Hyýanatçylykly synanşyk

Prezidentiň we Premýer ministriň çagyryşy bilen ýurduň çar tarapynda halk köçä çykdy we agdarlyşyga ýol bermedi

531870
Hyýanatçylykly synanşyk

 

15-nji iýulda Türkiýäniň ýaragly güýçleriniň çägindäki Fetullahçy terror guramasyna agza bir topar ofiser harby agdarlyşyk etmäge synanşdy emma ýurduň çar tarapynda halkyň görkezen garşylygy sebäpli maksadyna ýetip bilmedi.

Prezidentiň we Premýer ministriň çagyryşy bilen ýurduň çar tarapynda halk köçä çykdy we agdarlyşyga ýol bermedi.

15-nji iýulda anna güni sagat 22.00-da FTG-nyň agdarlyşyk synanşygy, 16-njy iýulda şenbe güni sagat 20.02-de dolulygyna yzyna serpikdirildi.

Fetullahçy terror guramasynyň agdarlyşyk synanşygy we ondan soň başdan geçirlenler gysgaça şeýle:

Agdarlyşyk synanşygynyň ilkinji alamatlary 15-nji iýulda agşamara Ankaradaky Baş ştabyň başlyklygyndaky hereketlilik bilen ýüze çykdy.

Baş ştabdan ýarag sesleri geldi we dikuçardan daşardakylara ot açyldy.

Ankarada harby uçarlar birnäçe sagadyň dowamynda pesden uçdular.

Uçarlardan we harby dikuçarlardan stragetiýa taýdan esasy orun eýeleýän bina ot açyldy, käbir ýerler bombalandy we tanklar halkyň üstüne sürdi.

Paýtagt Ankarada TBMM-si, Baş ştab, Milli howpsyzlyk gullugy, Ankaranyň İçeri işler müdürligi, Gölbaşy etrabyndaky Polis Akademiýasy nyşana alyndy.

Baş ştabyň başlygy goşun generaly Hulusi Akar synanşykda  harby topar tarapyndan zamun alyndy.

Baş ştabyň başlygy Hulusi Akaryň käbir serkedeleri we kömekçisi hem harby agdarlyşyk synanşygyna goldaw berdi.

Baş ştabyň başlygy Hulusi Akaryň agdarlyşyk jarnamasyna gol goýmagy üçin basyş etdiler.

Başyna ýarag çeýenen goşun generaly Akaryň damagy hem kemer bilen sykyldy.

Hulusi Akara “jarnama gol goýsaňyz janyňyzy bagyşlarys” diýildi.

Akar ýanyndaky serkerdeler bilen birlikde dikuçar bilen Akynjy harby bazasyna alnyp gidildi.

Synanşykda zamun alynan we düýn Ankarada şehitler soňky ýoluna ugradylýança görünmedik Gury ýer güýçleriniň serkerdesi goşun generaly Salih Zeki Çolagyň hem nahili ýagdaýda zamun alynandygy belli boldy.

Goşun generaly Çolagk duzaga duşürildi we Baş ştabyň başlygy Hulusi Akaryň ýörite ofiseri tarapyndan ştab kwartira çagyryldy.

Edil şol pursatlarda Stambulda Bogaziçi we Fatih Soltan Mehmet köprüleri we Atatürk howa menzili harby topar tarapyndan gatnawa ýapyldy.

Premýer ministr Binaýly Ýyldyrym telefon arkaly agdarlyşyga synanşylýandygyny nygtady we “Bu synanşyga asla rugsat berilmez. Agarlyşyga synanşanlar jerimesini tölär” diýdi.

Türkiýäniň çar tarapynda hereketli sagatlar başdan geçirildi, şol sagatlarda Türkiýäniň ýaragly güýçleriniň resmi internet saýtynda agdarlyşyk jarnamasyna ýer berildi.

Jarnamada ýaragly güýçleriň hökümeti ele geçirendigi nygtaldy.

Beýleki tarapdan Türkiýäniň Radio-telewideniýe guramasy TRT hem bir topar esger tarapyndan basylyp alyndy.

Synanşyga gatnaşan esgerler TRT-niň işgärlerine hemle atdylar.

Synanşyga gatnaşanlar öz jarnamalaryny göni ýaýlymda ýarag bilen okatdylar.

Birnäçe wagt soň bolsa TÜRKSAT TRT-niň ýaýlymlaryny kesdi.

Prezident Erdogan hem telewideniýe arkaly synanşyga garşy halky köçä çykmaga çagyrdy.

Erdogan “Milli ygtyýara garşy bolan bu aýaga galyşlyga kanunlaryň çäginde berk garşylyk görkeziler” diýdi.

Türkiýäniň çar tarapyndan halk köçä çykyp agdarlyşyk etmäge synanşanlara berk garşylyk görkezmäge başlady.

Harby ýolbaşçylar tarapyndan hem synanşyga gatnaşan esgerlere harby bazalaryna dolanyp barmaklary üçin çagyryş berildi.

Halkyň goldaw bermeginde TRT-däki esgerler göz tussaglygyna alyndy we TRT adaty ýaýlymlaryna başlady.

Milli howpsyzlyk gullugy hem birnäçe wagt soň dowam edýän operasiýalaryň çäginde harby agdarlyşyk synanşygynyň yzyna serpikdirlendigini mälim etdi.

Premýer ministr Binaýly Ýyldyrym FTG-na agza esgerler tarapyndan ulanylan harby uçarlaryň ýok edilmegi üçin görkezme berdi.

Synanşyga gatnaşanlara garşy operasiýalar dowam etdi.

Türkiýäniň çar tarapynda generallar we admerallar bilen birlikde Türkiýäniň ýaragly güýçleriniň çäginde müňlerçe adam göz tussaglygyna alyndy.

Ertiriň irki sagatlaryna çenli habar alynmadyk Baş ştabyň başlygy goşun generaly Hulusi Akar guralan operasiýada boşadyldy.

Beýleki tarapdan synanşyga gatnaşan esgerleriň Baş ştabyň ýüzlenme ulgamyndan harby toparlara ugradan görkezmesi hem ýüze çykdy.

“Ýyldyrym hereketi” çäginde guralan agdarlyşyk görkezmesiniň 15-nji iýulda 15.22-de 3 sahypa we 20 madda hökmünde berlendigi anyklanyldy.

Sagat 03:00-da häkimiýetiň ele geçiriljekdigi aýdylýan görkezmede köçä çykmak gadagançylygynyň bolsa sagat 06:00da başlajakdygy nygtalýar.

Baş ştabyň Türkiýäniň ýaragly güýçleriniň ýüzlenme ulgamyndan ugradylan görkezmede Ýurtda parahatçylyk toparynyň lideri Mehmet Partikoç bilen polkownik Jemil Turhanyň goly bar.

Jarnamanyň goşundylarynda bolsa harby agdarlyşykdan soň kaziýetlerde iş alyp barjak hünärmenleriň sanawy bar.

Agdarlyşygyň maksady bolsa “Halkara guramalar we halkara jemgyýet bilen global parahatçylygyň we asudalygyň üpjün edilmegi üçin ýakyndan gatnaşyk etmek” hökmünde beýan edildi.

Eýsem agdarlyşyga näme üçin wagtyn ir synanşyldy?

Gizlinlkde alnyp barylaýn hyýanatçylykly meýilnama, watansöýer esgeriň polise telefon edip “Esger ertiriň irki sagatlaryna agdarlyşyk üçin işe girişer we agdarlyşyk üçin gyrgynçylyk eder” diýen duýduryşy bilen bozuldy.

Agdarlyşyk syrlary paş edilendigi üçin Fetullahçy terror guramasy meýilnamasyny göz öňünde tutulşynan ir durmuşa geçirmäge synanşdy.

8 sagat öň harby bazalaryndan çykan dönükler 1-nji goşunyň we Prezident R. T. Erdoganyň tutanýerli tututmy sebäpli maksatlaryna ýetip bilmediler.

Ýörite güýçleriň serkerdeligini ele geçirmäge synanşýarka göz tussaglygyna alynan we düşündiriş berenden soň tussag edilen käbir esgerleriň düşündirişine görä, synanşyga gatnaşan esgerler Prezidenti goraýan ýörite harby toparyň merkezi jaýynda ýaraglandyryldy we agdarlyşyk görkezmesi Baş ştabdan faks bilen geldi.

Synanşyga gatnaşan we tussag edilen esgerleriň düşündirişinde şeýle diýildi: “15-nji iýulda harby türgenleşigiň geçiriljekdigi bahanasy bilen Prezidenti goraýan ýörite harby merkezi getirildi, ol ýerde esgerler ýarag we ok däri bilen üpjün edildi”

Ýaraglanan esger goranyş maksady bilen Ankaranyň Gölbaşy etrapçasynda ýerleşýän Polis Akademiýasyna tarap hereket etdi.

Gapyda duran esgerlere içeri hiç kimiň alynmazlygy üçin görkezme berildi, soň bolsa Baş ştabdan agdarlyşyk görkezmesi faks arkaly ugradyldy.

Serkerdeleriň çalşandygy nygtalýan faksda täze serkerdeleriň atlary ýer alýardy.

Faksda Serkerde Zekai Aksakgally wezipesinden boşadylyp ýerine Semih Terziniň bellenendigi nygtaldy.

Baş ştapda, Türkiýäniň ýaragly güýçleriniň çägindäki Fetullahçy terror guramasyna agza bir topar ofiser tarapyndan başladylan agdarlyşyk synanşygy halkyň hem uly goldaw bermeginde ýurduň çar tarapynda 22 sagatda gözegçilik astyna alyndy.

Yzyna serpikdirlen harby agdarlyşyk synanşygyndan soň FTG-na agza polislere, esgerlere, kazylara we sülçülere garşy guralýan operasiýalar dowam edýär.

Şol çäkde müňlerçe adam göz tussaglygyna alyndy.



Degişli Habarlar