Al Aksa meselesi çözgüdine garaşýar

Musulmanlaryň ilkinji kyblasy özboluşlygyna eýe bolan Al Aksa metjidiniň gözegçiligi bilen bagly jedelleşikler dowam edýär

400413
Al Aksa meselesi çözgüdine garaşýar

İordaniýa bilen Müsüriň arasynda musulmanlaryň Al Aksada namaz okamagyna rugsat berýän ylalaşyga Palestina Yslamy Hereketi garşylyk görkezdi.
Hereketden berilen beýanatda: “Soňky döwürde Al Aksa metjidi meselesinde ABŞ-nyň tagallasy bilen gazanylan ylalaşyklaryň gözboýagçylykdan ybaratdygy” nygtalýar.
Şol ylalaşyklar bilen Ysraýyl bilen Al Aksadaky we İýerusalimdäki nähak özygtyýarlygyny dowam etdirýändigi barada nygtalýan behanatda: “Şol ylalaşyk bilen musulmanlaryň Al Aksa metjidinde namas okamaklary hamala diýersiňiz Ysraýyldan berilen sadaka ýaly görünmage başlady. Şol ylalaşyklar İordaniýanyň Al Aksa metjidindäki özygtyýarlygyny düýpli ejizletdi” diýilýär.
Ysraýylyň Premýer ministri Binýamin Netanýahu bolsa Al Aksa metjidini bölmek niýetleriniň bolmandygyny aýtdy.
Netanýahu: “Ybadat depesi” atlandyran Haramy Şerifiň “üç semawi” dini ykrar edenler-ýehudiler, musulmanlar we hristiýanlar- üçin eýe bolan ähmiýetini ykrar edýändiklerini nygtady.
Ysraýylyň Premýer ministri İordaniýa degişli “Al Aksa metjidiniň dolanşyk hukugyna eýe bolan gaznalar bilen” ysraýylly ýolbaşçylaryň arasynda ösýän hyzmatdaşlyga kanagatlanma bildirdi.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri golaýda İordaniýa guran saparyndan soň İordaniýa bilen Ysraýylyň Haramy Şerifiň we Al Aksa metjidiniň howlusyna kamera goýup, 24 sagadyň dowamynda gözegçilik edilmegi barada ylalaşandygyny habar beripdi.
Kerri Netaýahunyň musulmanlaryň Haramy Şerifde namaz okamaklaryna, musulman bolmaklaryň bolsa diňe zyýarat etmeklerine şert döredýän syýasat alyp barmagyny kabul edendigini hem beýan edipdi.
Ysraýyl Al Aksa metjidini öz içine alýan Gündogar İýerusalimi 1967-nji ýylda basyp alypdy. Şol seneden 2000-nji ýyla çenli İordaniýa tabynlykdaky Al Aksa gaznasy, Haramy Şerifiň dolanşygynda ýeke-täk ygtyýarly boldy. Musulman däl syýahatçylaryň Aksanyň howlusyna edýän zyýaratlary hem Aksa gaznasynyň gözegçiliginde amala aşyryldy.
Ysraýylyň ozalky premýer ministri Ariel Şaronyň 2000-nji ýylda ýüzlerçe janpenasy bilen Al Aksa metjidini zyýarat etmegi sebäpli “İkinji göreş” başlady. Aksa gaznasy Şaronyň zyýaradyna reaksiýa hökmünde şol zyýaratlary gadagan etdi we Ysraýylyň “zyýaratlaryň ýaňadandan başlamagy” baradaky isleglerini ret etdi. Şondan soň 2003-nji ýylyň aprelinde Ysraýylyň hökümeti Aksa gaznasynyň garşy durýandygyna garamazdan musulman däl syýahatçylary bir taraply häsaýetde Haramy Şerifiň howlusyna kabul etmäge başlaýar. İne şol günden bäri Al Aksa metjidiniň hukuk derejesi musulmanlara garşy bozuldy.
Ysraýylyň hökümeti 2003-nji ýyldan bäri ýehudi ýaşaýjylaryny polisiň goragy bilen Aksanyň howlusyna kabul edýär we wagtal-wagtal musulmanlara ýaş çäklendirmesini goýýar. Köp sanly ysraýylly radikal gurama we syýasatçy ýykylan ýehudi ybadathanasynyň bardygy aýdylýan Haramy Şerifiň özleri üçin hem ybadada açylmagyny isleýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar