Russiýanyň Merkezi Banky Içerki Bazarda Walýuta Aluwyny Bes Etdi

Russiýanyň Merkezi banky “maliýe bazarlaryndaky durnuksyzlygy azaltmak üçin” ýylyň ahyryna çenli içerki bazarda walýuta aluwyny bes etmek hakynda karar kabul etdi.

2022797
Russiýanyň Merkezi Banky Içerki Bazarda Walýuta Aluwyny Bes Etdi

Bankyň ýazmaça beýannamasynda 10-njy awgustdan ýylyň ahyryna çenli içerki bazarda býujet düzgünlerine laýyklykda edilýän walýuta aluwlarynyň bes ediljekdigi habar berildi.

Kararyň maliýe bazarlaryndaky durnuksyzlygy azaltmagy maksat edinýändigine üns çekilýän beýannamada, walýuta aluwyna maliýe bazarlaryndaky şertlere görä gaýtadan başlanyp bilinjekdigi nygtaldy.

Amerikan dolary/rubl pariteti düýn 2022-nji ýylyň mart aýtyndan bäri ilkinji gezek 98 derejesinden geçipdi.

Russiýanyň býujet düzgünlerine gröä nebitden we tebigy gazdan alynýan girdejiler azalandygy üçin Milli abadançylyk gaznasyndan walýuta satylýan bolsa, girdejiler artan mahaly walýuta alynýar.

 



Degişli Habarlar