Türkiýäniň we Ýewraziýanyň gün tertibi

Halkara Türk Akademiýasynyň durmuşa geçirýän işleri

695902
Türkiýäniň we Ýewraziýanyň gün tertibi

 

Ýewraziýada we Türk dünýäsinde esasan hem ylmy taýdan uly işleri durmuşa geçirýän halkara guramalardan biri hem Halkara Türk Akademiýasydyr. Gepleşigimiziň bu günki sanynda Halkara Türk Akademiýasynyň durmuşa geçirýän işleri hakynda maglumat bermekçi.

Atatürk uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň mugallymy Jemil Dogaç Ipegiň mesele hakyndaky analizini dykgatyňyza ýetirýäris.

Türki dilli ýurtlaryň Döwlet baştutanlarynyň 2009-njy ýylyň 3-nji aprelinde geçirlen 9-njy maslahatynda Gazagystanyň Prezidenti Nursoltan Nazarbaýew Türk dünýäsi bilen arabaglanşykly ylmy işleri geçirjek halkara ylmy merkeziň açylmagyny teklip etdi. 2012-nji ýylyň 23-nji awgustynda Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkekde geçirlen Türki dilli ýurtlaryň hyzmatdaşlyk geňeşiniň maslahatynda kabul edilen karara laýyklykda Azerbaýjanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Gazagystanyň we Türkiýäniň tagallasy netijesinde Türk Akademiýasy açylýar. Akademiýa 2014-nji ýylyň 27-nji awgustynda halkara gurama statusyna eýe bolýar.

Akademiýa Türk dünýäsinde umumy elipbiý, umumy terminalogia, umumy taryh we umumy edebiýat ýaly beýleki ugurlardaky ylmy işlere öňbaşçylyk etmegi maksat edinýär. Türk hyzmatdaşlyk we utgaşdyryjy agentligi TİKA Akademiýanyň durmuşa geçirýän işlerine uly goldaw berýär.

Akademiýa TİKA-nyň goldaw bermegi netijesinde Ötükende uly taryhy esgeri gün yşygyna çykardy.

60-a golaý türk taýpasynyň 693-nji ýylda  daşyň ýüzüne ýazan ýazgylary tapyldy.

Akademiýa Azerbaýjanly, Gazagystanly, Gyrgyzystanly we Türkiýeli taryhçylaryň gatnaşmagynda Türk geňeşine agza ýurtlaryň orta mekdeplerinde okadylmagy üçin Umumy türk taryhy  ders kitabyny taýarlady. Ders kitaplary Türk dünýäsiniň medeni jebisliginiň, hyzmatdaşlygynyň we utgaşyklygynyň çuňlaşdyrylmagyna goldaw berer. Mundan başgada umumy gymmatlyklar, umumy taryh we edebiýat taýdan Türki dilli döwletleriň we jemgyýetleriň bitewileşmegine itergi berer.

Türk Akademiýasy ylmy neşirleri bilen hem ýakyndan tanalýar. İlkiji sany 2014-nji ýylda çykan Global-Türk žurnaly, ilkinji sany 2013-nji ýylda çykan Altaý we Türkiýat žurnaly, 2015-nji ýylyň noýabr aýyndan bäri hepdelik neşir edilýän Turkii Weekly žurnaly okyjylarynyň ünsüni özüne çekýär.

Halkara Türk Akademiýasy Taryh we Etnalogiýa, Sungat we medeniýet, Sosýo-Ykdysadyýet ylmy barlaglary, Halkara ylmy barlaglar, Edebiýat we terminalogiýa ýaly 5 ylmy bölümden ybarat.

Türk Akademiýasynyň, Türki dilli ýurtlaryň uniwersitetleriniň arasynda talyp we mugallym çalşygy, utgaşyklygy we akreditasiýa ýaly meselelerde uly jogapkärçiligi öz üstüne almagy peýdaly bolar. Şol çäkde Türkiýeden Ýokary okuw jaýlary guramasy ÝÖK-üň ýolbaşçylyk etmeginde Türk dünýäsiniň uniwersitetler gullugynyň açylmagy we Türk Akademiýasynyň çägnde iş alyp barmagy peýdaly bolup biler.

Merkezi Gazagystanyň paýtagty Astanada ýerleşýän Türk Akademiýasynyň döwürleýin ýolbaşçylygyny Prof. Dr. Darkhan Kydyrali ýerine ýetirýär. Darkhan Kydyrali Türk dünýäsiniň tanymal alymlaryndan biri. Türkiýede ýokary bilim alan Kydyrali türk dünýäsi bilen arabaglanşykly ylmy işleri bilen ýakyndan tanalýar.

Halkara Türk Akademiýasynyň iş şertleri meselesinde Türk geňeşine agza 4 ýurduň degişli guramalarynyň arasynda utgaşyklyk taýdan käbir kynçylyklar başdan geçirilýär. Gurama özara meselelerini gysga wagtda çözmeli sebäpli Türk Akademiýasy şu günki günde UNESKO-nyň we BM-nyň merkezlerinde halkara çäreleri geçirip biljek abraýly gurama. Türkiýe, Gazagystan, Azerbaýjan we Gyrgyzystan; Türk Akademiýasyna berýän goldawyny artdyrmaly şeýle bolan haaltynda Türk Akademiýasy ylmy taýdan has uly işleri durmuşa geçirip biler. Mundan başgada Özbegistanyň we Türkmenistanyň hem Türk Akademiýasyna golaw bermegi  hem özleri hem-de Türk dünýäsi taýdan has peýdaly bolar.

Atatürk uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň mugallymy Jemil Dogaç İpegiň Halkara Türk Akademiýasynyň durmuşa geçirýän işleri hakyndaky synyny dykgatyňyza ýetirdik.



Degişli Habarlar