138 Ýurda 3,7 Million Tonna Un Eksport Edildi

Soňky 5 ýylda 6 milliard dollarlyk un eksport edildi.

2103663
138 Ýurda 3,7 Million Tonna Un Eksport Edildi

Türkiýe geçen ýyl 138 ýurda 3,7 million tonna un eksport etdi.

Türkiýäniň Hasabat guramasynyň görkezijilerine görä, soňky 5 ýylda 6 milliard dollarlyk un eksport edildi.

2022-nji ýylda 1 milliard 475 million 408 müň dollara barabar bolan un eksporty geçen ýyl 1 milliard 466 million dollar boldy.

Geçen ýyl 138 ýurda un eksport edildi.

Eksport sanawynda 550 million 801 müň dollar bilen Yrak birinji orny eýeledi.

 


Etiketkalar: #tonna , #eksport , #un

Degişli Habarlar