Aktual Analiz

Terror gynansagam adamzat taryhy ýaly gadymy hassalyk hökmünde bar bolmaga dowam edýar

749638
Aktual Analiz

Adam Atanyň ogly Kabylyň dogany Habyly öldürmegi bilen başlan terror, gynansagam biziň günlerimize çenli rehimsizligi bar güýji bilen dowam etdirýär.

İlkinji adam ýaly gadymy bolan terrorizm, gynansagam wagtal-wagtal adamlaryň durmuşyny zamun almagyň hötdesinden gelýär.

Ýalta ylalaşygy bilen gurlan dünýä ulgamyna garşy 1960-njy ýyllardan bäri berk garşylyk görkezilýär. Meşhur 1968 hereketi bilen Ýewropany we günbatar dünýäsini täsiri astyna alan basyş ulgamy dünýäde ýaňadandan hökmürowan bolmaga synanşýar.

Hususan musulman ýurtlaryna, Afrika we Latyn Amerika gabalnaj islenýän terror şu günki günde global güýç merkezlerine-de howp salmaga başlady. Terror Aziýada, Ýewropada, Latyn Amerikada we musulman ýurtlarynda prezident derejesindäki adamlaryň janlaryna kast edip, ygtyýarly bolmak üçin göreşdi. Demokratik Kongo Respublikasynyň Premýer ministri Patrik Lumumba, Çiliniň Premýer ministri Salwador Allende, İtaliýanyň Premýer ministri Aldo Moro, Liwanyň Premýer ministri Said Hariri terrora gurban bolanlardan birnäçesi.

Soňky gezek häzirki döwürde iň bir çylşyrymly we howply terror guramasy bolan, lideri henizem ABŞ-nyň Pensilwaniýa şäherinde ýaşaýan Fetullahçy terror guramasy FETÖ 2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda Türkiýäniň Prezidentiniň janyna kast edipdi.

FETÖ guramasynyň agza terrorçylar F-16 harby uçarlar, dik uçarlar, tanklar we toplar bilen 15-nji iýul agşamy halkyň sesleri bilen saýlanan Prezident Erdogany, zamun alyp, öldürmäge synanşdylar. Türk halky ýüzlerçe şehit, müňlerçe ýaraly bilen özlerini liderlerine janpena etdi. Liderlerini general we ofiser eşikli terrorçylara bermediler.

Türkiýe şeýle pespäl terror hüjümine sezewar bolan bolsa, hyzmatdaşy bolan günbatar kluby gynansagam birnäçe wagtlap reaksiýa görmezmedi. Elbetde Britaniýa muňa degişli däl. Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putinden soň FETÖ-çi ofiser eşikli terrorçylaryň gyrgynçylygyna we agdarlyşyk synanşygyna ilkinji bolup reaksiýa bildiren Türkiýäniň ýeke-täk hyzmatdaşy Britaniýady.

Geňdir, FETÖ terrorçylar harby uçarlar, tanklar we toplar bilen türk halkyny gyran gijesinde (birnäçe wagt soň ABŞ-nyň Prezidenti Trampyň toparyna degişli bolan generallardan biri) Maýk Flaýn tarapyndan öwülýärdiler.

ABŞ-nyň şol günki hökümetindan berilen beýannamada bilen türk halkynyň şol terrorçylary ýeňmegine bolan geň galyjylygyny görkezýän ýalydy. NATO hyzmatdaşlygyň iň wepaly we iň güýçli agzalaryndan biri bolan Türkiýedäki şol terror hüjümine garşy birnäçe gün soň çäkli reaksiýa görkezip bildi.

Türk lideri Erdogan FETÖ terrorçylarynyň özüni öldürmäge synanşmazdan birnäçe ýyl ozal terrora berk garşylyk görkezip, bütin dünýä liderlerini hem göreşe çagyrypdy.

Emma Türkiýäniň agzasy bolan günbatar klubynyň başda durmagynda köp sanly güýçli ýurt oňa gulak gabartmady. Türkiýede müňlerçe generaly, ofiseri, polisi, esgeri we asuda ilaty gyran terrorçylar gynansagam Türkiýäniň hyzmatdaşy bolan günbatar ýurtlaryna sygynýar. NATO-da Türkiýä hyzmatdaş bolan her bir ýurtda asuda ilaty, esgerleri we polisleri öldüren terrorçylar şu günki günde entegem eşretli durmuşda ýaşaýarlar.

Berliniň başda durmagynda ÝB-ne agza ähli paýtagtlarda Türkiýede bigünä adamlary öldüren ganhor terrorçylar ýaşaýarlar. Hat-da ÝB-ne agza käbir ýurtlar onuň bilenem çäklenmeýär, Türkiýede terrorçylykly işlere goşulyşan we köp sanly adamyň ölmegine sebäp bolan ýa-da öldüren käbir terrorçylara diplomatik pasportlaryň berilendigi baradaky habarlar çykýar.

Prezident R.T.Erdogan ÝB-niň giren terror girdabyna bir gün özüniň batjakdygyna aýdýan hem bolsa, ýewropaly liderleriň hiç haýsy oňa ähmiýet bermedi. Ýewropanyň syýasy elitasynyň äwmezlik edýän terror girdaby gynansagam şol ýurtlaryň halklaryna-da täsir edýär.

Parij, Berlin, Brýussel, London şol girdaba gark boldy. Geljekde haýsy paýtagtda bolarka? Ol hem halkda uly biynjalykly döredýär. Şol biynjalyklyk halkyň parasatly çemeleşmegine-de zyýan ýetirýär. Mysal üçin golaýda İtaliýanyň Torino şäherinde oýnalan UEFA-nyň bäsleşiginde çykarylan esassyoz bomba habary sebäpli 1500-den gowrak adam ýaralandy.

Terrora şunça gurban beren Ýewropa terrorizm bilen arasyny açmagyň ýerine entegem başgalaryny günäkärleýär.

Mysal üçin 350 amerikalyny öldürden terror guramasynyň ýolbaşçysy Aziýa, Afrika ýa-da Latyn Amerika ýurdunda ýaşaýan bolsady, eýsem ABŞ nähili çemeleşerdi. Emma şol jenaýaty eden terrorçy henizem ABŞ-da ýaşaýar.

Ýa-da Belgiýanyň esasy işewür adamyny terorist maksatlar bilen öldüren ganhor Afrika ýurduna gaçan bolsady, şol ýurt dessine günbatar ýurtlary tarapyndan basylyp alynmazmydy? Türkiýäniň belli işewür adamlaryndan birini öldüren terrorçy 20 ýyldan bäri Belgiýada ýaşaýar. ABŞ-nyň başda durmagynda İSAF-a degişli güýçler Osama Ben Ladini bermändigi üçin Owganystana operasiýa guramanmydy?

Eýsem müňlerçe türk raýatyny ýaş-garry, aýal-erkek diýmän gyran terrorçylar şu günki günde Berlinde ýaşaýan bolsa, oňa düşündiriş berilmeli.

Haçanda “Meniň terrorçym seniňkiden gowy, seniňki erbet” diýilýän düşünjeden el çeken halatymyzda şol dertden halas bolarys. Eýsem bütin dünýä onuň jezasyny çekmäge dowam eder.



Degişli Habarlar