Dost-Doganlygyň Taryhy

Reşat Nuri Güntekin

641088
Dost-Doganlygyň Taryhy

REŞAT NURI GÜNTEKIN – SAÝRAK GUŞYM SARY BILBIL

 

          “Saýrak guşym sarybilbil”, Reşat Nuri Güntekiniň 1922–nji ýylda ýazan romandyr. Türk edebiýatynda okyjynyň göwnünden turan we iň köp okalýan nusgowy eserdir. Eserdäki wakalaryň agramly bölegi, Anadoluda geçýär we eserde ýaýbaňlanan esasy wakalaryň arka planynda Osmanly imperiýasynyň soňky ýyllaryndaky wakalar teswirlenýär. Kitabyň soňky bölüminden özge, ähli bölümlerinde, eserde ýaýbaňlanýan wakalar, baş gahrymanyň, Feridäniň gündeligindäki ýazgylara esaslanmak bilen ýazylandyr. Eseriň soňky bölüminde ýaýbaňlanýan wakalar, eserdäki wakalar bilen dahyly bolmadyk adam tarapyndan ýazylandyr.

 

          Eser, Türkiýe Respublikasynyň gurulmagynyň öňisyrasyndaky we yz ýanyndaky ýyllardaky jemgyýetdäki ýaşaýyş we durmuş gurluşyna degişli wakalary beýan edýär. Romanyň ahyrky bölüminde ýaýbaňlanýan wakalar, Azat ediş urşy ýyllaryna gabat gelýän hem bolsa, romanda bu uruş bilen baglanşykly wakalar öz beýanyny tapmandyr. Onuň ýerine gahrymanlaryň duçar bolan ýagdaýlaryna duýgudaşlyk bildirmek bilen olaryň söýgülerini we jemgyýetde gabat gelen gapma–garşylykly ýagdaýlaryny söýgi dolay wakalaryň üsti bilen okyjylaryna ýetirmäge çalyşýar.  

 

          Romanda iki usul ulanylypdyr. Birinjisi, Feridäniň gündeligindäki wakalaryň beýan edilmegi. Eserdäki wakalary gürüň edip berýän Feridäniň özi we onuň gündeligidir. Soňky, bäşinji bölümde bolsa, eserde ýaýbaňlanýan wakalary gürüň edip berýän adam, wakalar bilen dahy bolmadyk biri tarapyndan beýan etdilmegidir.

 

          Şeýlelik bilen, “Saýrak guşym sarybilbil” romany, bäş bölümden ybarat bolup, bu bölümlerdäki wakalar Stambul, Tekirdag, Izmir, Zeýniler we beýleki ady berilmedik birnäçe ilatly ýerlerde, ýagny Anadolynyň şäherdir obalarynda bolup geçýär.

         

          “Saýrak guşym sarybilbil” romanynyň temasy, Feridäň garagollygy, ýaşlyk ýyllarynda daýzasynyň ogly Kamrana aşyk bolmagy we Kamran bilen durmuş gurmagy wadalaşan wagtlary, Stambuldan çykyp gidip, Anadoluda ýaşan wagtyndaky maddy kynçylyklary we ruhy taýdan çeken ejirleri, şol döwürde Anadolydaky adamlaryň garyplyk içinde geçirýän günlerini, yzagalaklyklaryny surtalandyrýar.

 

          Romanyň birinji bölümi, baş gahrymany Feridäniň, Siriýäda we Ýakyn Güdogarda, Osman imperiýasy dagamanka, oňa tabyn bolan döwletlerde ýaşan ýerlerindäki başdan geçiren wakalarynyň ýaýbaňlanmagy bilen başlaýar. Romanyň esasy gyzgalaňly ýeri, Feride we onuň maşgalasynyň Musulda oturýan wagty başlaýar. Ejesi ölenden soň bolsa Stambulda dowam edýär.

 

Romanyň adynyň we Feridä şeýle lakamyň dakylmagyna sebäp bolan zat, Feridäniň garagollugydyr. Feride garagol bolany üçin okuwda sapaklar gutaran wagty, arakesmä çykanlarynda, mekdepdäki agaja dyrmaşyp, agajyň bir şahasyndan beýleki şahasyna sary bilbil ýaly böküp geçer eken. Ynha şeýle günleriň birinde, onuň mugallymlaryndan biri, “Serediňä how şu gyza, bu çaga gyz däl, şahadan şaha böküp ýören sary bilbil by“ – diýip gygyrypdyr. Şeýdip hem onuň lakamy sary bilbil bolup galypdyr.

 

          Romanyň birinji bölümi, Feridäniň çagalyk döwründe we ýaş gyz wagty başyndan geçiren wakalary öz içine almak bilen dowam edýär.

 

          Feridäniň söýgüsi, birinji bölümiň ahyryna dogry, Feridäniň we Kamranyň biri birleri bilen durmuş gurmak hakynda wadalaşmaklaryna alyp barýar. Emma, bölümiň ahyrynda, iki juwan toý tutjak wagtlary, olaryň arasy bozulýar we ýaşlar biri birinden aýrylmaly bolýarlar.

 

          Feride aşyk ýigidinden aýrylandan soňra, kitabyň ikinji bölümi başlanýar we Feride Anadola gidip täze durmuş gurmak üçin Bursada bir obada mugallym bolup işlemäge başlaýar.

 

          Obada mugallym bolup işläp başlamagy bilen hem durmuşy gülälä–güllük bolmaýar. Oba ýerindäki mekdep ýapylýar. Ýene–de bir ýerden başga bir ýere göçüp, täzeden durmuşyny ýola goýmaly bolýar. Soňky baran ýerindäki işinden çykarlandan soňra Feridäniň başga ýere göçmegi bilen romanyň ikinji bölümi hem tamam bolýar.

 

          Romanyň üçünji bölümi owadan gyz Feridäniň başyndan geçiren wakalary bilen dowam edýär.

 

          Feride ýaly owadan gyzyň göwnüni tapmak, oňa öýlenmek üçin baran ýeriniň ýigitleri müň dürli pyrryldaga baş goşup, gyzyň göwnüni almaga çalyşýarlar. Bu wakalar ýene–de Feridäniň işini taşlap başga ýere gitmegine sebäp bolýar we üçünji bölümiň soňy hem gonup–göçmek bilen gutarýar.

 

          Dördünji bölümde Izmire gelýär. Emma bu ýerde–de onuň işleri ugruna bolmaýar. Ýene-de owadanlygy sebäpli, oňa göwünlerini açan hyrydarlaryndan gaçmaly bolýar.

 

          Täzeden gidip Magaryf müdirliginden başga iş soraýar. Ony Kuşadasy welaýatyna, türk dili we surat mugallymy edip iberýärler. Emma, täleý oňa ýene–de ters bakýar. Uruş başlaýar. Okuwy boşadyp, esgerler üçin hassahana edýärler. Uruş gutaryp, täzeden mekdep açylýär. Emma owadan gyzyň durmuşyndaky hasratly günleriň yzy gelmeýär. Gaýgy we hasrat doly günler dowam edýär. Feride, gyz halyna, ýeke özi ýaşaýandygy üçin başyna gelýän ýagdaýlardan dynmak üçin biri bilen göz üçin durmuş gurmaly bolýar. Emma, durmuş guran adamy hem uzak ýaşaman dünýäden ötýär. Nikadan geçen adamy ölmezinden öň, Feridäniň Stambula gitmegini we şol ýerde ýaşamagyny haýyş edýär. Şeýlelik bilen ýene–de bir göçhä–göçlük bilen dördünji bölüm hem tamamlanýar.

 

          Kitabyň bäşinji bölümi, Feridäniň Stambula gaýdyp gelmegi bilen başlanýar we ilki başdaky söýgüsi bolan Kamrana duşmagy we onuň bilen täzeden birigip, durmuş gurmaklary bilen gutarýar.  



Degişli Habarlar