Türkiye Rumyniýa tebigy gaz eksport eder

Türkiyeden Rumyniýa gündelik 4 million kub metre çenli tebigy gaz eksport edilmegi barada ylalaşyk gazanyldy

2042811
Türkiye Rumyniýa tebigy gaz eksport eder

BOTAŞ kärhanasyndan berilen beýanatda: "BOTAŞ sebitiň iň uly energetika kärhanalarynyň biri bolan OMV Petrom bilen möhüm ylalaşyk gazandy. Günlik 4 million kub metre çenli tebigy gaz eksport ediljek, senesi 2025-nji ýylyň 31-nji martynda tamam boljak ylalaşygyň çäginde Türkiyeden Rumyniýa tebigy gaz geçiriji turbalar bilen gaz eksporty 1-nji oktýabrda başlar" diýip habar berildi. 

Beýanatda taraplaryň tebigy gaz söwdasy bilen birlikde geçirmek, saklamak, öndürmek we ýaşyl energiýa tehnologiýalary ugrunda hem hyzmatdaşlyklaryny giňeltmek babatynda hem ylalaşyga gelendikleri bellenip: "Şu günki güne çenli turba geçirijileriň üsti bilen sebitiň ýurtlary bolan Gresiýa, Bolgariýa we Wengriýa tebigy gaz eksporty bilen baglanşykly möhüm ylalaşyklar gazanan BOTAŞ, gaz eksport edýän ýurtlara Rumyniýany hem goşup, goňşy bazarlarda we Ýewropada energiýa üpjünçiliginiň howpsuzlygyna we dürlüligine goşan goşandyny berkitdi" diýip mälim edildi. 

Türkiye Wengriýa bilen awgust aýynda, Bolgariýa bilen bolsa ýanwar aýynda tebigy gaz eksporty boýunça ylalaşyk resminamasyny baglaşypdy. 



Degişli Habarlar