HPG Global Ykdysady Ösüş Çaklamasyny Aşaklatdy

Halkara pul gaznasy "Dünýäniň ykdysady panoramasy" habarnamasyny çap etdi.

1973558
HPG Global Ykdysady Ösüş Çaklamasyny Aşaklatdy

Halkara pul gaznasy global ykdysady ösüş çaklamasyny üstümizdäki ýyl üçin 2,9 göterimden 2,8 göterime, 2024-nji ýyl üçin bolsa 3,1 göterimden 3 göterime aşaklatdy.

HPG, Dünýäniň ykdysady panoramasy habarnamasynyň 2023-nji ýylyň aprel aýyndaky sanyny “Agyr dikeliş” söz başysy bilen çap etdi.

Habarnamada Russiýanyň Ukrainada başladan söweşinden soň gymmatly metallaryň nyrhlarynyň durnuklaşandygy, emma söweşiň dowam edýändigi we geosyýasy dartgynlygyň ýokarydygyna üns çekildi.

Habarnamada; “Aşaklan azyk we energiýa nyrhlary bilen kadalaşan üpjünçilik zynjyrynyň işleýiş depgininden gelip çykýan oňyn wakalara garamazdan, maliýe pudagyndaky soňky durnuksyzlyklar bilen ýüze çykan näbellilikler bilen howplar azalýar” diýilýär.

HPG-niň habarnamasynda geçen ýyl 3,4 göterim ösendigi çaklanylýan dünýä ykdysadyýetiniň, şu ýyl 2,8 we 2024-nji ýylda 3 göterim ösüş etmegina garaşylýandygy nygtalýar.

 



Degişli Habarlar