Aktual analiz

Prezident Erdoganyň Al Arabiýa beren interwýusy

679613
Aktual analiz

 

 

Alyp baryjy: Jenap Erdogan Saud Arabystany, Bahreýini we Katary öz içine alýan saparyňyzyň maksady barada aýdaýsaňyz?.

Prezident Erdogan: Saud Arabystanyny, Bahreýini we Katary öz içine alýan saparymyz şübhesiz dost ýurtlar bilen edýän gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmagy maksat edinýär. Sapar bilen dürli ugurlarda ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmegi üçin guralýar. Biz saparyň oňyn netije berjekdigine ynanýarys.  Pars aýlag ýurtlaryna guraýan saparymyzy Bahreýinden başladyk we ilkinji duralgamyz Bahreýinde geçiren duşuşyklarymyz netijeli boldy. Beýleki duşuşyklarymyzyň hem netijeli boljakdygyna ynanýarys.

Alyp baryjy: Terror guramasy DAIŞ-iň kimdir biri tarapyndan ýüze çykarlan guramadygy aýdylýar. Eýsem Prezident R. T. Erdogan DAIŞ-i nähili görýär. Hakykatdan hem DAIŞ käbir döwletleriň eserimi?.

Prezident Erdogan: Bu gurama terror guramasy we yslam dini bilen hiç hili arabaglanşygy ýok. Men Al Kaidadan aýrylyp aýry gurama hökmünde ýüze çykan gününden bäri bulary aýry aýry terror guramalary hökmünde görýärin. Her pursatda bularyň terror guramasydygyny we yslam dini bilen hiç hili arabaglanşygynyň ýokdygyny beýan etdim. Aksiýalarynyň yslam dini bilen hiç hili arabaglanşygy ýok. Bu gurama köp sanly adamy öldürdi, öýlerini talady we uruş yglan etdi. Bu gurama şol bir wagtda güýçlerini subut etmek isleýän başga terror guramalarynyň hem sebite gönükmegine sebäp boldy. Bilşiňiz ýaly Al Kaida terror guramasydy. DAIŞ hem terror guramasy. Bu beýle dowam edip bilmez. Sebäbi halka zulum edýär we ahyry şol zulum onuň ýok bolmagna sebäp bolar. Terror guramasy DAIŞ-iň Siriýada soňky günlerini başdan geçirýändigini görýäris. Biz bu guramany ýok etmek üçin tutanýerli göreş alyp barýarys. Hyzmatdaş güýçleriň we Saud Arabystanynyň başda durmagynda sebitde ýerleşýän beýleki ýurtlaryň hem DAIŞ-e tutanýerli göreş alyp barýandygyna ynanýarys. 40 müň adamyň Al Kaidanyň hataryna goşulmagynyň öňüni aldyk. Pars aýlag ýurtlaryna guraýan saparymyň öňüsyrasynda hem DAIŞ-e agza 1000-e golaý adam göz tussaglygyna alyndy. Tutanýerli tutum alyp barsak DAIŞ-i ýok etjekdigimize ynanýarys.

Alyp baryjy: Agdarlyşyk synanşygyny başdan geçirmegiňizden soň Türkiýe Eýran we Russiýa bilen ýakyn gatnaşyk etmäge başlady. Ysraýyl bilen edýän gatnaşykaryňyz hem kadalaşýar. Eýsem bu Arap ýurtlaryna berlen ýüzlenmemidir?.

Prezident Erdogan: Hudaýa şükür halkymyzyň gahrymançylykly göreşi netijesinde agdarlyşyk synanşygyny yza serpikdirdik. Synanşykda 248 adam şehit boldy. Garaşylmadyk ýagdaýda täze nesil terror guramasynyň hüjümine sezewar boldyk. Şol terror guramasy 40 ýyldan bäri amatly pursada garaşýardy we birden ýüze çykdy. Şol terror guramasynyň lideri ABŞ-na gitdi we guramanyň aksiýalaryny şol ýerden gönükdirmäge başlady. Ady agzalýan gurama 170 ýurtda iş alyp barar. Gurama maddy taýdan diýseň güýçli. Gurama Saud Arabystanynda hem iş alyp barýardy. Saudy doganlarymyz şol gurama garşy berk çäre gördi. Gurama beýleki ýurtlarda öz işini dowam etdirýär. Arap doganlarymyzyň şol terror guramasyna garşy has ünsli bolmaklary diýseň möhüm. Gurama bilim pudagynda esasan hem çagalary ýetişdirip ýokary wezipelere gelýär. Türkiýede hem şeýle hereket etdiler. Şol gurama Amerikadaky mekdepleri arkaly 500 million dollarlyk girdeji gazanýar. Şol mekdepler döwletden goldaw alýar emma hususy mekdep ýaly dolandyrylýar. Biz şol gurama berilýän maddy goldawlary kesdik. Şol sebäpli hem bize garşy uruş yglan etdiler. Biz şol gurama bilen arabaglanşykly ähli mekdepleri, iş ýerlerini ýapdyk. Pars aýlag ýurtlary bilen etjek hyzmatdaşlygymyz netijesinde bu meselede has uly üstünlikler gazanyp bileris. Bilşiňiz ýaly Türkiýe Yslam hyzmatdaşlygy guramasynyň döwürleýin ýolbaşçylygyny ýerine ýetirýär. Bahreýin hem Pars aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwürleýin ýolbaşçylygyny ýerine ýetirýär. Bu pursatlardan peýdalanyp terror garşy göreşde ýakyndan hyzmatdaşlyk edip bileris.

Alyp baryjy: Araplaryň esasy bölegi yslam dini bilen dünýewiligi birlikde alyp baryp bilmeýär. Eýsem siz muny nähili ýagdaýda alyp barýarsyňyz?.

Prezident Erdogan: Yslam dini bilen dünýewiligiň arasynda arabaglanşygyň gurulmagyndaky sebäbiň Yslam dünýäsi tarapyndan heniz hem bilinmeýändigine düşünmekde kynçylyk çekýärin. Biz dünýewiligi kesgitledik. Mursi häkimiýetiň başyna gelen mahaly Müsüre guran saparymyň çäginde hem beýan etdim. Kairde Opera köşgünde çykyş etdim. Ol ýerde yslam dininiň terror guramasy bilen hiç hili arabaglanşygynyň ýokdygyny nygtadym. Yslamy nähili kesgitläp bileris?. Ynsanlar dünýewi bolup bilmez, döwlet dünýewi bolar. Bu diýseň möhüm, dünýewi döwlet ähli ynsanlara hoşniýetli çemeleşýär. Bu döwletiň ähli dinlere we ynsanlara deň hukukly çemeleşmegi diýmek. Eýsem bu yslam dinine garşymydyr?. Bu yslama ters gelýän däldir.



Degişli Habarlar