HPG Ykdysady Ösüşiň Ýylyň Ahyrynda Kadalaşmaga Başlamagyna Garaşýar

Halkara pul gaznasynyň (HPH) Başlygy Kristalina Georgiýewa global ykdysady ösüşiň ýylyň ahyrynda kadalaşmaga başlajakdygyny beýan etdi.

1932121
HPG Ykdysady Ösüşiň Ýylyň Ahyrynda Kadalaşmaga Başlamagyna Garaşýar

Georgiýewa guran metbugat ýygnagynda global ykdysadyýet boýunça analiz berdi.

Global ösüşdäki soňky aşaklamalaryň durjakdygyny beýan eden Geogriýewa, ykdysady ösüşiň depgininiň geljek ýyl ýokarlamagyna garaşýandygyny aýtdy.

Georgiýewa “dünýä ykdysadyýetiniň üstündäki tupan bulutlarynyň ýakyn gelejekde dargajakdygyna” ünsi çekip; “Agyr şertleriň ýeňip geçdik diýip çak edýäris” diýdi.

HPG-niň 2023-nji ýyl üçin 2,7 göterimlik ösüş çaklamasyny aşaklatmagyna garaşylmaýandygyny beýan eden Georgiýewa; “2023-nji ýylyň ahyrynda, tama edýaris 2024-nji ýylda ösüş depgininiň ýokarlamaga başlajakdygyny göreris” diýdi.



Degişli Habarlar