Halkara Pul Gaznasy Türkiyäniň ösüş çaklamasyny beýan etdi

Halkara Pul Gaznasy Türkiyäniň ykdysadyýetiniň şu ýyl 3,1 göterim, öňümizdäki 2025-nji ýylda bolsa 3,2 göterim ösüş etmegine garaşylýandygyny habar berdi

2095612
Halkara Pul Gaznasy Türkiyäniň ösüş çaklamasyny beýan etdi

Global ykdysady ösüş çaklamasyny şu ýyl üçin 2,9 göterimden 3,1 göterime çenli ýokarladan Halkara Pul gaznasy Dünýä ykdysady perspektiwasy hasabatyny hem täzeledi. 

Bu karara ABŞ-nyň we käbir iri we ösýän ýurtlaryň ykdysadyýetleriň garaşylýandan has çydamly bolmagynyň we Hytaýdaky maliýe goldawyň täsiri boldy. 

Hasabatda ABŞ-nyň ykdysadyýeti üçin ösüş çaklamasy 2024-nji ýylda 1,5 göterimden 2,1 göterime çenli ýokarladyldy, Ýewro sebitiniň ykdysadyýetiniň ösüş çaklamasy bolsa şu ýyl 1,2 göterimden 0,9 göterime çenli aşakladyldy. 

Halkara Pul Gaznasy Türkiyäniň ykdysadyýetiniň şu ýyl 3,1 göterim, öňümizdäki 2025-nji ýylda bolsa 3,2 göterim ösüş etmegine garaşylýandygyny habar berdi. 



Degişli Habarlar