“30 ýyllyk agdarlyşyk”

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugry hakyndaky syn

591349
“30 ýyllyk agdarlyşyk”

 

ABŞ-da çap edilýän köp tiražly žurnallardan biri bolan “The New Yorker” žurnali Fetullahçy terror guramasynyň Türkiýede 15-nji iýuldaky gan döküşikli agdarlyşyk synanşygy hakyndaky makalasyny “30 ýyllyk agdarlyşyk” söz başysy bilen okyjylaryna ýetirdi.

Agdarlyşyk synanşygy we FETÖ-niň gurluşy hakynda Dekster Filkins tarapyndan ýazylan makalada, guramanyň Türkiýedäki gurluşy we agzalarynyň Fetullah Gülene tabynlyklaryna üns çekildi.

Filkins FETÖ-niň polisiýa gullugy, ýaragly güýçler we adalat organy ýaly döwletiň strategiýa taýdan esasy orun eýeleýän edaradyr kärhanalaryna nähili ýagdaýda ornaşandygyny giňişleýin gürrüň berýän makalasynda ozal Fetullah Gülen we  guramanyň käbir agzalary bilen söhbetdeşlik geçirendigini ýatlatdy.

Fetullah Gülen bilen söhbetdeşlik geçirmek üçin ilkinji gezek 2014-nji ýylda guramanyň Nýu Ýorkdaky merkezine ýüz týtandgyny aýdan Filkins, emma Güleniň saglyk ýagdaý sebäpli ýüz tutmasynyň kabul edilmändigini we 1 ýyl soň Gülen bilen söhbetdeşlik geçirmekleri üçin özüniň Güleniň bolýan öýüne çagyrlandygyny belledi.

Güleniň sözlerini “aýlawly we düşünilmesi kyn” hökmünde häsiýetlendiren Filkins “Oňa ýolbaşçylyk edýän hereketiniň syýasat bilen arabaglanşygynyň bolup bolmandygyny soranymda, özüne goldaw berýänleriň sanynyň gaty köpdügini aýtdy. Haýsydyr bir raýatyň ýada sosýal toparyň syýasatdan çetde galyp bilmejekdigini çünki syýasy kararlaryň we hereketleriň şolaryň durmuşlaryna täsirini ýetirýändigini belledi” diýdi.

Güleniň gaty ýadaw görünýändigine ünsi çeken Filkins, 45 minut soň özüne söhbetdeşligiň gutarandygy hakynda duýduryş berlendigini nygtady.

Makalasynda Güleniň Türkiýede adalat we howpsyzlyk güýçlerindäki agzalaryna giňişleýin ýer beren Filkins, söhbetdeşliklerinden käbir bölümlere hem ýer berdi.

2011-nji ýylda Ankara guran saparynyň çäginde Orhan Gazi Ertekin atly kazy bilen duşuşandygyny aýdan Filkins, Ertekiniň özüne FETÖ-niň adalat organlaryndaky gurluşy baradaky tejribelerini paýlaşandygyny ýatlatdy.

Ertekiniň FETÖ-niň agzalarynyň Kazylar we prokurorlar ýokary geňeşine nähili ornaşandygyny gürrüň berendigine ünsi çeken Filkins, Ertekiniň “Gizlin dil ulanylýardy. Gülençiler kimiň saýlanjakdygyna karar berdi we hyzmatdaşlyk etmelidir hem öýtmediler” diýen sözlerine ýer berdi.

Filkins, litseýde okaýan ýyllarynda guramanyň hataryna goşulan we birnäçe ýylyň dowamynda FETÖ-niň hatarynda ýer alandan we jogapkärçilikli wezipelerde işländen soň guramanyň hataryndan aýrylan Ahmet Keleşiň Güleni ýönekeý adam hökmünde görünýändigine garamazdan özüne gyşarnyksyz  boýun egilmegini isleýän adam hökmünde häsiýetlendirendigini nygtady.

FETÖ-niň agzalarynyň Güleniň agzyndan galanlary iýmek üçin dawalaşýandyklary nygtalan makalada Keleşiň “Güleniň bu ýagdaýdan habary bar emma diňe ýylgyrmak bilen jogap berýär” diýen sözlerine ýer berildi.

Dekster Filkins makalasynda 17 ýyl FETÖ-niň hatarynda iş alyp barandan soň 2003-nji ýylda guramanyň hataryndan aýrylan Said Alpsoýyň Güleniň geýen aýakgaby hakyndaky ýatlamasyna ýer beripdir.

Filkins Alpsoýyň Güleniň aýýakgabyny geýen adamyň bir dabara gatnaşandygyny we şol adamyň aýýakgabyndan bir bölek deriniň goparlyp alynandygyny we birnäçe sagat gaýnadylandan soň başga adamlar tarapyndan iýilendigini gürrüň berendigini ýazdy.

Amerikaly ozalky ýolbaşçylaryň beýanatlaryna hem ýer berlen makalada, FETÖ-niň agzalarynyň agdarlyşyk synanşygynda öňbaşçy bolmak ähtimallygynyň ýokarydygy nygtalyp, “Çünki ýaragly güýçleriň hatarynda olardan has ýokarda we biri-birine tabyn bolan başga topar ýokdy” diýilýär.

Makalasynda 2008-2011-nji ýyllaryň aralygynda ABŞ-nyň Türkiýedäki Adalatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi wezipesini ýerine ýetiren Jeýmes Jeffreyiň garaýyşlaryna hem ýer beren Filkins, Jeffreyiň Türkiýedäki 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygy hakynda “Gülençiler agdarlyşyk etmäge synanşjak güýje eýe bolan ýeke-täk gurama”diýendigini ýatlatdy.

Filkins özüni podpolkownik A. K hökmünde häsiýetlendiren başga bir ýolbaşçynyň hem “Güleniň liderlerinden biri bolandygy aýdylýan bir adamdan 1 hepde ozal agdarlyşyk ediljekdigi habaryny aldyk” diýen sözlerine ünsi çekýär.

Filkins Prezident Diwanynyň iş dolandyryjysynyň orunbasary İbrahim Kalynyň bolsa özüne “Gülen hereketi uly jenaýat guramasy. Çaklamalarymyza görä agdarlyşyk synanşygyna gatnaşan 11 müňden gowrak adam bar. Gülen guramasy bilen arabaglanşykly adamlary doly anyklarys” diýendigini nygtady.

Makalada FETÖ-niň ýolbaşçysy Güleniň ABŞ-na ornaşmagynda esasy rol oýnan we Güleniň ýaşyl kart almagy üçin goldaw beren ABŞ-nyň Merkezi Razwetka gullugynyň ozalky içalysy Graham Fulleriň garaýyşlaryna ýer berilýär.

Fulleriň JYA-den aýrylandan soň syýasy yslam hakynda geçiren ylmy barlagynyň çäginde Gülen bilen tanyşandygyna ünsi çeken Filkins, Fulleriň JYA bilen Güleniň arasynda arabaglanşygyň bardygy hakynda habarynyň ýokdygyny aýdandygyny belleýär.

Filkins Fulleriň Gülen hakynda FBY goldaw hatyny ýazandygyny nygtandygyny we “ýaňadandan ýazaryn” diýendigini nygtaýar.

Filkins makalasynda Amerikaly diplomat Stuart Smit tarapyndan 2005-nji ýylda ýazylan telegrammada ýokary derejeli 3 türk polisiniň Güleniň ABŞ-da ýaşamagyny ýeňilleşdirmek maksady bilen ABŞ-nyň Stambuldaky konsulygyna barandygyny ýazdy.

 

 



Degişli Habarlar