Günbatar metbugaty Güleniň bähbidine edilen tagallalary ýüze çykardy

“Meýletin sürgünden”  “süýji dillä” çenli günbataryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ulanylan frazalar

552205
Günbatar metbugaty Güleniň bähbidine edilen tagallalary ýüze çykardy

Günbatar metbugaty Güleniň bähbidine edilen tagallalary ýüze çykardy

Daşary ýurt metbugatynda FETÖ-niň (Fetullahçy terror guramasy) ýolbaşçysy Fetullah Güleniň haýsy sypatlar bilen atlandyrylandygy barada Metbugat-neşirýat we maglumatlar edarasy tarapyndan geçirilen barlag esasanda günbatarda we ABŞ-da “mähirli” sözler bilen Güleniň bähbidine propoganda alynyp barylandygyny ýüze çykardy.

Meýletin sürgünden”  “süýji dillä” çenli günbataryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ulanylan frazalar

“Daşary ýurt metbugatynda FETÖ-niň lideri” söz başyly habar-analizimiziň çäginde 2016-njy ýylyň 1-nji maýy bilen 9-njy awgusty aralygynda 126 sany daşary ýurt gazeti we žurnaly, 21 teleýaýlym 15 habarlar gullugy seljerildi, 2,726 habar derňeldi.

Amerikan metbugatynda terror ýolbaşçysy Güleniň “hormatly dynç alyşdaky dini wagyzçy”, “meýletin sürgündäki ymam”, “süýji dilli”, “populýar”, “77 ýaşly hassa we garry ymam”, “ýönekeý din adamsy”, “syrly din adamsy”, “täsirli oppozisioner”, “Erdoganyň ozalky hyzmatdaşy” ýaly ýönekeýleşdiriji sypatlar bilen atlandyrylandygy anyklandy. Amerikan metbygatynyň bu çemeleşmesi Amerikan ýolbaşçylary tarapyndan her pursatda hyzmatdaş we dost ýurt atlandyrylan Türkiýe hem-de türk halky tarapyndan ikiýüzlilik hökmünde kabul edilýär.

Barlagymyza laýyklykda nemes metbugaty terror ýolbaşçysy Gülen barada “Güleniň tory”, “Meýletin sürgündäki ymam”, “parasatly din wagyzçysy”, “Erdoganyň köne düşmany/ozalky hyzmatdaşy”, “Pensilwaniýa dağlarynda ýaşaýan garry we hassa adam”, “Afrikada täsiri güýçli jemagat”, “zäherli ýylan” ýaly kesgitlemeleri saýlap aldy. Nemes metbugaty FETÖ-ni terror guramasy hökmünde atlandyrmazlyk üçin ýygy-ýygydan “hamala” sözüni ulanmagy saýlap aldy.

Fransuz metbugatynda “ozalky hyzmatdaş”, “sürgündäki din wagyzçysy”, “ruhany lider”, “75 ýaşly hassa we ýadaw adam” sypatlary ulanyldy. Türk ýolbaşçylarynyň FETÖ kesgitlemeleriniň goşa dyrnak üçinde berilmegini saýlap alan fransuz metbugatynyň bu çemeleşmesine terrorizme garşy Türkiýe bilen arkalaşyk etmezlik hökmünde garalýar.

Iňlis metbugatynda bolsa FETÖ-niň ýolbaşçysy Gülen üçin “harizmatiki din adamsy”, “77 ýaşly dini lider”, “ýönekeý din adamy”, oppozisioner”, “dinara dialog ýüzlenmelerini berýän” ýaly sypatlar saýlanyp alyndy. “Terror guramasy we parallel döwlet ulgamy” frazalarynyň bolsa ýöňkeme hökmünde görkezilendigi anyklandy.

Dünýä metbugaty Gülen üçin haýsy sypatlary ulandy?

Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň metbugat serişdelerinde: “Amerikada ýaşaýan din adamy” “intellektual”, “Afrikanyň esasy wekillerinden biri”, hökmünde häsýetlendirilen Gülen, Eýranyň metbugatynda: “Eýran Yslam Respublikasynyň gaýduwsyz garşydaşy”, “sürgündäki din adamsy”, “agdarlyşyk synanşygyny guramakda günäkärlenýän adam” sypatlary bilen beýan edilen bolsa, FETÖ degişli esgerler üçin bolsa “Fetullah Gülen terror guramasyna degişli harby pitneçiler” kesgitlemeleriniň ulanylandygy ünsleri çekýär.

FETÖ-niň ýolbaşçysy Gülen Hytaýyň metbugatynda: “Amerikalylaşan türk din adamsy”, “dini şahsyýet”, “sürgündäki oppozisoner”, Ysraýylyň metbugat serişdelerinde bolsa: “radikal yslamçy”, “gizlin terror guramasy”, “Türkiýeli sünni din adamsy”, “sürgündäki musulman din wagyzçysy” kesgitlemeleri ulanyldy.

Ýapon metbugatynda Gülen barada: “Yslamçy dini pedagog”, “Gülen molla”, italian metbugat organlarynda: “Sünni ymam”, “ymamyň ogly”, “Gülen imperiýasy”, golland metbugatynda: “halkara firmalaryň, ylym ojaklarynyň, banklaryň eýesi, täsirli ymam” sözleri ulanyldy. Kürt dilinde berilen habarlarda bolsa Gülen: “Yslama çagyryjy”, “Erdogan döwletini ýykjak ýeke-täk güýç”, “Kürt garşydaşy”, “Parallel guramanyn lideri” kesgitlemeleri bilen gün tertibine geldi.

FETÖ-niň ýolbaşçysy rus metbugat serişdelerinde bolsa: “syrly din adamsy”, “Türki dilli döwletlerde yslamy mekdepleriň eýesi”, “Güleniň imperiýasy”, “Prezident Erdoganyň gaýduwsyz bäsdeşi”; Gresiýanyň metbugat organlarynda bolsa: “Türk lideriň syýasy-ruhy pozisiýasynda kesgitleýji rol oýnan Gülen”, “Günbatary goldaýjy pozisiýasy bilen konserwatiw musulman ýörelgeleri birleşdiren”, Saud Arabystanynyň metbugatynda: “Terrorçy guramanyň lideri”, “agdarlyşykdan jogapkär dini lider”, Müsüriň metbugatynda: “Türk din adamsy”, “Harby agdarlyşyk synanşygynyň birinji günäkäri”, “Yslamy pikirzada”, Kipriň grek metbugatynda: “serhetleri aşan hyzmat hereketiniň atasy” we şwed metbugatynda: “Merkezi ABŞ-da ýerleşýän din wagyzçysy”, “Musulman lider”, “sürgündäki yslam wagyzçysy” ýaly kesgitlemelere orun berildi.

Fetullah Gülen üçin “parasatly” kesgitmeler tapmak ugrundaky tagalla

Günbataryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň Türkiýä garşy çemeleşmesine FETÖ-niň soňky ýyllara çenli zekat, sadaka, gurbanlyk mal ady astynda türk halkynyň haýyr-yhsan duýgularyndan hyýanatçylykly peýdalanyp ýygnan pullary bilen alyp baran lobbi işleriniň hem goşandynyň bardygy barlagyň ýüze çykaran netijelerinden biri. Köp sanly günbatar habar beriş serişdeleri bilen guramanyň agzalarynyň arasynda açylan ýakyn gatnaşyklar dürli daşary ýurtly syýasatçylarynyň Türkiýä garşy habarnama taýarlamagy üçin berilen maliýe goldawlary bolsa şol lobbi işleriniň iň anyk delilleri hökmünde hasaplanylýar.

Günbataryň habar beriş serişdeleriniň ilki PKK we PÝD barasynda çykan habarlarda ulanan dili göz öňünde tutulanda, şol çemeleşme türk halky üçin geň galdyryjy däl. PKK we PÝD üçin “partizan”, “kürt söweşijiler” ýaly atlandyrmalary ulanan günbataryň mediasy ýenede bir gezek Türkiýä garşy köp sanly bikanun işe baş goşan, ýüzlerçe adamyň pida bolmagyndan, münlerçesiniň ýaralanmagyndan jogapkär bolan FETÖ we onuň ýolbaşçysy Fetullah Gülen üçin “parasatly” kesgitlemeler tapmak ugrundaky tagallasyny dowam etdirýär.

Metbugat-neşirýat we maglumatlar edarasynyň başlygynyň orunbasary Ekrem Okutan şol barlag barada “Anadoly” habarlar gullugyna interwýu berdi. Okutan barlagyň halkara metbugatynda orun alan habarlaryň FETÖ-niň iş ýüzünde kimlere hyzmat edýändigini ýüze çykarandygyny nygtap, halkara habar beriş serişdeleriniň Türkiýäniň demokratiýasy boýunça synypyny geçip bilmändigini beýan etdi.



Degişli Habarlar