Fatih Burawlaýyş Gämisi Amasra-3-de Burawlaýyş Işlerine Başlady

Fatih burawlaýyş gämisi, Sakarýa gaz giňişliginde burawlaýyş işlerine başlady

1983594
Fatih Burawlaýyş Gämisi Amasra-3-de Burawlaýyş Işlerine Başlady

Türkiýe Nebitleri firmasy TPAO, Fatih burawlaýyş gämisiniň Amasra-3-de burawlaýyş işlerine başlandygyny habar berdi.

TPAO-nyň Twitterden beren habarnamasynda “Türkiýäniň buýsanjy bolan Fatih gämisi, Amasra-3-de. Fatih burawlaýyş gämisi, Sakarýa gaz giňişliginde täze tapylan Amasra-3 guýusynda burawlaýyş işlerine başlady. Energetika pudagy boýunça garaşsyz bolmagy maksat edinýän Türkiýe, maksadyna ýetmek üçin guryýerde we deňizde gözleg işlerini dowam etdirýär” diýildi.



Degişli Habarlar