar Aziýa ýadro ýaraglaryndan saplanan zolak ylalaşygy ASEAN-y kanuny taýdan güýji ýörgünli gurama öwürdi.

ASEAN Sowuk uruşdan soňky ýyllarda sebitleýin durnuklylygyň we abadançylygyň ösüşine oňyn goşant goşdy. Ykdysady we howpsyzlyk taýdan hem sebitiň esasy organlaryndan biri bolup durýar. ÝB, ABŞ, Kanada, Russiýa, Awstraliýa, Hytaý, Ýaponiýa, Günorta Koreýa, Hindistan, Awstraliýa we Täze Zelandiýa bu tapgyrda ASEAN-yň dialog hyzmatdaşy boldy. Türkiýe ASEAN-a agza däl, eýsem ASEAN sebitiň daşyndan agza kabul etmeýär. Emma Türkiýe ASEAN bilen konstruktiw gatnaşyklaryny ösdürmek baradaky karary 1999-njy ýylda kabul edipdi. Şol çäkde pudakara dialog hyzmatdaşy bolmak baradaky islegini beýan etdi.

Türkiýe, ASEAN bilen konstruktiw gatnaşyklaryny ösdürmegiň ilknji ädimi bolan Dostluk we Hyzmatdaşlyk ylalaşygyny 2010-njy ýylyň 19-23-nji iýuly aralygynda Wiýetnamda geçirilen ASEAN-a agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň maslahatynda kabul etdi. Türkiýe ASEAN-yň dialog hyzmatdaşy bolmagyň ýany bilen Jakartadaky ilçihanasy şol ýyl ASEAN-a akreditasiýa edildi. Gatnaşyklaryň ösmeginden soň Türkiýe Respublikasy hem birnäçe wagt mundan ozal ASEAN bilen pudakara dialog hyzmatdaşy boldy. ASEAN-nyň Daşary işler ministrleriniň 50-nji maslahatyna gatnaşmak üçin Filipbiň paýtagty Manilada bolan Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Türkiýäniň ASEAN-nyň pudakara dialog hyzmatdaşy bolandygyny halk jemgyýetçiliginiň dykgatyna ýetirdi.

Türkiýe pudakara dialog hyzmatdaşlygy üçin 2015-nji ýylda ýüz tutupdy. Şol ýüztutma boýunça iki ýylyň dowamynda depginli işler alyp bardy. Türkiýäniň iş meýilnamasy ASEAN-a agza ýurtlar tarapyndan kanagatlanarly hasaplanyldy. ASEAN-yň pudakara dialog hyzmatdaşy bolmak üçin ýüz tutan başga ýurtlar hem bardy. Emma ASEAN şu ýyl diňe Türkiýäniň ýüztutmasyny kabul etdi.

Türkiýäniň Latyn Amerika boýunça möhüm başlangyjy we Afrika syýasaty bar. Şol başlangyçlar bilen birlikde Türkiýe Günorta-gündogar Aziýa sebitine-dä uly ähmiýet berýär. Türkiýe birnäçe aýyň dowamynda Laosda ilçihana açar. Türkiýäniň pudakara dialog hyzmatdaşlygy bilen syýasy we konstruktiw taýdan sebitdäki ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy hasam öser.

ASEN diňe bir halkara syýasy gurama däl, soňky ýyllarda güýçli ykdysady gurama öwrüldi. ASEN-a girýän ýurtlar bilen Türkiýäniň özara söwda gatnaşyklary ösýär. Pudakara dialog hyzmatdaşlygy bilen türk işewür adamlary üçin sebitde möhüm şertler ýüze çykar.

Türkiýäniň pudakara dialog hyzmatdaşlygynyň esasy taraplary; ynsanperwer galkynyş we syýasy gatnaşyklaryň ösdürilmegi. Pudakara dialog hyzmatdaşlygy bilen ykdysady, medeni gatnaşyklar ýaly ugurlarda Türkiýäniň ASEAN sebiti bilen gatnaşyklary has-da ýokary çäge göteriler. Mundan soňky ýyllarda Türkiýe ASEAN-yň maslahatlaryna, daşary işler ministrleriniň ýygnaklaryna resmi taýdan gatnaşar. Türkiýe 2017-nji ýyldan başlan dialog hyzmatdaşlygy derejesi bilen hem bolsa ASEAN-yň bir bölegine öwrüldi. ASEAN geljekki döwürde Türkiýäniň köp ugurly pro-aktiw daşary syýasatynyň esasy ugurlaryndan biri bolar.



Degişli Habarlar