Türkiýeden 96 Ýurda 151 Million 568 Müň Dollarlyk Fystyk Eksport Edildi

Fystyk eksportunda Germaniýa esasy orun eýeledi

2087024
Türkiýeden 96 Ýurda 151 Million 568 Müň Dollarlyk Fystyk Eksport Edildi

Türkiýeden 2023-nji ýylda 96 ýurda fystyk eksport edildi.

Datlylardan naharlara çenli birnäçe tagamda ulanylýan fystyk esasan Şanlyurfada we Gaziantepde ösdürlip ýetişdirilýär.

Germaniýanyň, Italiýanyň, Yragyň, Gyrgyzstanyň, Hytaýyň, Täjigistanyň, Britaniýanyň, Albaniýanyň, Kataryň, Hindistanyň, Türkmenistanyň, Şweýsariýanyň, Ispaniýanyň, Polşanyň, Maltanyň, Ýaponiýanyň, Kubanyň we Ruminiýanyň başda durmagynda 96 ýurda 10 müň 390 tonna fystyk eksport edilip 151 million 568 müň dollarlyk girdeji gazanyldy

Günorta-gündogar Anadoly eksportçy bileleşikleriniň görkezijilerine görä, 2022-nji ýylda 179 million 695 müň dollarlyk fystyk eksport edilipdi.

Fystyk eksportunda Germaniýa esasy orun eýeledi

Germaniýa geçen ýyl 36 million 9 müň dollarlyk fystyk eksport edildi.

Germaniýadan soň sanawda 22 million 460 müň dollar bilen İtaliýa ikinji, 12 million 628 müň dollar bilen Yrak üçünji orny eýeledi.



Degişli Habarlar