Türkiýe 10,5 Million Dollarlyk Gyzyl Burç Eksport Etdi

Türkiýäniň üwelen gyzyl burç eksport 2022-nji ýylda öňki ýyl bilen deňeşdirilende 14 göterim ýokarlap, 10,5 million dollardan geçdi.

1931826
Türkiýe 10,5 Million Dollarlyk Gyzyl Burç Eksport Etdi

Günorta-gündogar Anadoly eksportçular bileleşiginiň görkezijilerine görä Türkiýeden 2021-nji ýylda 9,2 million dollarlyk üwelen gyzyl burç eksport edildi.

2022-nji ýylda bolsa eksport öňki ýylyň görkezijilerinden 14,3 göterim köp bolup, 10,5 million dollardan geçdi.

Germaniýa, Britaniýa, Fransiýa, Norwegiýa, Özbegistan, Nigeriýa, Malta, Russiýa, ABŞ we İtaliýa bilen bilelikde 104 ýurda 4,241 tonna üwelen gyzyl burç eksport edildi.

Geçen ýyl gyzyl burç eksportunda birinji orny 2,3 millon dollar bilen Germaniýa eýeledi.



Degişli Habarlar