Türkiyäniň Senagat önümçiligi artdy
Türkiyäniň Senagat önümçiliginiň indeksi 2023-nji ýylyň dekabr aýynda aýlyk görkezijilere görä 2,4 göterim artan bolsa, ýyllyk görkezijilere görä 1,6 göterim artdy
![Türkiyäniň Senagat önümçiligi artdy](http://cdn.trt.net.tr/images/xlarge/rectangle/9830/6012/6035/65c5d38f6f240.jpg?time=1722042731)
Türkiyäniň Statistika guramasy 2023-nji ýylyň dekabr aýy bilen bagly senagat önümçilik indeksiniň netijelerini aýan etdi.
Şoňa laýyklykda senagat pudagynyň bölümleri gözden geçirilende, dekabr aýynda magdan we karýer pudagynyň indeksi 2022-nji ýylyň dekabr aýy bilen deňeşdirilende 1,2 göterim azalan bolsa, önümçilik senagat pudagynyň indeksi 2,1 göterim we elektrik, gaz, bug we kondisioner önümçiligi we paýlanşygy pudagynyň indeksi bolsa 4,5 göterim artdy.
Dekabr aýynda magdan we karýer pudagynyň indeksi noýabr aýyna garanyňda 0,7 göterim azaldy, önümçilik senagat pudagynyň indeksi 2,9 göterim artdy we elektrik, gaz, bug we kondisioner önümçiligi we paýlanşygy pudagynyň indeksi 0,1 göterim azaldy.
Degişli Habarlar
![Türkiyäniň ary bal eksporty artdy](http://cdn.trt.net.tr/images/medium/rectangle/e3cf/4642/2645/66a0ce55d5d3d.jpg?time=1722042731)
Türkiyäniň ary bal eksporty artdy
Türkiyäniň ary bal eksporty ýylyň ilkinji 6 aýynda 17,2 million dollardan geçdi
![Hoşboý Ys Pudagynyň Eksporty 113 Million Dollara Barabar Boldy](http://cdn.trt.net.tr/images/medium/rectangle/51d0/24f3/c74f/620a3ae38ccd9.jpg?time=1722042731)
Hoşboý Ys Pudagynyň Eksporty 113 Million Dollara Barabar Boldy
Türkiýe lawr ýapragy we käkilik oty eksportunda dünýäde birinji orny eýeleýär