Dost-Doganlygyň Taryhy

AŞYK AÝDYŇ PİR

646018
Dost-Doganlygyň Taryhy

AŞYK AÝDYŇ PİRİM BARDYR ÝARANLAR

                Kim ol diýlen sowallara jogap deý,

                        Bu men diýip girdiňmikäň düýşlere.

                        Ýatdan çykmaz ýagşylyk deý sogap deý,

              Märekede adyň tutar üşmeleň.

 

                        Saňa sygyndylar gara gyşlarda,

                        Azaşanlar, ejizlänler, doňanlar.

                        Diýildi gaý tupan bolsa başlarda,

                        Aşyk Aýdyň pirim bardyr doganlar.

 

                        Öýke etmän kim boldyka diýilse,

                        Dindar diýip ýüzlerini sowanlar.

                        Bir kişiniň ady ile ýaýylsa,

                        Bihal däldir bidüp däldir doganlar.

                        (Mämmetnazar Babanazarow)

Aýdym–sazyň düýpsiz ummanyna düşen her bir sungat ussadynyň, Aşyk Aýdyň pirden pata almalydygy asyrlar boýy dowam edip gelýän däpdir. Türkmeniň meşhur, unudulmajak ägirt aýdım–saz ussatlary Garadäli Gökleň, Şükür bagşy, Pälwan bagşy, Çuwal bagşy, Sahy Jepbar, bular Aşyk Aýdyň piriň guburyny zyýarat edip başynda aýdym–saz ýaňlandyran ussatlardyr. Aşyk Aýdyň piriň mazary Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda ýerleşýär. Täsin ýeri, Aşyk Aýdyňyň öz wesýeti bilen mazarynyň başynda aýdym–saz edilen ýeke–täk ussatdyr.

Aşyk Aýdyň kim bolupdyr diýen sowala, 1991–nji ýylda ýaş şahyr Mämmetnazar Babanazarowyň kitabyna sözbaşy ýazan, Türkmenistan ýazyjylar birleşiginiň agzasy Nury Altyýewiň, Aşyk Aýdyň pir barada geçiren barlaglarynyň netijesini siziň bilen paýlaşmak isledik. Nury Altyýewiň aýdyşına görä Aşyk Aýdyň piriň hakyky ady Aşur-ed-din Şihabittin Omar bolmaly, onuň haçan doglandygy heniz belli däl, ýöne aradan çykan ýyly 1235 ýyl bolandygy we Wasdan şäheriniň Diýarbekir (hedidinde) obasynda ýaşandygy bellenip geçilýär. Taryhdan çen tutsak ol Çingiz han Horezmi basyp alandan soň hem 15–16 ýyl ýaşapdyr. Aşyk Aýdyň piriň 115–120 ýaşandygy hakynda çaklamalar bar. Eger şeýle bolsa onuň doglan ýyly 1115–1120 ýıllara dogry gelýär. Aşyk Aýdyň, Nejep oglan dessanynda, gören düýşini beýan edendigi hakynda şeyle setirler bar.

              Bir niçe ashaplar geldi düyşimde,  

              Bir ahwalat gördüm yüz onbaşimde.

              Pygamber tajini goýdy başymda,

              Tamamy başlary külahly geldi.

Aşyk Aýdyň piriň ýaşap geçen ýurdy barada Nejep oglan we Görogly dessanlarynda şähri Bossan diýlip agzalyp geçilýär. Bu şäheriň Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynyň Was owazisi bolandygyna şühbe ýokdyr. Sebäbi bu keramatly piriň gubury şu wagyt hem şol ýerde ýerleşendir. Mundan başgada, Nejep oglan dessanynda Aşyk Aýdyň piriň 360 sopysynyň bolandygy, 115 ýaşynyň içinde–de köp şägirt ýetişdirendigi nygtalýar. Nejep oglan dessanynda Aşyk Aýdyň pir halk arasynda ýokary saz mekdebiniň mugallymy hökümünde orta çykýar. Onuň zamanynda bagşylar, şahyrlar, iliň öňüne çykmadan önürti Aşyk Aýdyň pirden ak pata almasy olaryň abraýlaryny has ýokary göteripdir. Ol parasatly, ahlakly akyldarlara mahsus bolan ähli sypatlary özünde jemläpdir. Ol hiç wagt mal, dünýä hakynda oýlanman, hemişe dogrulygyň we hakykatyň tarapdary bolupdyr. Muny şägirdi hökmünde Nejebe beren pendi–nesihatynda hem görýäris.

              Aşlyk Aýdyň  aýdar magrypet şuldur,

              Şerigat–tarikat bir dogry ýoldur.

              Menden saňa soňky nesihat oldur,

              Pendim budur tekepbirlik eýleme.

Aşyk Aýdyň pir 32 sazy bir gulakdan düzüp aýdym aýdan toparyň ýolbaşçysy bolupdyr diýilýär. Ol döwrüniň meşhur saz we söz ussadydyr we häzirki wagta çenli ady dillerde dessan bolup, mazarynyň başyna pata almana gelen ýaş saz we söz ussatlary hiç wagt egsilmändir. Aşyk Aýdyň pir dünýäden öteninden bu ýana bagşylar Aşyk Aýdyň piri düşünde görüp şoňa hem ynanypdyrlar. Aşyk Aýdyň piriň mazarynyň başyna baryp düňäp ýatan kişä düýşünde birzatlar beriler ekeni. Eger ol käse doly şerap berse, ony doly içen adam elyetmez bagşy bolmaly, hemmesini içip ýetişmänkä oýansa ol sazanda bolmaly. Taýak berse çopan, pil berse dayhan bolar diýen rowaýatlar henizem halk arasynda aýdylyp gelinýär.

              1990–njy ýyllarda Aşyk Aýdyň piriň mazarynyň başynda müjewürlik eden Hoja aganyň gürrüň bermegine görä, bu ussat Ebu Bekir Syttdyhyň sopyçylyk ýolyny dowam etdiriji we bu ugurda birnäçe kitaplar hem ýazandygy hakynda–da aýdyp geçipdir. Hatda şol döwürde Hoja aganyň elinde bar bolan “Awaris Şiriýe es Salam Hed” atly kitabyň Aşyk Aýdyň piriň ýazan eseri bolup biler diýlen çalkama hem bar. Bu pikirlerden ýola çykylsa, Aşyk Aýdyň diňe bir dessanlaryň gahrymany däl, eýsem taryhy şahsyýetdir. Ýöne biziň günümize çenli bu ussadyň kimdigi barada doly maglumat berilmandir. Bu ussadyň kimligini dolulygy bilen orta çykaryp biljek gaty ylymly taryh we edebiýat alymlarynyň üns merkezine öwrülmesine garaşylýar. Aşyk Aýdyň pir hakyndaky sözümize şahyr Mammetnazar Babanazarowyň goşgy setirleri bilen başladyk we ýene–de onuň goşgy setirleri bilen tamamlamagy makul bildik.

              Oguz han göymüş heňňamlar, pederden gandan geçendir,

              Oňa gylyç çalynan güni gerçekler jandan geçendir.

              Diri galsa razy bolyp hökümdar şandan geçendir,

              Namysjaň ilim arkamda, egnimi ýazyp gezeýin.

 

              Aşyk Aýdyň owaz bardyr gözlerimiň ýaşlarynda,

              Ilimiň toýynda bagşy men, zar aglaryn ýaslarynda.

              Bir dilegim aýdym galsyn önjekleriň ýatlarynda,

              Garramaz heňňam ýolunda jigermi ezip gezeýin.



Degişli Habarlar