Türk Taryhynyň Parlak Ýyldyzlary

Seýit Battal Gazy

606485
Türk Taryhynyň Parlak Ýyldyzlary

Anadolynyň Çukurowa, Eskişehir, Ankara, Malatýa şäherlerinde ýaşap geçen Seýit Battal Gazy türki halklaryň arasynda köp ýatlanyp geçilýän şahsyýetleriň biridir. Onuň hakyky şahsyýeti we rowaýata öwrülen şahsyýetini taryh ylmyna degişli ençeme tankytlardan geçirip hakyky Battal Gazynyň biografiýasyny ýüze çykarmak mümkindir.

Battal Gazynyň şahsyýeti 8-nji asyryň başynda Anadolydaky taryhy wakalar bilen birlikde gabat gelinýär. Ol yslamyň we Wizantiýanyň taryhy çeşmelerinde we şeýlede Anadolynyň ýerli çeşmelerinde ady geçen umumy şahsyýetdir. Onuň Eskişehir welaýatynyň Seýitgazi etrabyndaky gubury Türkiýe Seljukly Soltany Alaaddin Keýkubadyň döwledi dolandyran mahalynda ejesi Ümmühan Hatyn tarapyndan tapylýar we abatlanýar. Şonuň bilen baglylykda onuň ömri bilen baglanşykly doly anyklanmadyk taraplary hem bar. Ozal Battal Gazynyň malatýaly, damaskly, ankaraly, antakýaly, eskişehirli bolup bolmadygy barada jedeller bolan bolsa şolaryň arasynda indi Afýon hem goşuldy.  

Käbir çeşmelerde dessana öwrülen şahsyýet bolan Battal Gazynyň ýaşap geçen ýyllary türki halklaryň yslam dinine geçen ýyllaryna gabat gelýär. Şol wagtlar türki halklardan çykan serkerdeler musulman goşunynyň Anadolyny basyp alan wagtlary ýokary derejeli serkerdeleriň hatarlarynda atlary geçýärdi. Hazirki wagtda şonuň tersini ylmy taýdan goldap biljek başga çeşme ýokdyr. Battal Gazy sahabalar bilen ýakyndan gatnaşykda bolupdyr. Esasan hem sahabalaryň çagalary we agtyklary bilen yslamy ýaýratmak üçin Anadolyda köp işler ýerine ýetirdi. Sebitde ýaşap geçen garybyň, pukaranyň, ezileniň we ýolda galanyň ýanynda Battal Gazyny görmek bolýar.

Abbasy, Seljukly, Beglikler we Osmanly döwletleri zamanynda Battal Gazy lakamy bolan başgada ençeme şahsyýet bardy. Anadolynyň halky öz çagalaryna häzirki wagtda hem Battal adyny dakmaklaryny dowam etdirýärler. Şonuň bilen baglylykda biziň bu günki mowzugymyzdaky Battal sahabalar döwründe ýaşap geçen Battal Gazydyr. Taryhçy Ibn Kesir öz eserinde 727-nji ýylda Halyf Muawiýe Bin Hişamyň Battal Gazyny Anadolyda Wizantiýa garşy söweşmek üçin ugradandygyny ýazýar. Taryhçy Taberi hem Battal Gazyny öz eserlerinde adyny agzap geçýär. Battal Gazynyň 740-njy ýylda bolan söweşde şehit bolandygy taryhy resminamalar şaýatlyk edýär. Battal Gazynyň hakyky ady Abdullah Abu Ýahýadyr. Emewileriň Halyfy Abdülmelik Bin Merwan ogly Mesleme sebite ugartmak üçin harby goşun beren wagty ýany bilen Battal atly serkerdäni hem ýanyna beripdir. Battal Gazy Wizantiýa garşy aýgytly söweş alyp baran iň tanymal serkerdeleriň biridir. Battal Gazy Emewi Halyfy Abdülmelik Bin Merwan tarapyndan Adana sebitiniň gubernatory wezipesine bellenipdi.

Battal Gazynyň dessana öwrülen ömrüni düşündirýän eseriň gysgaça ady Battalnamadyr. Battalnama eserinde Battal Gazynyň ezilen halkyň şanyna gahrymanlarça söweşendigi barada ýazylyp geçilýär. Battalnama görä Battal Gazy türki halkdan bolan musulmandyr. Ol şol bir wagtda 4 Çaryýaryň soňkysy bolan Aliniň neberelerindendir we kakasynyň ady Hüseýin gazydyr. Ol eýýäm çaga wagty ylym taýdan gowy ýetişdirilipdir we söweş sungaty gowy öwredilipdir. Battalnama eserinde Seýit Battal Gazy bilen baglanşykly ençeme waka barada durulyp geçilýar.  Eserdäki atlar we wakalar onuň hakykatdan hem nirde ýaşap geçendigini, kimler bilen gatnaşykda bolandygy we haýsy wakalarda orun alandygy barada doly we giňişleýin ýazylýar. Yslam taryhynda köp agzalan 40 sany Battalnama eserinde iň köp ulanylan sanlaryň biridir.

Osmanly türkmen döwleti zamanynda bellige alynan depderlerde Battal Gazynyň nebereleri hem bellige alynypdyr. Bu bolsa Battal Gazynyň we onuň maşgalasynyň dogry ýagdaýda tanalmagyny üpjün edýär. Şol çäkde Battal Gazyny hakykatdan hem ýaşap geçen taryhy şahsyýet diýip anyk aýdyp bileris. Seýit Battal Gazy gahrymançylygy bilen beýleki adamlara nusga bolan şahsyýetdir.



Degişli Habarlar