“Günbatar agdarlyşyga we ondan soň başdan geçirilýänlere düşünmekde kynçylyk çekýär”

Agdarlyşyk synanşygynyň ähmiýetine düşünmeýänler millionlarça türkün 15-nji iýul şehitleriniň hatyrasyny saklamamağa synanşmagynyň sebäbine düşünmezlikleri ähtimal

583702
“Günbatar agdarlyşyga we ondan soň başdan geçirilýänlere düşünmekde kynçylyk çekýär”

2-nji okýabrda 15-nji iýulda guralan agdarlyşyk synanşygynda şehit bolanlar üçin hatyralama çäresi geçirildi. Türkiýäniň tanymal aýdymlarynyň ýerine ýetiren halk aýdymlarynyň repertuwary, şehitleriň gowy gören aýdymlaryndan düzüldi. Anadoly sebitinde ýaşaýan adamlaryň bagtyýarlygyny we gam-gussasyny asyrlardan bäri aýdymlary arkaly beýan edendikleri göz öňünde tutulanda, geçirilen çäre köp sanly adamyň duýgularyny beýan etdi.

Ol, 15-nji iýul şehitlerini hatyralamak üçin geçirilen köp sanly çäreden diňe biri. Geçen 10 hepdäniň dowamynda köp sanly dokumental film, çeper film, sosial media kampaniýasy we sergiler geçirildi. Şol sanda ylmy-amaly maslahatlar, diskusiýalar we ýygnaklar geçirildi. Geljek hepdelerde we aýlarda bularyň dowam etjekdigini ynam bilen aýdyp bileris.

Näme üçin? Günbatar dünýäsinde käbirleriniň maslahat berişi ýaly bu tragediýany unudup, geljege gönükmegiň wagty gelmedimi? Türkiýede ýaşaýan adamlar agdarlyşyk we ondan soňky hasaplaşyklar dowam edýärkä, Ýewropada we Amerikada köp sanly adam şol ýatdan çykmajak gijede we ondan soň başdan geçirilenleriň göwrümine göz ýetirmekde kynçylyk çekýär.

Türkiýede şu temada geçirilen hatyralama çäreleriniň sebäbi bilen bagly şek-şübhe ýok. Emma daşarda seredýänler we Türkiýe bilen gyzyklanýanlar üçin bu çäreleriň dik uçarlaryň we tanklaryň od açmagy ýaly gorkyny başdan geçiren adamlar taýdan uly ähmiýete eýedigini nygtamak ýerlikli bolar. Adamlaryň durmuşyny özgerden şol gije başdan geçirilenler bilen bagly düşünje tapawutlylygynyň bardygy we daşarky dünýäniň ony nähili ünsden sypdyrandygy mälim. Käbirleri 15-nji iýul agdarlyşyk synanşygynyň nähili çynlakaýdyna düşünmekde we ony ykrar etmekde başarnyksyz bolýar. Türk jemgyýetiniň eýe bolan dinamikalaryna düşünmäge ymtylýanlar agdarlyşygyň nähili meýilleşdirilendigine, iş ýüzüne geçirilendigine we netijede nähili yza serpikdirilendigine üns berseler, olar üçin peýdaly bolar. Bu mesele barada hakyky wakalara we beýanlara esaslanýan birnäçe iş çap edildi. Oňa mysal hökmünde “Daily Sabah” Syýasaty öweniş merkeziniň awgust aýynda çap eden habarnamasyny görkezmek ýerlikli bolar. Şol tekstde bizi gyzyklandyrýan agdarlyşygyň döreden täsiridir. Ol üç bölüm görnüşinde beýan edilýär.

Ähli zatdan ozal: 1980-nji we 1990-njy ýyllarda dünýä inen nesil mundan ozal agdarlyşyk görmändi. 1960-njy ýyldaky agdarlyşykdan soň Premýer ministr Adnan Menderesiň elhençlik bilen asylma wakasyny diňländirler. 1980-nji ýyldaky agdarlyşykdan soň bolsa sagçy-çepçi hereketleriň köpçülikleýin jezalandyrylmaklary baradaky hekaýalary eşidendirler. Müsürdäki we beýleki ýurtlardaky harby agdarlyşyklary eşiden we okan bolmaklary mümkin. Emma 2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda harby agdarlyşygy gönüden-göni başdan geçirdiler, tanklaryň, dik uçarlkaryň we harby uçarlaryň özlerine, ejelerine, kalalaryna, dostlaryna we garyndaşlaryna eden duşmançylygyna şaýatlyk etdiler. Uly dönükligiň geň galmasyny başdan geçirip, dostlarynyň we maşgala agzalarynyň şehit hem-de gahrymançylygyna şaýatlyk etdiler. Taryhy derejede demokratiýa dessasyny ýazdylar. Türkleriň şol gije nämeleri pida edendiklerini hatyralamaklaryndan tebigy zat bolmaz.

İkinjiden: Türkiýede köp sanly adam 15-nji iýul güni Gülen terror guramasynyň garaňky ýüzüniň ýaýradan howpyna göz ýetirdi. Olar Güleniň tarapdarlarynyň adaty adamlaryň ynançlaryndan nähili hyýanatçylykly peýdalanandyklaryny, döwlet edaralaryna, howpsyzlyk we hukuk goraýyjy guramalaryň düzümine nähili siňendiklerini, ummasyz baýlyk ýygnap, Türkiýede we dünýäniň köp sanly ýurdunda nähili jenaýat guramasyy döredendiklerini aç-açan görýärler. Daşardan seredýänler üçin ýagşy niýetli ýaly görünýän dini toparyň döwletiň içinde nähili döwlet döredendigine, kölege hökümet ýaly nähili işleri alyp barandygyna we kanunlary, düzgünnamalary öz bähbitleri üçin nähili özgerdendiklerine düşünmek kyn bolup biler. Emma Gülen tarikatynyň gizli işleri bilen bagly hakykatlar ýüze çykdygy saýyn suraty saýgarmak has ýeňil bolar. Görünýän bigünä, parahatçylygyň tarapynda durýan, dialogy saýlap alan hereket däl, gymmady näme bolsa bolsun, ykdysady we syýasy güýç gazanmagyň yzynda ylgaýan tarikatdan ybarat. Tarapdarlarynyň ylahy güýje eýedigine ynanýan adamy bolan Fetullah Güleniň isleglerini we görkezmelerini gyşarnyksyz hem-de gözi garalyk bilen tabynlyk esasynda, Türkiýede FETÖ atlandyrylýan topar 15-nji iýuldaky agdarlyşygy meýilleşdirdi we türk goşunynyň, polis edarasynyň we kazyýetiniň düzümindäki işgärler arkaly amala aşyrdy. http://guleninwestigation.com

Güleniň tarapdarlary ýyllar geçdigi saýyn üstüni ýapma we legal sebäpleriň aňyrsyna gizlenme boýunça ussatlaşdylar. Olaryň syýasy we ykdysady isleglerine boýun egmegi kabul etmeýänlere garşy mediadan we jemgyýetçilik guramalaryndan elhenç taslamalaryny legallaşdyrmak hem-de olary iş ýüzüne geçirmek maksadyna laýyklykda nähili peýdalanandyklaryny hemmeler gowy düşündi. Ýüzlerçe adamy gypynçsyz tussaghanalara ugratdylar, işlerinden kowdurdylar, garalama kampaniýalaryny guradylar we soňunda halkyň demokratik taýdan saýlan hökümetine uruş yglan etdiler. Hanefi Awjy, Ruşen Çakyr, Mustafa Önsel, Ahmet Şyk, Nedim Şener we Dani Rodrik Güleniň tarapdarlarynyň ýurdumyzda eden jenaýatlaryny delilleri bilen subut etdiler. http://ecfr.eu/article/Turkey­_after­_July_15? view_from_Ankara_7088

Üçünji husus bolsa: günbatar ýurtlarynyň we metbugatynyň ünssizligine türk halkynda döreden reaksiýasy. Günbatar ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň agdarlyşykdan soň ýurdumyza sapara gelmezligi, konserwatoryndan günbatar tarapdaryna, jemgyýetiň ähli gatlaklaryny biynjalyk etdi. Günbataryň agdarlyşyga we ondan soň başdan geçirilenlere şeýle ünssiz çemeleşmesi diňe bir hökümeti goldaýanlaryň däl, eýsem oppozision partiýalarynyň we çepçi-liberal garaýyşdaky ýazyjylarda hem uly garşylyk döretdi. Günbataryň media organlarynyň esasy bölegi wakalary hakyky agdarlyşyk däl-de, eýsem harby goşunyň guran kiçijik pitne hökmünde görkezdi. Agdarlyşykdan soň görülen çäreleri agdarlyşygy öz janyny orta goýup we halky herekete geçirip yza serpikdirmegiň hötdesinden gelen dolanşygyň özüne ýagny prezidentimize we hökümetimize hüjüm etmek üçin bahana hökmünde peýdalandylar. Ýewropaly baýry döwlet adamy golaýda maňa Ýewropadaky adamlaryň köpüsiniň beýleki birnäçe wakala bilen birlikde Türkiýäniň mejlisiniň 15-nji iýulda bombalanandygyny bilmeýändigini aýtdy. Aslyna seredilende yza serpikdirilen agdarlyşykdan soň ABŞ-nyň Wise-prezidenti Jo Baýden we NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenberg bilen Türkiýä sapar guranlar, gelmezden ozal wakalar barada giňişleýin maglumatynyň bolmandygyny beýan edipdi. Günbataryň media organlarynyň esasy bölegi agdarlyşyk gijesinde başdan geçirilenleriň dramatiki fotosuratlaryny senzuraladylar we prezidente, hökümete garşy tankydy pozisiýalaryny dowam etdirdiler.

Agdarlyşyk synanşygynyň ähmiýetine düşünmedikler millionlarça türküň 15-nji iýul şehitleriniň hatyrasyny saklamaga synanşmagyň sebäbine hem düşünmezler. Meýletin sowatsyzlygyň we syýasy pursatçylygyň ýerine düşünjeliligiň gerek bolan günlerinde bu hakykatdan hem gynandyryjy.

Makalanyň awtory:

Preziden Diwanynyň İş Dolandyryjysynyň Orunbasary, Prezidentiň Metbugat Sekretary İ.Kalyn.

 



Degişli Habarlar