Bütindünýä banky, Türkiyäniň ykdysadyýeti bilen bagly ösüş çaklamasyny çap etdi

Bütindünýä banky, Türkiyäniň ykdysadyýetiniň şu ýyl 3 göterim, öňümizdäki ýyl bolsa 3,6 göterim ösjekdigini çaklaýar

2127117
Bütindünýä banky, Türkiyäniň ykdysadyýeti bilen bagly ösüş çaklamasyny çap etdi

Bütindünýä banky Ýewropa we Orta Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri bilen bagly habarnama çap etdi. 

Habarnamada gowşaýan global ykdysadyýet, berk pul syýasaty, Hytaýyň ykdysadyýetiniň haýallamagy we pes haryt bahalarynyň ösüş görekzijilerine täsir ýetirmegi sebäpli Ýewropa we Orta Aziýa sebitiniň ösýän we ösüp barýan ykdysadyýetleriniň şu ýyl haýallajakdygyny beýan etdi. 

Russiýa bilen uruş zerarly Ukrainanyň ykdysadyýetiniň ösüşe gönükmegi we Orta Aziýadaky güýçli dikeldiş sebäpli Ýewropa we Orta Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleriniň geçen ýyl 3,3 göterim ösendigi bellenen habarnamada, sebitiň ykdysadyýetiniň ösüş depgininiň şu ýyl 2,8 göterime çenli azalmagyna garaşylýandygy mälim edildi. Habarnamada öňümizdäki ýyl Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetiniň 2,7 göterim ösjekdigi çak edilýär. 

Habarnamada Türkiyäniň ykdysadyýetiniň şu ýyl 3 göterim, öňümizdäki ýyl bolsa 3,6 göterim ösmegine garaşylýandygy mälim edildi.


Etiketkalar: #ykdysadyýet , #Türkiye

Degişli Habarlar