Ýewraziýa Syn

Türkiýäniň Prezidenti R.T.Erdoganyň Belarusa guran sapary

617890
Ýewraziýa Syn

Prezident R.T.Erdogan 11-nji noýabrda Belarus Respublikasyna bir günlük resmi sapar gurady. Prezident Erdogany howa menzilinde Premýer ministr Andreý Kobýakow garşylady. 4 minitr bilen Minske baran Erdogan Garaşsyzlyk köşkünde belarus kärdeşi Aleksandr Lukaşenko bilen özara we toparara duşuşyklar geçirdi. Taraplar duşuşykda özara we sebitleýin meselelere garadylar. Duşuşyklarda esasan özara söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegi barada pikir alyşylandygy habar berildi. Duşuşygyň ahyrynda bilelikdäki jarnama we 9 sany ylalaşyga gol goýuldy.

Gol çekişlik dabarasyndan soň liderler bilelikde metbugat ýygnagyny geçirdiler. Beýanat beren Prezident R.T.Erdogan iki ýurduň arasyndaky söwda mukdarynyň 1 milliard dollara ýetirilmelidigine ünsi çekdi we özara söwda gatnaşyklarynda milli pul birlikleriniň ulanylmagy üçin degişli başlangyçlaryň edilip bilinjekdigini aýtdy. 2017-nji ýylyň birinji çärýeginde iki ýurduň arasynda Hökümetara ykdysady toparyň maslahatynyň geçiriljekdigini aýdan Prezident Erdogan, saparyň dowamynda kabul eden kararlaryň we ylalaşylan ugurlaryň şol toparyň maslahatynda seljeriljekdigini sözleriniň üstüne goşdy.

Prezident R.T.Erdogan Belarus bilen ýakyndan gyzyklanýandyklaryny nygtap: “Dünýä sebitleýin meseleler bilen çaýkanýarka Belarusyň parahatçylygy, durnuklylygy we abadançylygy goramak ugrunda alyp barýan syýasaty bizi kanagatlandyrýar. Belarus halkara gatnaşyklarynda-da bir tarapdan bitarap derejesini gorap, beýleki tarapdan sebitleýin we global parahatçylyga oňyn goşant goşýar. Belarusyň bu ugurdaky şertlerine we ukybyna Russiýa bilen başdan geçirlen düşnüşmezlikde gönüden göni şaýatlyk etdik” diýdi.

Saparyň çäginde iki ýurduň liderleri Minskde täze gurulan Merkezi metjidi açdylar. Türkiýäniň Din işleri edarasy tarapyndan 2 ýylda asyl nusgasyna laýyklykda ýaňadandan gurlan metjit, Belarusdaky musulmanlaryň jemlenşýän merkezine öwrüler.

Soň Erdogan bilen Lukaşenko Türkiýeden 200, Belarusdan 300 işewür adamynyň gatnaşmagyndaky Türkiýe-Belarus İşewürler maslahatyna gatnaşdylar. Bu İşewürler maslahaty soňky ýyllarda Belarusda geçirilen iň uly çäre hökmünde bellige alyndy. Prezident Erdogan Türkiýe-Belarus İşewür maslahatyna gatnaşandan soň Türkiýä gaýtdy.

Prezident R.T.Erdoganyň Belarusa guran sapary, Türkiýeden prezident derejesinde guralan ilkinji sapar bolmagy taýdan möhümç belarusyň garaşsyzlygyny ykrar eden ilkinji ýurt bolan Türkiýäniň Belarus bilen özara gatnaşyklary uzak ýyllardan bäri pes derejededi. Belarusyň Prezidenti Lukaşenkonyň 2010-njy ýylda Türkiýä guran saparyndan soň özara gatnaşyklar ösmäge başlady. Preizdent Lukaşenko üstümizdäki ýylyň aprel aýynda Stambulda geçirilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň maslahatyna gatnaşyp, Türkiýä ikinji saparyny gurapdy.

Türkiýe-Belarus gatnaşyklary “uçar meselesine” garamazdan durnukly dowam etdi. Russiýaynň Türkiýä goýan çäklendirmelerine garşy duran Belarus, Türkiýe bilen Russiýanyň arasyny düzetmäge synanşdy. Prezident Erdogan ony Minske guran saparynda beýan etdi.

Erdoganyň Belarusa guran saparyndan soň özara gatnaşyklaryň ösjekdigini aýdyp bileris. minskde Türkiýäniň ilçihanasynyň täze binasynyň gurulmagy, uçar gatnawlarynyň sanynyň artdyrylmagy, sanlary 50-den gowrak türk firmasynyň Belarusdaky işleriniň mukdarynyň artmagy we Türkiýede Belarus traktorlarynyň başda durmagynda Belarus ulaglaryny öndürýän bilelikdäki zawodyň gurulmagy geljekki ýyllarda iş ýüzüne geçip biler. Özara gatnaşyklaryň ösmegi geçen ýyl 204 müňe barabar bolan belarus syýahatçylarynyň sanynyň 1 milliona çenli ýetmegini üpjün eder.

İki ýurduň arasyndaky söwda mukdary geçen ýyl 400 milion dollara çenli aşaklady. Prezidentleriň nazarda tutýan mukdary jemi 1 milliard dollarlyk söwda mukdarynyň bilelikdäki zawodlaryň gurulmagy we türk firmalarynyň Belarusda alyp barýan işleriniň depgininiň ýokarlamagy bilen amala aşyp biler.

Minskde açylan Merkezi metjit ýerli tatar azlygynyň wenlary 100 müňden gowrak bolan Belarus musulmanlarynyň hemaýatsyz däldigini görkezmegi taýdan möhümdi. Belarus taryhyndaky iň uly işewürler maslahatyndan biri bolan Türkiýe-Belarus İşewürler maslahaty hem geljege umytly garamaga esas döredýär.



Degişli Habarlar