Türkiye ýylyň birinji çärýeginde goňşy ýurtlaryna 5,9 milliard dollar eksport amala aşyrdy
Türkiye şu ýylyň ýanwar-mart aýlary aralygynda goňşusy bolan Bolgariýa, Ermenistana, Gruziýa, Yraga, Eýrana, Siriýa we Gresiýa 5 milliard 948 million 129 müň dollarlyk eksport amala aşyrdy
![Türkiye ýylyň birinji çärýeginde goňşy ýurtlaryna 5,9 milliard dollar eksport amala aşyrdy](http://cdn.trt.net.tr/images/xlarge/rectangle/abe9/8d59/9f81/658e6b93c679a.jpg?time=1722042984)
Türkiyäniň Söwda ministrligi we Türkiyäniň Eksportçylar mejlisi tarapyndan berilen maglumata görä, Türkiyäniň şu ýylyň ilkinji çärýeginde daşary söwdasy 63,7 milliard dollar hökmünde hasaba alyndy.
Bu "birinji çärýekdäki iň gowy eksport" görkezijisi boldy.
Türkiye şu ýylyň ýanwar-mart aýlary aralygynda goňşusy bolan Bolgariýa, Ermenistana, Gruziýa, Yraga, Eýrana, Siriýa we Gresiýa 5 milliard 948 million 129 müň dollarlyk eksport amala aşyrdy.
Ady agzalan görkeziji geçen ýylyň degişli döwründe 5 milliard 99 million dollar derejesindedi.
Şeýlelik bilen, ýanwar-mart aýlarynda bu ýurtlara eksport geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 16,7 göterim ýokarlandy.
Bu döwürde 2 milliard 731 million 316 müň dollar bilen Yraga iň köp eksport edildi.
Degişli Habarlar
![Türkiyäniň ary bal eksporty artdy](http://cdn.trt.net.tr/images/medium/rectangle/e3cf/4642/2645/66a0ce55d5d3d.jpg?time=1722042985)
Türkiyäniň ary bal eksporty artdy
Türkiyäniň ary bal eksporty ýylyň ilkinji 6 aýynda 17,2 million dollardan geçdi
![Hoşboý Ys Pudagynyň Eksporty 113 Million Dollara Barabar Boldy](http://cdn.trt.net.tr/images/medium/rectangle/51d0/24f3/c74f/620a3ae38ccd9.jpg?time=1722042985)
Hoşboý Ys Pudagynyň Eksporty 113 Million Dollara Barabar Boldy
Türkiýe lawr ýapragy we käkilik oty eksportunda dünýäde birinji orny eýeleýär