Syýahatçylyk hepdeligine bagyşlanan ýörite gepleşik

Aprel aýynyň 15-i bilen 22-si aralygy Türkiye Respublikasynda syýahatçylyk hepdeligi diýlip kabul edildi

236794
Syýahatçylyk hepdeligine bagyşlanan ýörite gepleşik

Şu günki günlerde Türkiýede syýahatçylyk hepdeligi bellenilip geçilýär. Aprel aýynyň 15-i bilen 22-si aralygy Türkiye Respublikasynda syýahatçylyk hepdeligi diýlip kabul edildi. Syýahatçylyk - ösüp barýan ýurtlaryň ykdysadyyeti üçin senagatyň tüsseçykarsyz görnüşidir. Ýurtlaryň ösüp-özgermek, girdejini artdyrmak ýaryşynda syýahatçylyk pudagy wajyp orun eýeleýär. Türkiýäniň ykdysadyýet pudagynda onuň güýji örän uly. Ulag gatnawy, myhmanhana dolandyrylyşygy, azyk senagaty, muzeýdir taryhy ýerler ýaly ykdysadyýete degişli ençeme ugurlar syyahatçylyk pudagyndan gelýän girdejiden öz paýyny alýar.
Ýurduň içinde syýahatçylygyň täsiri astynda galmaýan pudak yok diýseňem bolýar. Döwlet hem iş göwrümleri barha artýan gatnawdaky ulaglardan başlap, azyk önümlerine çenli köp görnüşli pudaklara salynýan salgytdan uly girdeji gazanýar. Netijede hem dowletiň hem-de raýatlaryň girdejisi artýar. Syýahatçylyk ýurduň ösmegi üçin gerekli serişdeleriň belli bir bölegini öz üstüne almak bilen, raýatlaryň bol-elinlikde ýaşmagyna goşant goşýar. Syýahatçylygyň üsti bilen gazanylan girdejiniň kömegi bilen döwlet özüniň maýa goýumlary üçin goşmaça serişde edinýär.
Syýahatçylykda girdejini artdyrmagyň iň aňsat ýoly - otag sanlarynyň artdyrylmagy we olaryň hilleriniň ýokarlandyrylmagy. Bu ugurda Türkiýäniň ähli ýerinde döwetiň goldawy arkaly wajyp işler alynyp barylýar. Bir tarapdan hususy pudagyň, beýleki tarapdan hökümetiň tagallasy netijesinde syýahatçylyk pudagy ýurduň girdejili pudaklaryň esasylarynyň birine öwrülýär.
Syýahatçylyk diňe bir tomusky dynç alyş diýlip pikir etmeli däl. Eýsem Türkiýede soňky ýyllaryň dowamynda turizmiň şypahana we kongres ugurlarynda öňe gidişlikler görülýär. Saglyk turizmi hem ösüşde. Ýewropadan başlap Balkanlara we Ýakyn Gündogara çenli uzap gidýän sebitlerden gelen adamlara bejeriş maksady bilen syýahatçylyk hyzmaty hödürlenýär. Bahasy we hyzmat derejesi ýurdy bu ugurda-da öňe çykarýar. Sport syýahatçylygy hem möhüm ugurlaryň biridir. Türkiýe Lyža merkezleri we derýa syýahatçylygy ugrunda-da uly potensiala eýe. Şol sebäpli Türkiýäniň ähli ýerinde syýahatçylyk pudagyny ösdürip bolýar. Sport toparlarynyň tomusky we gyşky türgenleşikleri üçin Türkiýäni saýlamagy, halkara medianyň goldawy bilen ýurduň syýahatçylyk pudagynyň tanyşdyrylmagyna ýardam edýär. Dünýäniň ady belli futbol komandolarynyň Türkiýede türgenleşik geçirmekleri telewideniýäniň, radionyň we gazetleriň habarlaryna çykmagyna sebäp bolýar. Ýurduň syýahatçylyk pudagy aýlawly ýollardan bolsada tanyşdyrylýar. Syýahatçylyk pudagynyň görnüşleriniň köplügi we ýylyň 12 aýyna bölünmegi bilen pudagyň hemişe açyk galmagyna mümkinçilik döredýär.
Türkiýä tomusda dynç almak üçin Russiýadan, Germaniýadan, Arap ýurtlaryndan we Uzak Gündogardan syýahatçylar gelýär. Şol bir myhmanhananyň içinde arap we jöhit syýahatçylary görmek bolýar. Dynç almaga gelýän syýahatçylardan “Dynç almak üçin näme sebäpli Türkiýäni saýladyňyz?” diýlen soraga: “Türkleriň syýahatçylaryň öňündäki edim-gylymy, Türkiýäniň medeni baýlyklary we gözel tebigaty” sebäpli diýip jogap berýärler. Potensiallaryny artdyrjak meselelerde adamlary habardar edip, ýurduň syýahatçylyk pudagynyň girdejisini atrdyryp bolýar. Öňünden syýahatçy çykan her bir adam güler ýüzüni, türkleriň häsýetinde ozaldanam bar bolan myhmansöýerligini görkezmeli. Syýahatçylaryň göwnüne degmeli däl, olary aldamaly däl. Bu hereketler adamlaryň ählisi tarapyndan erbet görüljek hereketler. Şular ýaly erbet hereketleriň öňi alynmaly, syýahatçylaryň aldanylmagyna ýol berilmeli däl. Daşary ýurtda ýaşaýan türk raýatlary goňşularyna we dostlaryna öz ýurdy barada gürrüň berip bilerler. Biziň diňleýijilerimiziň arasynda hem dynç alan bar bolsa, Türkiýede başyndan geçiren gowy ýatlamalaryny dostlaryna we tanyşlaryna gürrüň berip, adamlaryň bu ýurda dynç almaga gelmekleri üçin bir neme hemaýat edip bilerler.
Türk bolsun ýa-da başga bir milletden bolsun güneşi, tebigaty, medeni baýlyklary bolan Türkiýäniň meýletin ilçisi boljaklara ýalkymly salam!


Etiketkalar:

Degişli Habarlar