Russiýada Türkiyede dynç almak isleýän adamlaryň sany artýar

Russiýada, Türkiyede dynç almak üçin satylýan dynç alyş bukjalarynyň satuwy artýar

1987301
Russiýada Türkiyede dynç almak isleýän adamlaryň sany artýar

Russiýanyň Syýahatçylyk senagaty bileleşiginden berilen beýanatda, rus syýahatçylaryň Türkiyede dynç almak üçin bildirýän talaplarynyň maý aýynda garaşylandan az bolandygy mälim edildi. 

Syýahatçylyk zolaklaryndaky bahalaryň rus syýahatçylar üçin ýaňadandan amatly derejä ýetendigi bellenen beýanatda: "Indi bolsa Russiýada, Türkiyede dynç almak üçin satylýan dynç alyş bukjalarynyň satuwy artýar" diýip habar berildi. 

Pudagyň wekilleri Türkiyede dynç almak üçin satylýan dynç alyş bukjalarynyň satuwlarynyň artmaga başlandygyny we görkezijiniň maý aýynyň ahyrynda has hem ýokarlanjakdygyny beýan etdiler. 

Türkiyä geçen ýyl 5 million 200 müňden gowrak rus syýahatçy gelipdi. 



Degişli Habarlar