Türkiýäniň Un Eksporty Artýar
Bugdaý uny eksportynda Türkiýe 10 ýyldan bäri birinji orunda durýar.
![Türkiýäniň Un Eksporty Artýar](http://cdn.trt.net.tr/images/xlarge/rectangle/c041/adcb/019d/66052bb58957d.jpg?time=1722046532)
Türkiýe bugdaý uny eksporty soňky 10 ýylda yzygiderli ýagdaýda ösmäge dowam edýär.
Bütin dünýä bankynyň soňky görkezijilerine görä, bugdaý uny eksportynda Türkiýe 10 ýyldan bäri birinji orunda durýar.
Türkiýe 2013-nji ýylda 2,1 million tonna bugdaý eksport etdi.
2016-njy ýyla çenli yzygiderli ýagdaýda artan bugdaý eksporty 3,5 million tonna çenli baryp ýetdi.
2017-2021-nji ýyllarda bugdaý eksportynyň aşaklandygyna garamazdan bu ýagdaý Türkiýäniň halkara bugdaý eksportundaky liderligine ýaramaz täsirini ýetirmedi.
Eksport 2022-nji ýylda 3,1 million tonna barabar boldy.
Eksport ady agzalýan döwürde 43,8 göterim artdy.
Gazagystan, Germaniýa, Özbegistan, Argentina we Hindistan hem bugdaý eksportunda esasy orun eýeleýän ýurtlaryň başynda gelýär.
Degişli Habarlar
![Türkiyäniň ary bal eksporty artdy](http://cdn.trt.net.tr/images/medium/rectangle/e3cf/4642/2645/66a0ce55d5d3d.jpg?time=1722046532)
Türkiyäniň ary bal eksporty artdy
Türkiyäniň ary bal eksporty ýylyň ilkinji 6 aýynda 17,2 million dollardan geçdi
![Hoşboý Ys Pudagynyň Eksporty 113 Million Dollara Barabar Boldy](http://cdn.trt.net.tr/images/medium/rectangle/51d0/24f3/c74f/620a3ae38ccd9.jpg?time=1722046532)
Hoşboý Ys Pudagynyň Eksporty 113 Million Dollara Barabar Boldy
Türkiýe lawr ýapragy we käkilik oty eksportunda dünýäde birinji orny eýeleýär