Türk Taryhynyň Parlak Ýyldyzlary

Beýik Hun döwletiniň hany Atilla

617904
Türk Taryhynyň Parlak Ýyldyzlary

Başlaryndaky liderleri bolan Balamiriň ýolbaşçylygynda 375-nji ýyldan başlap Gara deňiziň demirgazygyndan Gündogar Ýewropa tarap ýol alan hunlar 378-nji ýylda Dunaý derýasyna çenli Balkanlarda ornaşypdyrlar. 395-nji ýylda Rimiň imperatory I. Teodosiusyň ýogalmagyndan soň hunlar bilen Wizantiýanyň arasyndaky parahatçylyk ylalaşygy hem öz güýjini ýitirdi. Hunlar Uldyz hanyň ýolbaşçylygynda 409-njy ýylda Dunaý derýasyny hem geçdiler. Şol wagtlar hunlar Günbatar Rimi özlerine hüjüm edýän gotlar, wandallar we franklar ýaly toparlardan halas etdiler. Uldyzdan soňra ýurdy 422-nji ýyla çenli Karadon atly han dolandyrdy. Ondan soň bolsa döwlediň başyna Rua geçdi. Rua Atillanyň kakasy Munjukyň jigsidi. Atillanyň kakasy Munjuk bolsa 408-nji ýylda ýogalypdy. Atilla ýaşlyk ýyllarynyň köp bölegini Ruanyň ýanyndan geçiripdi, gowy bilim we tälim alypdy.

Rua 433-nji ýylda Wenany Rimden resmi ýagdaýda alypdy. Rua 1 ýyl soň ýagny 434-nji ýylda aradan çykanyndan soň, onuň ýerine ýegeni Atilla döwlediň başyna geçidi. Atilla ol wagta çenli söweşlerde we döwledi dolandyrmakda özüni töwereklere tanadypdy. Jigsi Bleda hem oňa döwleti dolandyrmakda kömek berýärdi.

434-nji ýylda Ýewropa Hun döwlediniň başyna geçen Atilla özüniň ýurdy 19 ýyllap dolandyran mahaly işjeň hökümdar hökmünde tanatdy. Şol sebäpli Atilla Ýewropada “Taňrynyň gamçysy” ýa-da şuňa meňzeş lakamlar bilen tanaldy. Ol wagtlar ýewropalylar Beýik Hun döwlediniň hany Atillany özleriniň eden günäleri sebäpli Hudaý tarapyndan iberilendigine ynanypdyrlar.

 Atilla Gündogar we Günbatar Rim imperiýalaryna köp sanda sapar gurapdyr we ikisinden hem salgyt alypdyr. 434-nji ýyldaky Margos parahatçylyk ylalaşygy bilen we 447-nji ýylda Anatolyus parahatçylyk ylalaşygy bilen Gündogar Rim imperiýasy Atillanyň her diýenini kabul edýän ýagdaýa geldi. Ondan soň bolsa Atilla 451-nji ýylda Galliýa sapary bilen Katalon meýdanynda Günbatar Rimi we hyzmatdaşlaryny maglup etdi. Galliýanyň hökümdary boldy. 452-nji ýylda Italiýa giren Atilla garşy çykyp biljek goşun tapylmady. Atilla Italiýa geleninde Papa I. Leon, 1 konsul we gubernator Bazileus sowgatlar bilen onuň ýanyna gelip boýun egdiler. Şol duşuşyk Atilla bilen Papanyň arasyndaky ilkinji duşuşykdy. Atilla şol duşuşykda Papadan dini barada sorapdyr. Papanyň beren soragy bilen kanagatlanman oňa: “Siz ýalňyşýaňyz, Taňrynyň ogly bolmaz, ol ýeke täkdir” diýip özüniň ynanjyny orta goýan jogap beripdir. Şu waka bilen Atillanyň we hunlaryň ýeke hudaýlyga ynanýandygyny we öňki türki halklaryň ýeke hudaýly dine eýe bolandygyny görüp bilýäris. Papa duşuşykda Atilla her ýyl salgyt berjekdigini boýnuna alyp, Rim şäherini basyp almazlygyny haýyş edipdir. Atilla bolsa Honoriýa bilen onuň paýynyň özüne berilmän halatynda ýaňadandan Rime geljekdigi barada hemle atypdyr.

Atillanyň ýaşaýyşy we ynanjy barada şu aşakdakylary aýdyp bileris. Atilla sada geýinmegi halapdyr. Türki halklaryň myhmansöýerligini Atilla zamanynda hem görüp bolýar. Atilla myhmanlaryna altyn tabaklarda nahar hödürlän bolsa, özi agaç tabaklarda nahar iýipdir, myhmanlaryna altyn bulgurlarda içgi beren bolsa, özi içgileri agaç bulgurlarda içipdir. 

Atillanyň dinini düşündirýän beýleki bir hekaýa bolsa Lupusa we Atilla arasynda bolup geçen 8 asyra degişli Memorius dessanydyr. Dessanda Atilla merhemetsiz, gana susan dinsiz şa hökmünde suratlandyrylýar. Taryhçy Priskos hem özüniň käbir eserlerinde Atillany taňry şa hökmünde suratlandyrypdyr.

Atilla özüni Gögüň ogly hökmünde häsýetlendiripdir. Özüni bular ýaly häsýetlendirmegi bolsa, özünden ýokary barlygyň bardygyny kabul etdigi bolýar.

Sankt Memorius dessanyna görä Atilla hristiýan däldir we tersine hristiýanlara jeza bermek üçin iberilen adamdyr. Atilla özünden öňki we özünden soňky türki hökümdarlar ýaly Gök Taňry dinine baglydy we dinini üýtgetmedi.


Etiketkalar: #Atilla , #Hun , #gök , #dessan , #Rua , #Gök Taňry

Degişli Habarlar