Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä günü

Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanan ýörite gepleşik

84122
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä günü

Şu gün 5-nji iýun Daşky gurşawy goramak boýunça bütindünýä güni.
Dünýäniň köp sanly ýurdunda bolşy ýaly Türkiýede hem şu ýörite günde halk köpçüliginiň dykgatyny daşky gurşawy goramak meselelerine çekmek üçin çäreler geçirilýär, okuwlar, maglumat weriş işleri geçirilýär.
BMG 1972-nji ýylda Şwedsiýanyň paýtagaty Stokgolmda 133 ýurduň gatnaşmagynda geçiren maslahatynda 5-nji iýuny “Daşky gurşawy goramak boýunça bütindünýä güni” hökmünde yglan edilmegini bir agyzdan ykrar etdi. Şeýlelikde ýer ýüzündäki serişdeleriň netijeli sarp edilmegi we dünýäniň geljegi barasyndaky aladalanmalar ilkinji gezek şeýle ýokary gatnaşykda gün tertibine getirildi. 1972-nji ýyldaky maslahatda birsydyrgyn ösüş, adamlaryň ýaşaýyş durmuşlaryny dowam etdirip bilmekleri üçin gerek bolan serişdeleri täzeden işlenip bilinjek görnüşde, geljek nesilleri göz öňünde tutup sarp etme mejburlygy kabul edilýär. BMG-nyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy UNEP döredilýär we daşky gurşaw boýunça halkara hyzmatdaşlygyna öňbaşçylyk etme jogapkärçiligini öz üstüne alýar.

Adamogly asyrlar boýy durmuş şertlerini gowulandyrmak, ýeňilleşdirmek üçin göreşipdir. Tebigy serişdeler tehnologiýanyň, senagatyň ösmegi bilen ulanmaga hödürlenýär. Emma esasanda soňky 100 ýylda düşünjesizlik we äwmezlik bilen sarp edilip, daşky gurşawyň hapalanmagyna, erroziýa sebäp bolupdyr. Tebigatdaky serişdeleriň hemişelik däldigine, täzeden işlenilip bilinýän serişdelerden peýdalanylman halatynda gutarjakdygyna, geljekde öwezi dolunyp bilinmejek meseleleriň ýüze çykjakdygyna göz ýetirilipdir.
Häzirki döwürde howadaky, suwdaky we toprakdaky hapalanma, gynansagam diňe bir adamlaryň däl, eýsem tebigatdaky janly-jandarlaryň durmuşyna ýaramaz täsir ýetirjek çäge ýetdi. Daşky gurşaw meseleleri global derejede howp emele getirýär we çözgüt üçin ähli ýurtlar bilelikde tagalla etmeli. Çagalaryň we ýaşlaryň başda durmagynda jemgyýetiň her bir agzasyna daşky gurşaw barasynda maglumat berilmegi ýokary ähmiýete eýe.

Tebigat bilen utgaşykly ýaşamak, serişdeleriň gutarjakdygyna göz ýetirmek we şoňa şaýyklykda hereket etmek, birsydyrgyn ösüş syýasatyny kabul etmek, goldamak we durmuşa geçirmek, geljek nesillere has amatly, arassa dünýä goýup gitmegiň esasy başlangyçlarydyr. Global ýylylyk, çölleşme, guraklyk ýaly täsirleri görülýän daşky gurşaw meselelerine garşy göreş halkara jemgyýetçiliginiň gün tertibindäki ileri tutulýan umumy ugurlardan biri…
Çölleşme Türkiýäniň degişli bolmagyndaky köp sanly ýurduň sezewar bolan esasy howplardan biri. Bütin dünýäniň üçden bir bölegi, ýa-da başga bir söz bilen aýdylanda 4 milliard gekdardan gowrak ýer çölleşme howpuna sezewar. Şeýlede islegleriniň esasy bölegi üçin ýere garaşly bolan 1,2 milliard adamyň durmuşy we 110 ýurtdaky dünýäniň iň garyplary hem şol bir ykbala eýe. Emma BMG-nyň Daşarky gurşaw boýunça maksatnamasy UNEPİ global derejede çölleşmeden gönüden zyýan çekýän sebitlerde ýyllyk girdeji ýitgisi 42 milliard dollar bolsa, çölleşmä garşy göreşiň ýyllyk gymmaty diňe 2,4 milliard dollardan ybarat.
Açlyk, suwsuzlyk, işsizlik we içerki göç; ýerleri çölleşen bir ýurduň esasy meseleleri. Oba ýerlerinden şäherlere göç ýany bilen ekerançylyk önümçiliginde azalmany we şäherlerde ýokary işsizligi hem alyp gelýär. Şonuň netijesinde ýurduň çar tarapynda işsizlik, girdejide adalatsyzlyk artýar, ýalňyş şäherleşme, daşky gurşawyň hapalanmasy, tebigy serişdeleriň biperwaý sarp edilmegi ýaly meseleler ýüze çykýar. Emma toprak, ýaşamagy ýüzöwrülmesiz şerti, täzeden öndürip bilinmeýän we satyn alynyp bilinmeýän ýeke-täk baýlygymyz. İne şol sebäpden topragy bereketli ýagdaýa getirmek üçin ilki bilen şol topragy goramak, goralýan topragy bejerip, kämilleşdirmek we hassylly ýagdaýa getirmek gerek.
Ekologik meseleleriniň biri hem global ýylylyk we howa çalşygy. Parnik gazynyň zyňylym mukdarynyň azaldylma mejburlygy indi dünýäniň köp sanly ýurdy tarapyndan kabul edilýär. Şol hakykatdan ýola çykylyp häzirki wagta çenli BMG-nyň Klimat çalşygy barasyndaky çarçuwaly konwensiýasy, Kioto şertnamasy, Kopengagen teswirnamasy kabul edildi.
BMG-nyň daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününde halk köpçüliginiň ünsüni belli bir ugra çekmek üçin her ýyl bir temany saýlap alýar. Şu ýylyň temasy bolsa “pikir et, iý, tygşytla.”
Maksat azyk önümleriniň zalaýalanmazlygyny, artykmaç sarp etmegiň öňüni almak we şeýlelikde uglerod zyňylygymynyň azaldylmagyny höweslendirmek.
BMG-nyň Azyk we ekerançylyk düzüminiň beýanatyna görä ýer ýüzünde her ýyl 1,3 milliard tonna azyk ýerliksiz sarp edilýär. Emma dünýädäki her ýedi adamdan biri açlyga sezewar. Suwy, topragy, howasy zaýalanan, hapalanan planetamyz ýedi milliard adamyň ýaşamagy üçin serişde üpjün etmegä çalyşýan bolsa, global azyk önümçiliginiň üçden bir bölegi ýerliksiz sarp edilýär.


Ýerimizi, tokaýlarymyzy, suwarymly meýdanlarymyzy zaýalap, biologik köpgörnüşliligimizi ýok edip, suwumyzy hapalap, aýawsyz saklap dünýämizi gurşap alan howpsuzlyk ulgamyny ýok edýäris.
Tebigy deňagramlylygy bozmak bilen diňe adam oglunyň däl, planetamyzdaky beýleki janly-jandarlara-da howp salýarys. Eger şeýle ýaşamaga dowam edilen halatynda çagalarymyzyň, agtyklarymyzyň, ýagny geljek nesillerimiziň esasy isleglerini kanagatlandyrma mümkinçiliklerini ellerinden aldygymyz bolar. Emma deňagramlylygy, düzgün-tertibi we gözellikleri goralan daşky gurşaw geljek nesillere goýlup gidiljek iň gymmatly mirasdyr.
Ähli janly-jandarlar üçin has eşretli dünýä arzuwy bilen gepleşigimizi geçirip gutarýarys.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar