Türkiýäniň Germaniýa amala aşyrýan eksporty artdy

Türkiyäniň Germaniýa amala aşyran eksporty geçen ýyl 18 milliard 910 million dollar bilen ähli wagtlaryň iň ýokary görkezijisine ýetdi

1929546
Türkiýäniň Germaniýa amala aşyrýan eksporty artdy

Türkiyeden Germaniýa geçen ýyl iň köp eksport 4 milliard 390 million dollar bilen awtoulag senagatynda ýerine ýetirildi. 

Awtoulag senagatyndan soň 3 milliard 635 million dollar bilen taýar egin eşik, 2 milliard 11 million dollar bilen demir we demirden daşary metallar, 1 milliard 362 million dollar bilen elektrik we elektron enjamlar, 1 milliard 309 million dollar bilen himiki maddalar we önümleri boldy. 

Germaniýa gymmatlygy taýdan iň köp eksport artyşy 414 million 677 müň dollar bilen demir we demirden daşary metallar pudagynda amala aşyryldy. 

Germaniýa polat pudagy boýunça geçen  ýyl 903 million 517 müň dollar derejesinde eksport ýerine ýetirildi. 


Etiketkalar: #Türkiye , #Germaniýa , #eksport

Degişli Habarlar