Gabarda Günlük Nebit Önümçiligi 25 Müň Barrele Ýetdi

Türkiýäniň Nebitleri paýdarlar jemgyýeti (TPAO) Şyrnak welaýatyndaky Gabar dagynda günlük nebit önümçiliginiň 25 müň barrele ýetendigini habar berdi.

2054645
Gabarda Günlük Nebit Önümçiligi 25 Müň Barrele Ýetdi

TPAO sosial media platformasy X arkaly beren wideo habarnamasynda, “Energetikada garaşsyz Türkiýe maksadymyza tarap, aý-ýyldyzly baýdagymyzyň kölegesinde dag, daş, gije, gündiz diýmän tagallamyzy dowam etdirýäris” diýilýär.

Gabar taslamasynda günlük nebit önümçiliginiň 25 müň barrele ýetendigine üns çekilýän habarnamada, TPAO-nuň Baş müdiri Melih Han Bilginiň; “Ýurdumyzyň ykdysadyýeti we guramamyz üçin uly gymmatlyk öndürilýär. Ýylyň ahyryna çenli maksadymyz günlük önümçiligi Gabarda 35 müň barrele ýetirmek. 2024-nji ýylyň ahyryna çenli bolsa Gabarda günlük 100 müň barrel öndürmek. Biz bu maksada ýetmek üçin bar güýjümiz we egindeşlerimiz bilen gije gündiz işleýäris” diýen sözlerine orun berilýär.



Degişli Habarlar