Standard & Poor's (S&P) Global Türkiyäniň ösüş çaklamasyny ýokarlandyrdy
Halkara kredit derejelendiriş guramasy Standard & Poor's (S&P) Global, 2024-nji ýyl Türkiyäniň ösüş çaklamasyny 3 göterime ýokarlandyrdy
![Standard & Poor's (S&P) Global Türkiyäniň ösüş çaklamasyny ýokarlandyrdy](http://cdn.trt.net.tr/images/xlarge/rectangle/53bd/63e1/b432/6603c148550a2.jpg?time=1722043433)
Standard & Poor's (S&P) Global ABŞ bilen ösüp barýan bazarlar üçin ýylyň 2-nji çärýeginde ykdysady görkezijiler habarnamasyny çap etdi.
Habarnamada ABŞ-nyň ykdysadyýeti bilen baglanşykly zähmet bazarynyň berk durmagy sebäpli ykdysady ösüşiniň 2024-nji ýylda 2,5 göterim bolmagynyň garaşylýandygy mälim edildi.
Habarnamada ösüp barýan ýurtlaryň jemi ykdysady ösüş çaklamasynyň 2024-nji ýyl üçin 4,1 göterimden 4,2 göterime, 2025-nji ýyl üçin bolsa 4,5 göterimden 4,6 göterime ýetirilendigi aýan edildi.
Habarnamada Hytaý bilen bagly ösüş çaklamasy 4,6 göterim derejesinde goraldy, Hindistan üçin bolsa 6,4 göterimden 6,8 göterime çenli ýokarlandyryldy.
Türkiye bilen bagly ösüş çaklamasy bolsa 2024-nji ýyl üçin 2,4 göterimden 3 göterime, 2025-nji ýyl üçin bolsa 2,7 göterimden 3 göterime ýetirildi.
Degişli Habarlar
![Türkiyäniň ary bal eksporty artdy](http://cdn.trt.net.tr/images/medium/rectangle/e3cf/4642/2645/66a0ce55d5d3d.jpg?time=1722043433)
Türkiyäniň ary bal eksporty artdy
Türkiyäniň ary bal eksporty ýylyň ilkinji 6 aýynda 17,2 million dollardan geçdi
![Hoşboý Ys Pudagynyň Eksporty 113 Million Dollara Barabar Boldy](http://cdn.trt.net.tr/images/medium/rectangle/51d0/24f3/c74f/620a3ae38ccd9.jpg?time=1722043433)
Hoşboý Ys Pudagynyň Eksporty 113 Million Dollara Barabar Boldy
Türkiýe lawr ýapragy we käkilik oty eksportunda dünýäde birinji orny eýeleýär