Halkara Kredit Derejelendiriş Guramasy, Türkiýäniň Ösüş Çaklamasyny Artdyrdy

Türk ykdysadyýetiniň şu ýyl  4,2 göterim, geljek ýyl hem 3 göterim ösmegine garaşylýar

2031680
Halkara Kredit Derejelendiriş Guramasy, Türkiýäniň Ösüş Çaklamasyny Artdyrdy

Halkara kredit derejelendiriş guramasy Moodys, Türkiýäniň ykdysadyýeti üçin şu ýylky ösüş çaklamasyny 2,6 göterimden 4,2 göterime we geljek ýyl üçin bolsa 2 göterimden 3 göterime çykardy.

Moodys, Halkara makro görkezijiler 2023-2024 habarnamasynyň awgust aýyndaky görkezijilerini çap etdi.

 Habarnamada, türk ykdysadyýetiniň şu ýyl  4,2 göterim, geljek ýyl hem 3 göterim ösmegine garaşylýandygy nygtaldy.

Gurama, maý aýyndaky habarnamasynda bolsa, türk ykdysadyýetiniň şu ýyl 2,6 göterim we geljek ýyl hem 2 göterim ösmegine garaşylýandygyny mälim edipdi.

 



Degişli Habarlar