Türkiye bilen Azerbaýjanyň arasyndaky söwda gatnaşyklary ösýär

Türkiye bilen Azerbaýjanyň arasyndaky daşary söwda kuwwady 2023-nji ýylda 2022-nji ýyla garanyňda 31 göterim artyp, 7,65 milliard dollara ýetdi

2092008
Türkiye bilen Azerbaýjanyň arasyndaky söwda gatnaşyklary ösýär

Azerbaýjanyň Döwlet Gümrük komitedi tarapyndan berilen maglumata görä Türkiye Italiýadan soň Azerbaýjan bilen iň köp söwda eden 2-nji ýurt boldy. Azerbaýjan Italiýa bilen 15,68 milliard dollar möçberinde, Türkiye bilen 7,65 milliard dollar möçberinde söwda geleşiklerini amala aşyrdy.

Azerbaýjan bilen iň köp söwda eden 3-nji ýurt bolsa 4,35 milliard dollar bilen Russiýa boldy.

Türkiye bilen Azerbaýjanyň arasyndaky söwda mukdary 2022-nji ýylda 5,84 milliard dollara ýetipdi. 2023-nji ýylda amala aşyrylan 7,65 milliard dollarlyk görkeziji bilen iki ýurduň arasyndaky söwda mukdary 2022-nji ýyla garanyňda 31 göterim artdy.

Komitet tarapyndan berilen maglumata görä Azerbaýjan 2023-nji ýylda dünýäniň 193 ýurdy bilen 51,18 milliard dollar möçberinde söwda mukdaryna ýetdi. 


Etiketkalar: #söwda , #Türkiye , #Azerbaýjan

Degişli Habarlar