FETÖ/PDÝ-niň ýolbaşçysy ABŞ-dan gaçmaga taýarlanýar

Türkiýe FETÖ-niň ýolbaşçysynyň gaçmazlygy üçin çäre görýär

576324
FETÖ/PDÝ-niň ýolbaşçysy ABŞ-dan gaçmaga taýarlanýar

Fetullahçy terror guramasy-Parallel döwlet ulgamy FETÖ/PDÝ-niň ýolbaşçysy ABŞ-dan gaçmaga taýarlanýar.

Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde berlen habarlara görä,15-nji iýulda agdarlyşyk synanşygynyň guralmagy üçin görkezme beren FETÖ-niň ýolbaşçysy ABŞ-da soňky günlerini ýaşaýar.

Terrorçylaryň ýolbaşçysynyň Türkiýä yzyna berilmezligi üçin gaçmak üçin meýilnama taýarlanýar.

FETÖ-niň ýolbaşçysy 1999-njy ýyldan bäri ýaşaýan ýeri bolan Pensilwaniýadan gaçmaga taýarlanýar.

Türkiýe hem FETÖ-niň ýolbaşçysynyň gaçmazlygy üçin çäre görýär.

Adalat ministri Bekir Bozdag FETÖ-niň ýolbaşçysynyň gaçmazlygy üçin Amerikaly ýolbaşçylardan gyssagly tussag edilmegini talap edendiklerini nygtady.

Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde berlen habarlara görä, FETÖ-niň ýolbaşçysy üçin Braziliýadan baş penalyk soraldy.

FETÖ-niň agzalary Kanada we Belgiýada hem taýarlyk görýär.

FETÖ-niň ýolbaşçysyna ýakyn adamlardan ozalky İçeri işler müdüri Ahmet Sait Ýaýlanyň Belgiýada willa satyn alandygy nygtalýar.

FETÖ-niň ýolbaşçysy eýsem näme üçin ýokarda ady agzalýan ýurtlara gaçmaga taýarlanýar?.

Kanada bilen Türkiýäniň arasynda jenaýatçylaryň yzyna berilmegi meselesinde şertnama ýok.

Belgiýa we Braziliýa bilen bolsa jenaýatçylaryň yzyna berilmegi hakynda şertnama bar emma diňe kagyz ýüzünde.

Belgiýa PKK-ly we DHKPC-li terrorçylary Türkiýä yzyna bermedi.

 

 



Degişli Habarlar