"Türkiýe taryhy bilen ýüzleşmekden asla gaça durmaýar emma töhmede garşy berk tutum alyp barar"

Kalyn Germaniýanyň 1915-nji ýylda başdan geçirlen wakalar hakyndaky kararyny “syýasy jogapkärsizlige mysal” hökmünde häsiýetlendirdi

503228
"Türkiýe taryhy bilen ýüzleşmekden asla gaça durmaýar emma töhmede garşy berk tutum alyp barar"

Germaniýanyň 1915-nji ýylda başdan geçirlen wakalar hakynda kabul eden karary barasynda garaýyş beýan eden Prezident Diwanynyň iş dolandyryjysynyň orunbasary Ibrahim Kalyn, Türkiýäniň taryhy bilen ýüzleşmekden asla gaça durmaýandygyny emma töhmede, ýalana we propaganda garşy berk tutum alyp barjakdygyny aýtdy.

Ibrahim Kalyn Germaniýanyň Federal mejlisiniň 1915-nji ýylda başdan geçirlen wakalar hakyndaky kararyny “syýasy jogapkärsizlige mysal” hökmünde häsiýetlendirdi we “1915-nji ýyldaky wakalary bahana edip şu günki Türkiýe Respublikasyna we halkyna basyş etmäge synanşmak dogry däl, Türkiýe Respublikasy döwletini we halkyny hiç tanamadylar” diýdi.

Holokostiň jogapkäri Germaniýanyň belkide özüni aklamak duýgusy bilen hereket edýändigini aýdan Kalyn; “Kararyň Türkiýe taýdan hiç hili hökmi we manysy ýok we bu karary berk ýazgarýarys” diýip belledi.

Kalyn Prezident R. T. Erdoganyň 2005-nji ýylda Bilelikdäki taryh komissiýasynyň döredilmegi hakynda çagyryş berendigini ýatlatdy we Ermenistanyň we ermeni tezislerine goldaw berýänleriň şol çagyryşa oňyn jogap bermändigine aýratyn ünsi çekdi.

Kalyn kararyň Türkiýe bilen Germaniýanyň arasyndaky syýasy we jemgyýetçilik gatnaşyklaryna ýaramaz täsirini ýetirjekdigini nygtady.

 

 



Degişli Habarlar