Ýewraziýa Syn

BRICS maslahaty

606477
Ýewraziýa Syn

15-16-njy oktýabr aralygynda Hindistanyň günorta-günbatarynda Hindi okeanyna kenary bolan gadymy söwda şäheri Goada VIII BRICS maslahaty geçirildi. Hindistanyň ýolbaşçylygynda geçirilen maslahata Braziliýanyň, Russiýanyň, Hytaýyň we Günorta Afrikanyň liderleri gatnaşdylar.

Ýokary derejeli maslahatda ediljek hyzmatdaşlyklar bilen birlikde syýasat, ykdysadyýet we howpsyzlyk ýaly meseleler ele alyndy. BRICS maslahatynyň nobatdaky sanynda kabul edilen iň wajyp kararyň guramanyň çäginde täze kredit derejelendiriş guramasynyň döredilmegi diýip bileris. Hindistanyň Premýer ministri Narendra Modi mesele bilen baglanşykly BRICS-e agza ýurtlaryň öz aralarynda täze kredit derejelendiriş guramasynyň döredilmegi barada ylalaşandyklaryny mälim etdi. Liderler mundan başgada Ýewropalylaryň IMF dolanşyk geňeşiniň 2 ornunyň ösüp barýan ýurtlara berilmegini islediler.

Metbugat ýygnagynda söz sözlän Narendra Modi BRICS ýurtlarynyň umumy oba-hojalyk ylmy-derňew merkeziniň we demir ýoly liniýasynyň döredilmegi babatynda ylalaşandyklaryny habar berdiler.

BRICS Ysraýyl-Palestina ylalaşygy babatynda BMG-nyň kararyna laýyklykda iki aýry döwletli bir çözgüde gowuşmagyny we Gündogar Iýerusalimiň Palestinalylaryň paýtagty hökümde ykrar edilmegini isledi.

BRICS maslahatynyň ýadygärlik suratynda liderlere dürli reňkli žiletler geýdirildi. Putiniň geýen gök reňkli žilediň güýji we erbetliklere garşy göreşi aňladýandygynyň mälim edilmegi BRICS-e agza ýurtlarynyň Russiýany Günbatar ýurtlaryna garşy öz bürgüdi hökmünde görülýändigini görkezýär. Sebäbi beýleki ýurtlaryň liderleriniň geýen žiletleriň manysy has ýumşak we pozitiw manylary bardy. Sebäbi Putin metbugat ýygnagynda Russiýa-Amerika gatnaşyklary bilen baglanşykly “Amerikaly partnýorlarymyz biz bilen işlemek islese işläris. Islemeseler möhüm däl” diýipdi. Russiýanyň döwlet ýolbaşçysy Moskwanyň ABŞ bilen terlsleşmek islemeýädigini, emma bu ugurdaky saýlamyň resmi Waşingtondadygyny habar berdi. Russiýanyň Prezidenti mundan başgada Kollektiw howpsyzlyk guramasyna agza ýurtlaryň arasynda ýörite, taryhy we NATO agza ýurtlaryň arasyndakydan has çuň we ýakyn bir hyzmatdaşlygyň bardygyny we ony hökmany göz öňünde tutlmalydygyna ünsleri çekdi.

Maslahatyň çäginde liderler ikiçäk duşuşyklar geçirdiler. Hytaýyň we Russiaýnyň liderleriniň duşuşygynda liderleriň terrora garşy göreşde meňzeş pozisiýa eýedikleri, Orta Aziýadaky meselelere daşardan garjaşmaklygyň kabul edilip bilinjek zat däldigi er terrorçylaryň sebite girmekleriniň öňüne almak üçin hyzmatdaşlygyň artdyrylamgynyň hökmanydygy nygtaldy.
Si Szinpin we Narendra Modi duşuşygynda Modi Hytaýyň we Hindistanyň 21-nji asyryň Aziýanyň asyry bolmagy üçin bilelikde hereket edilmelidigine ünsleri çekip, Hytaý bilen ýokary derejeli gatnaşyklary saklap başda BRICS we Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasy bolmak bilen köptaraplaýyn ýagdaýda hyzmatdaşlygy güýçlendirmäe taýardyklaryny bellediler.

VIII maslahaty sebäpli 17-nji Russiýa-Hindistan maslahatam Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin we Hindistanyň Premýer ministri Narendra Modiniň ýolbaşçylygynda geçirildi. Iki lideriň geçiren duşuşygyndan soň Moskwa we Täze Deli S-400 ýaraglarynyň satylmagyny öz içine alýan şertnama gol çekdiler. Harby tehnologiýa ugrunda gol çekilen beýleki bir şertnama görä bolsa Russiýanyň Hindistan üçin 11356 taslamasyna degişli gämi öndürjekdigi belli boldy. Mundan başgada Ka-226T kysymly dik uçarlaryň önümçiligi üçin umumy kärhana gurular. Modi bilen Putin wideo şekilli göni aragatnaşyk arkaly Kudankulam ýadro desgasynyň 2-nji bölümini işletmäge başlap, bu ýerde guruljak 3-nji we 4-nji bölümleriň düýbini tutdylar. Desgada jemi 5 bölüm bolmagyna garaşylýar.

Putin Modi bilen geçiren duşuşygynda has täsirli işlemegi üçin BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşine Hindistanyň hemişelik agza bolmagyna goldaw berýändigini belledi.

Mundan başgada Ýewraziýa ykdysady bileleşik bilen Hindistanyň arasynda erkin söwda zolagyň döredilmegi bilen baglanşykly gepleşikler dekabr aýynda başlar.

Maslahatyň çäginde Hindistanyň paýtagty Täze Delide şu ýyl ilkinji gezek BRICS film film festiwali geçirildi. BRICS-e agza ýurtlaryň gatnaşmagynda geçirilen BRICS Film festiwalynda 20 film özara bäsleşdi. Öňümizdäki ýyl geçiriljek BRICS maslahaty Hytaýda bolar.

Globallaşýan dünýä bir tarapdan bölünmäge, sebitleýin guramaçylyga tarap gidýär. Hindistan Ýewraziýa geografiýasynyň lider ýurtlary bolan Hytaý we Russiýa bilen gatnaşyklaryny ösdürýär. BRICS Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasy ýaly sebitdäki  guramalar güýçlendigi saýyn, gündogar-günbatar dartgynlygy artýar. BRICS-iň güýçlenmeginiň adamzat asudalygyna hyzmat edermi ýa-da polýarizasiýany has hem artdyrarmy şy wagtlykça aýtmak kyn. Emma mundan soň gündogar-günbatar gatnaşyklarynyň ozlkysy ýaly dowam etmejekdigi görünüp dur.



Degişli Habarlar