Ýeňiş baýramyna bagyşlanan ýörite gepleşik

Şu gün Türkiýe üçin diýseň möhüm bolan ýeňiş baýramyny belläp geçýäris

338539
Ýeňiş baýramyna bagyşlanan ýörite gepleşik

Şu gün Türkiýe üçin diýseň möhüm bolan ýeňiş baýramyny belläp geçýäris. 1922-nji ýylyň 30-njy awgustynda Türkiýäniň ýaragly güýçleri basyp alyjy güýçleri uly ýeňilişe sezewar edip Anadolyny basyp alyjy güýçlerden halas edýär. 1-nji Jahan urşunyň ýeňijileri bolan Britaniýa, Fransiýa, Amerika, İtaliýa, Gresiýa Ankaradan gönükdirilýän Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň ýaragly güýçleriniň ýeňişini ykrar edýärler we Stambuldaky we Frakiýada basyp alyşlyklaryny bes edýärler. Ýeňişiň yzy ýanyndan Lozannada geçirlen parahatçylyklar gepleşikleri bilen Türkiýe Respublikasynyň düýbü tutulýar.
1-nji jahan urşuna Germaniýa we hyzmatdaşlary bilen gatnaşan Osman imperiýasynyň hyzmatdaşlarynyň uruşda ýeňilmegi bilen 1918-nji ýylda Mondrosda baglaşylan şertnama bilen ýeňilişini kabul edýär. Şertnama laýyklykda iňlisleriň ýolbaşçylyk etmegindäki ýeňiji döwletler Osman imperiýasyny öz aralarynda paýlaşmak üçin käbir ýerleri basyp almaga başladylar. Paýtagt Stambula Dolmabahçe köşgüniň öňüne çenli gelen ýeňiji döwletleriň gämileri türk halkynyň garaşsyzlygyna howp salýardy. Gysga wagt soň Stambula guýry ýer güýçleriniň gelmegi we basyp alyşlygyň başlamagy sebäpli ýurduň geljegine howp abanýandygyna göz ýetiren watansöýer adamlar herekete geçmäge mejbur boldy. Stambulda gizlinlikde maslahatlar geçiren watansöýerlerden biri hem Mustafa Kemal serkerdedi. Çanakgalada kabul eden möhüm kararlary bilen basyp alyjy güýçleriň ýeňilmeginde esasy rol oýnan Mustafa Kemal serkerdäniň ady söweş ýyllarynda Anadolyda giňden tanalmaga başlanypdy.
Mustafa Kemal Wahdettin soltanyň şazadalyk döwründe harby kömekçisi hökmünde onuň bilen birnäçe syýahada gatnaşandygy üçin köşk tarapyndan hem ýakyndan tanalýardy. Basyp alyjy güýçleriň gamileriniň paýtagta çenli gelmegi sebäpli Wahdettin soltan basyp alyjy güýçleriň basyşy bilen Anadolyda howpsyzlygyň üpjün edilmegi üçin Mustafa Kemaly Anadola ugdarýar. 1919-njy ýylyň 19-njy maýynda Mustafa Kemal Samsuna barýar. Grek goşuny hem İzmiri basyp alyp goňşy welaýatlara tarap öňe barýardy. Şol garaňky günlerde Samsuna baran Mustafa Kemal Amasýa jarnamasy hökmünde taryhda öçmejek yz galdyran jarnamasy bilen türk halkynyň asla ýesip edilip bilinmejekdigini, watana howp abanýandygy üçin milli güýçleriň jemlenişmegi barada çagyryş berýär.
Çagyryşa laýyklykda ýurduň çar tarapyndan bir ýere jemlenişmäge başlan Milli güýçler guramasyna uly goldaw berilýär. Siwas we Eruzum kongreslerinde kabul edilen kararlara laýyklykda Ankarada Milli Mejlis döredilýär. Ýurduň dürli künjeginden Ankara gelen we Mejlisiň täze saýlanan agzalary hökümetiň gurulmagy we türk goşunyň döredilmegi barada karar kabul edýär. 1-nji we 2-nji İnöni söweşlerinde grek güýçlerine berk garşylyk görkezilýär. Şol döwürde Çerkez Ethemiň ýolbaşçylyk etmegindäki milli toparlar basyp alyjy güýçlere garşy gaýduwsyz söweşýär. Anadoly basyp almak we türk hökümetini ýok etmek islän iňlis güýçleri hem Sakarýada yzyna serpikdirilýär. Türki, lazy, kürdi we çerkezi bilen birlikde Anadolyda halkyň öz ykbalyny we geljegini özüniň kesgitlejekdigini bütin dünýä subut edýär. 1922-nji ýylda has güýçlenen milli goşun 26-njy awgustda başlan “Uly hüjümiň” netijesinde basyp alyjy güýçleri agyr ýeňilişe sezewar edýär. 4 günüň dowamynda ähli front liniýalarynda yzly-yzyna gazanylan ýeňişler bilen 30-njy awgustdaky Baş serkerdelik söweşi urşunuň netijesi kesgitlendi. İzmiriň basyp alyjy güýçlerden halas edilmeginiň öňi açyldy. Basyp alyjy güýçler janyny halas etmek üçin geçen ýerlerini ýykyp ýumurýardy. Ýesir alynanlaryň arasynda grek baş serkerdesi Trikopis hem bardy.9-njy sentýabrda İzmir basyp alyjy güýçlerden dolulygyna halas edilýär. Mudanýada ýeňiji döwletler bilen baglaşylan parahatçylyk şertnamasyna laýyklykda Stambul bilen Frakiýa söweşilmezden halas edildi.
Gazanylan uly ýeňişden soň 1-nji jahan urşy sebäpli emele gelen şertleriň ortadan aýrylmagy we Osman imperiýasynyň dargamagy bilen Türkiýe Respublikasyna tarap barýan ýolda aýgytly ädim edilýär.
Garaşsyzlygyň kepilnamasy bolan gahryman türk goşuny we türk halky 30-njy awgust ýeňiş baýramyny belläp geçýär. Beýik ýeňişiň gazanylmagynda watan üçin gahrymanlarça söweşip şehit bolan we bu gözel ýurdy bize sowgat eden şehitlerimizi we gahrymanlarymyzy uly hormat bilen ýatlaýarys.



Etiketkalar:

Degişli Habarlar