Türk losos balygynyň eksporty artdy
Türk losos balygynyň eksportyndan ýyllyk görkezijilere görä 59 göterim artyp 11 millin dollardan gowrak girdeji alyndy
![Türk losos balygynyň eksporty artdy](http://cdn.trt.net.tr/images/xlarge/rectangle/18db/7ced/bcf8/65c20b1a1d0aa.jpg?time=1722043260)
Gündogar Gara deňiz eksportçylar bileleşiginiň dolanşyk geňeşiniň başlygynyň orunbasary Ahmet Hamdi Gürdogan, Gündogar Gara deňiz sebitinden dünýäniň 10 ýurduna 2 müň 251 tonna türk losos (Gyzylbalyk) balygynyň eksport edilendigini habar berdi.
Şol eksportdan 11 million 240 müň 719 dollar girdeji alynandygyny aýdan Gürdogan, eksportdan geçen ýyl 914 tonna üçin 7 million 77 müň 917 dollar girdeji alynandygyny, şu ýyl geçen ýyl bilen deňeşdirilende bolsa mukdar boýunça 146 göterimlik, gymmatlyk taýdan bolsa 59 göterim artyş bolandygyny mälim etdi.
Ahmet Hamdi Gürdogan: "Sebitimizden şu ýylyň ilkinji aýynda 10 ýurda türk losos balygy eksport edildi. Şol ýurtlaryň arasynda Russiýa Federasiýasy, Wýetnam we Ýaponiýa ýaly ýurtlar sanawyň ilkinjileridir. Russiýa Federasiýasyna 6 million 859 müň 369 dollarlyk, Wýetnama 2 million 706 müň 33 dollarlyk we Ýaponiýa 1 million 266 müň 514 dollarlyk losos balyk eksport edildi" diýip habar berdi.
Degişli Habarlar
![Türkiyäniň ary bal eksporty artdy](http://cdn.trt.net.tr/images/medium/rectangle/e3cf/4642/2645/66a0ce55d5d3d.jpg?time=1722043260)
Türkiyäniň ary bal eksporty artdy
Türkiyäniň ary bal eksporty ýylyň ilkinji 6 aýynda 17,2 million dollardan geçdi
![Hoşboý Ys Pudagynyň Eksporty 113 Million Dollara Barabar Boldy](http://cdn.trt.net.tr/images/medium/rectangle/51d0/24f3/c74f/620a3ae38ccd9.jpg?time=1722043260)
Hoşboý Ys Pudagynyň Eksporty 113 Million Dollara Barabar Boldy
Türkiýe lawr ýapragy we käkilik oty eksportunda dünýäde birinji orny eýeleýär