Günorta Aziýanyň Ykdysadyýetiniň 6 Göterim Ösüş Etmegine Garaşylýar

Bu barasynda Bütindünýä bankynyň habarnamasyna beýan edilýär.

2124108
Günorta Aziýanyň Ykdysadyýetiniň 6 Göterim Ösüş Etmegine Garaşylýar

Bütindünýä bankynyň habarnamasynda geljek iki ýylyň dowamynda Günorta Aziýanyň dünýäniň iň ýokary depginde ösýän sebiti bolmagynda galmagyna garaşylýandygy beýan edilýär.

Onuň esasan Hindistandaky güýçli ösüşden gelip çykýandygyna üns çekilýän habarnamada, ösüşiň beýleki Günorta Aziýa ýurtlarynyň ykdysady ösüşine hem täsiriniň boljakdygy nygtalýar.

Habarnamada Günorta Aziýa sebitiniň ykdysadyýetiniň ösüş mukdarynyň Hindistanyň öňbaşçylygynda Pakistandaky we Şri-Lankadaky ösüşiň täsiri bilen şu ýyl 6 göterime ýetmegine garaşylýandygy beýan edildi.

Üýtgewsiz konstruktiw bökdençlikleriň birsydyrgyn ösüşe zyýan ýetirýändigine üns çekilen habarnamada, sebitiň iş üpjünçiligi we howa ýagdaýlaryna garşy göreş ukybyny çäklendirýändigi beýan edilýär.



Degişli Habarlar